Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


TES, üml. Düýe saglanda aýagyny yza çekdirmek  üçin aýdylýan söz


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet605/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   601   602   603   604   605   606   607   608   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

TESüml. Düýe saglanda aýagyny yza çekdirmek 
üçin aýdylýan söz. 
TESBI [tesvi], at. Musulmanlaryň gaýtalap 
sanaýan dogalarynyň hasaby ýöredilýän bir düzüm 
monjuk. 
TESDIRILMEK 
[tessirilmek], 
işl. 
Yza 
çekdirilmek, gaýra goýulmak. 
TESDIRME [tessirme], iş ady. Tesdirmek 
ýagdaýy. 
TESDIRMEK [tessirmek], işl. 1. Yza gaýtarmak, 
yza çekiler ýaly etmek. Ol atyny yzyna tesdirip
atlylaryň ýanyna baryp durdy. 2. Gaýra goýulmak, 
gijä galdyrmak. Işi gaýra tesdirmek. 
TESDIRMEKLIK 
[tessirmeklik], 
iş 
ady. 
Tesdirmek ýagdaýy. 
TESELLI, at. Ynjalyk, rahatlyk, aram-karar. 
Teselli tapmak

Teselli bermek göwünlik bermek, göwnüni 
götermek, rahatlandyrmak, köşeşdirmek. Ýöne başga 
bir zat oňa teselli berdi (

Edebiýat we sungat

). 
TESLIM [tesli:m]: teslim bolmak boýun 
bolmak, tabyn bolmak. Teslim kylmak tabşyrmak, 
bermek. Leýli jan be hak teslim kyldy (

Leýli – 
Mejnun

). 
TESMEiş ady. Tesmek ýagdaýy. 
TESMEK, işl. 1. Yza hereket etmek, yza 
çekilmek, yza gaýtmak. Bir ädim yza tesmek. 2. 
Gaýra goýmak, yza çekmek. Köňlüň şikes bolup, 
raýyň öwrülse, Yşkyň gaýra teser, içde dert galar 
(Zelili). 
TESMEKLIKiş ady. Tesmek ýagdaýy. Indi yza 
tesmeklik namartlyk bolar. 
TES-TEGELEK [tes-seğelek], syp. Örän tegelek, 
has tegelek. Tes-tegelek degirmen, Ortasynyň daşy 
bar, Ony bilen ýigidiň, Ýüz ýigrimi ýaşy bar (Matal. 
Jogaby: asman, Aý, Gün, ýyldyzlar). 
TESWIR [teswüýr], at. Söz bilen keşbini, 
suratyny çekme. 

Teswir etmek ser. Teswirlemek. Halk 
ertekilerinde adamyň güýjüne ynanmak duýgusy 
teswir edilýär. 
TESWIRÇI [teswüýrçü], at. Söz bilen keşbini 
çekýän, suratlandyrýan adam. 
TESWIRLEME 
[teswüýrlömö], 
iş 
ady. 
Teswirlemek ýagdaýy. 
TESWIRLEMEK [teswüýrlömök], işl. Söz 
bilen keşbini, suratyny çekmek, teswir etmek. 
TESWIRLENMEK 
[teswüýrlönmök], 
işl. 
Teswir edilmek. Gözel paýtagtymyzyň waspy köp 
şahyrlar 
tarapyndan 
örän 
çeperçilik 
bilen 
teswirlenýär. 
TESWIRLETMEK 
[teswüýrlötmök], 
işl. 
Teswirlemek işini başga birine etdirmek. 
TESWIRLEÝIŞ 
[teswüýrlöýüş], 
iş 
ady. 
Teswirlemek ýagdaýy. Onuň bolan wakany dilden 
teswirleýşi oturanlara ýarady. 
TEŞE, at. Agaç ýonmak üçin ulanylýan egmek 
kese agyzly iş guraly, ýonguç. Ol teşesini aldy-da, 
agaç ýonmaga başlady. 
TEŞELEMEiş ady. Teşelemek ýagdaýy. 
TEŞELEMEKişl. Agajy teşe bilen ýonmak. Ol 
pil sapyny teşeläp timarlady. Dutaryň kädisini 
teşelemek. 
TEŞELEMEKLIKiş ady. Teşelemek ýagdaýy. 
TEŞELENMEK, işl. Teşe bilen çapylmak, teşe 
bilen ýonulmak. Ol tagta ilki teşelenipdir, soňra 
sürgüç bilen ýylmanypdyr. 
TEŞELETMEK, işl. Teşe bilen ýondurmak, 
bejertmek. Ol pil sapyny teşeletdi. 
TEŞELEÝIŞiş ady. Teşelemek ýagdaýy. 
TEŞNAW [teşna:w], at, kön.s. Jaýyň bir 
burçunda el-ýüz ýuwmak, üçin edilýän çukurjyk. 
Öwez jan teşnawdan başga yzgar ýere basman oturan 
oglan, aýaklary monjuk-monjuk, hal-hal gabardy 
(

