Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet602/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   598   599   600   601   602   603   604   605   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

TERS, syp. 1. Nädogry, ýalňyş. 2. Oňaýly 
bolmadyk, şowsuz. Ykbalyň ters oýny. 3. Bir zadyň 
arkasy, beýleki tarapy, çöwre ýüzi, tüzüw ýüzüniň 
garşylykly tarapy. Ol eliniň tersi bilen ukuly gözlerini 
süpürdi. 4. Dostluk gatnaşygy bozulan ýagdaý. 
Bularyň ikisi-de biri-biri bilen tersdi. 

Ters aýlanmak (öwrülmek) barjak ýeriňi
tapman, gaty köp ýere barmak. Men şu gün mumyýa 
gözläp, obany ters aýlandym (

Saglyk

). 
TERSA [tersa:], at. Özge dindäki, başga dine 
uýýan. Ýüzüňi meňzetdim Aý bilen Güne, Bir tersa 
gyzydyr, hiç gelmez dine (

Şasenem – Garyp

). 
TERSIN 
[tersi:n], 
hal. 
Oňyn 
däl, 
tersine.Aýdanym oňa tersin täsir etdi. 
TERSINE, hal. 1. Ters tarapa, ters ugra. Ol 
akymyň tersine ýüzüp başlady. 2. Garşy, garşysyna. 
Ol göwnündäkini tersine gürledi.3. Bir zat ýa-da biri 
bilen deňeşdireniňde gapma-garşy, üýtgeşik bolan, 
meňzeş bolmadyk. Onuň häsiýeti bütinleý munuň 
tersinedi. 

Tersine tutmak ters hereket etmek, ters 
gürlemek; oňlamazlyk, garşy bolmak. Men bir zat 
diýsem, derrew tersine tutýarsyňyz. 
TERSLEŞDIRMEK, işl. Birnäçe adamy ýa iki 
adamy agzala etmek, olaryň arasyna çöp atmak, olary 
dawalaşdyrnak. 
TERSLEŞIKat. Terslik ýagdaýy, ara bozuklyk, 
dostluk, agzybirlik gatnaşygy ýokluk. 
TERSLEŞMEiş ady. Tersleşmek ýagdaýy. 
TERSLEŞMEK, işl. Biri bilen dostluk 
gatnaşygyňy, agzybirlik ýagdaýyňy bozmak. 
TERSLEŞMEKLIK
iş 
ady. 
Tersleşmek 
ýagdaýy. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   598   599   600   601   602   603   604   605   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling