TEREZIBAN [tereziva:n], at, kön.s., ser.
Tereziçi. Açylar işigi dowzah üstünde, Tereziban
halyn bildi, ýaranlar (Magtymguly).
TEREZIÇI, at.1. Terezide önüm, zat çekýän
adam. 2. Bazarda terezini saklaýan we satyjylara
terezi berýän adam.
TERHOS [terho:s], at, k.d. Towakga, haýyş.
Terhosym bar, nazar salsaň, Arzym bardyr, arzym
alsaň! (Magtymguly). Atama terhos et mähriban
enem, Gije-gündiz yşk odunda örtenem (
Zöhre –
Tahyr
). Mätäji diýr başga bilen bolmanam, Ýüz
ýalbarsa, terhosyny almanam (Mätäji).
TERJIME, at. Bir dilden beýleki bir dile
geçirilen söz, gürrüň, tekst, eser.
TERJIMEÇI, at. Bir dilden başga bir dile terjime
etmek bilen meşgullanýan adam.
TERJIMEÇILIK, at. Terjime etmek hünäri, käri.
Terjimeçilik gyzykly hem jogapkärli iş.
TERJIMEHAL [terjimeha:l] at. Adamyň öz
durmuş, ýaşaýyş taryhynyň ýazgysy, beýany. Sizi öz
terjimehalym bilen tanyşdyrasym gelýär (
Edebiýat
we sungat
).
TERK: terk etmek (eýlemek) ýüz döndermek, el
çekmek, taşlamak. Ölinçä terk etme haýry-yhsanyň
(Magtymguly). Men niçik terk eýleýin Mahym güli-
ruhsarymy (
Zöhre – Tahyr
).
TERKIDÜNÝÄ [terkidünýä:], syp. Dünýäniň
aýşy-eşretinden ýüz öwren, göwni çökgün.
TERKIDÜNÝÄLIK
[terkidünýä:lik],
at.
Terkidünýä bolmaklyk, terkidünýäniň ýagdaýy,
bolşy.
TERLENME, iş ady. Terlenmek ýagdaýy.
TERLENMEK, işl. Ter däl zat ter bolmak. Ol
esgä dolanan käşir terlenipdir.
TERLIK, at. Ter halynda bolmaklyk. Terligini
saklamak.
Do'stlaringiz bilan baham: |