Görogly

). 
TEŞNE, syp.1. Suw içesi gelýän, suwsan, 
tebsirän. 2. göç.m. Islegi, höwesi bolan, muşdak, 
maýyl, bir zadyň ýesiri. Meniň teşne gözlerim olaryň 
arasyndan ezizimi tapmaga howlukdy. 
TEŞNEK
at. 
Gawun-garpyzyň 
güllüje 
düwünçegi. 
TEŞNEKLEMEK, işl. Ösmegini bes edip 
mürrelmek. Gawun ternejigine el degirseň, yzyna 
gaýdýanyny, teşnekleýänini eşidipdi. 
TEŞNELEMEKişl., şahyr. Suw içesiň gelmek, 
suwsamak. Teşneläp çölde ýatmaýan, Suwuň gadyryn 
näbilsin! (

Görogly

). 
TEŞNELIK, at. Suw içesiň gelmeklik, 
suwsuzlyk.  
TEŞWÜŞ, at, k.d. Alada, ünji, gaýgy-gam. 
Meniň jigim amaşa, Atyny baglar daşa, Özi gitse 
söweşe, Bizi goýar teşwüşe (Hüwdi). 
TEŞWÜŞLI [teşwüşlü], syp. Aladaly, ünjüli. 
TETELLIsyp. Meňzeş, ýaly, kimin, zeýilli (öz 
halamaýan adamyň babatynda ulanylýar). Siz 
tetellilerden irdim. 
TETÄRIK [tetä:rik], at. Gün-güzeran üçin 
goldaw, kömek bolar ýaly zat. Garran wagtyňda 
tetärik bolar ýaly, ýaşlygyňda köpräk gazanmak 
gerek. 
TETIat, gepl.d. Hiç zat oňarmaýan, elinden iş 
gelmeýän, sana goşulmaýan. 

Teti gyz elinden hiç zat gelmeýän, emelsiz gyz. 
TEÝ I, at. 1. Bir zadyň düýbi, asty. Ýer teýinde 
ýatan Mäti, şol öküziň gaşyndadyr (Magtymguly). 2
göç.m. Jümmüş, düýp, iç. Ol öz ýüreginiň teýinde oňa 
bolan söýgüsini gizlin saklaýardy. 
TEÝ IIhal. Hiç, düýbünden, asla, asyl. Şol waka 
teý ýadymdan çykmaz. 
TEÝ-AHYR [teý-a:hyr], hal. Ahyrsoňy, iň 
soňunda. Olar teý-ahyr ýola düşdüler. 


366 
TEÝENE, at. Bir zat üçin birine bildirilýän 
igenç, aýdylýan igençli söz. 
TEÝENELI
syp. 
Igençli, 
närazyçylykly, 
sözünde, gürrüňinde teýene duýulýan. Ol kakasynyň 
sözlerinden teýeneli äheňi duýdy. 
TEÝIM: teýim etmek 1) köplenç, eliňi topraga 
urup täret gylmak. Adam görse sopy men diýp öterler, 
Täreti teýimdir, hasasy keçsiz (Magtymguly). 2
ýitirim etmek, ýok etmek. 
TEÝLI, syp. Iýeniňde doýurýan, güýçli, 
bereketli. 
TEZ, syp. Adama öwrenişmedik, eldeki 
bolmadyk, sarç, bet. Tez mal. 
TEZDIRMEK [tezzirmek], işl. Gaçyrmak, 
ürküzmek. Goýny ozalky tezdirenimiz hem az däl. 
TEZEK, at. Haýwanlaryň nejasaty (at, eşek, 
düýe we ş.m. hakynda). At tezegi. Eşek tezegi. Tezek 
çöplemek.

At tezegini guratmazlyk biriniň öýüne ýa 
başga bir ýere çalt-çaltdan baryp durmak. 
TEZEKLEMEiş ady. Tezeklemek ýagdaýy. 
TEZEKLEMEK
işl. 
Nejasady 
daşyna 
çykarmak, içini nejasatdan boşatmak (at, eşek, düýe 
we ş.m. hakynda). 
TEZGEK [tezğek], syp., ser. Tez
TEZGEKLIK [tezğeklik], at, ser. Tezlik
TEZKIRE, at, kön.s. Bir ugruň alymlary, 
şahyrlary hakynda gysga maglumatlary özünde 
jemleýän ýygyndy, diwan. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   601   602   603   604   605   606   607   608   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling