Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


TENTEKLIK, at. Tentek bolmaklyk, tentek  häsiýetlilik. Tenteklik edip okuwdan galma!  TENTIREKLEMEK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet597/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   593   594   595   596   597   598   599   600   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

TENTEKLIK, at. Tentek bolmaklyk, tentek 
häsiýetlilik. Tenteklik edip okuwdan galma! 
TENTIREKLEMEK
işl., 
gepl.d., 
ser. 
Entireklemek. 1. Garry serhoş ýaly bolup, 
tentirekläp, öýüne ugrapdyr (Halk ertekisinden). 
TEŇsyp. Agyr, kyn (hal, mydar, durmuş we ş.m. 
hakynda). Sözlemesem, gaýta işim teň bolur (Mätäji). 
TEŇLIK, at. Haly teň bolmaklyk. Halymyň bu 
teňligin, egsilmez dükança aýt (Magtymguly). 
TEŇŇE I, at, 1. kön.s. Ownuk kümüş pul. Ol
işläp-işläp ahyry bäş ýüz teňňe gazanypdyr 
(

Türkmen halk ertekileri

). Birniçe adam bar, ýygar 
teňňäni, Özüne taý görmän, gezer öňňäni 
(Magtymguly). 2. Milli manadyň ýüzden bir bölegine 
deň bolýan ownuk pul, köpük. 
TEŇŇE IIat. Balygyň we ş.m. käbir jandarlaryň 
apbasy görnüşli beden örtügi, ýuka gabygy. Ol 
balygyň teňňelerini pyçak bilen gyrdap arassalady. 
TEŇŇEBALYK [teňňeva:lyk], at. Balygyň bir 
görnüşi, kepir. Ol suwdan bir teňňebalyk tutupdyr. 
TEORETIK [teýore:tik], at. Teoriýanyň 
meseleleri bilen meşgullanýan alym.
TEORETIKI [teýore:tiki], syp. Teoriýa 
esaslanýan, teoriýa degişli. Teoretiki ylmy barlaglar. 
TEORIÝA [teýo:riýa], at. Praktiki tejribäni 
jemleýän we tebigatyň, jemgyýetiň, pikirlenişiň 
kanunalaýyklyklaryny şöhlelendirýän taglymat, 
ylmy ýörelgeleriň, ideýalaryň sistemasy (çylşyrymly 
ulgamy). 
TEPBET, at.Howurly gurak semal, epgek.  

Tepbedini okamak ýok etmek, gümüni 
çekmek, öldürmek. 
TEPERRIK, at. Köplenç, dini adamlaryň 
zadyndan ýetýän paý, bölek, dadymlyk. Allan-allan 
etdigim, Alladan diledigim, Eýäm beren teperrik
Seni allaladygym (Hüwdi). 
TER, syp. Ýaş, täze, myssyk däl, täzeligini 
ýitirmedik, solmadyk, süllermedik (ösümlik, miwe 
we ş.m. hakynda). Gün düşmedik ter öleňli, Çeşmeli 
çaýlar 
görüner 
(Magtymguly). 
Öpsem 
ki 
ýaňagyndan, Ter alma, enardyr diýip (Mollanepes). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   593   594   595   596   597   598   599   600   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling