Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


TOHUMLAMA  [tohumlomo],  iş  ady.  Tohumlamak ýagdaýy.  TOHUMLAMAK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet613/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   609   610   611   612   613   614   615   616   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

TOHUMLAMA 
[tohumlomo], 
iş 
ady. 
Tohumlamak ýagdaýy. 
TOHUMLAMAK [tohumlomok], işl. Tohum 
emele gelmek, tohumlyga ýetişmek. Semzek 
tohumlapdyr. 
TOHUMLAMAKLYK [tohumlomokluk], iş ady. 
Tohumlamak ýagdaýy. 
TOHUMLANDYRMAK [tohumlonnurmok], işl. 
Emeli usul bilen tohum goýbermek, tohum alar ýaly 
etmek (haýwan hakynda). 
TOHUMLAÝYŞ 
[tohumloýuş], 
iş 
ady. 
Tohumlamak ýagdaýy. 
TOHUMLYK [tohumluk], syp. 1. Tohum üçin 
niýetlenen. Tohumlyk ýorunja. 2. Tohum mal 
hökmünde saklanýan. Tohumlyk mal. 3. Janly 
organizmi emele getirýän tohumyň ýygnanýan ýeri; 
erkeklik jynsy. 
TOHUMSYZLYK [tohumsuzluk], at. Tohumy 
bolmazlyk, tohumy ýokluk. 
TOHUM-TIÇ 
[tohum-ti:ç], 
at. 
Ata-baba, 
kowum-garyndaş. 
TOKüml. Towuk kowlanda aýdylýan söz. 

Tok!

 
diýip, towugy kowdy. 
TOK [to:k], at, fiz. Elektrik zarýadlarynyň geçiriji 
simdäki hereketi, elektrik energiýasy, elektrik güýji. 

 Tok urmak endamyňa tok ýaýrap seňseletmek, 
öldürmek. 
TOKA [toko], at. 1. Guşagyň, çekiniň ujuna 
berkidilýän demir halka, doka. 2. Jebis durmagy üçin 
guşaga geýdirilýän gaýyş halka, doka. 3. zergärç

Gaýyşdan ýasalyp ýüzi
kümüş şaýlyklar, guşgöziler 
bilen bezelen guşagyň ujuna birikdirilýän baglaýjysy, 
aýyltokasy.
TOKAR [tokor], syp. 1. Beýlekilere garaňda 
ulurak, ekabyrrak (çaga hakynda). Aramyzda iň 
tokarymyz Setdardy. 2. Keýigiň çagasy. 3. Adam ady. 
TOKAÝ [tokoý], at. Her hili agaçlar gögerip 
oturan, giden agaçlyk meýdan. Tokaýlaryň turajy, 
akar suwuň balygy (Mätäji). 
TOKAÝÇY [tokoýçy], at. Tokaý sakçysy, tokaý 
gözegçisi. 
TOKAÝÇYLYK [tokoýçuluk], at. 1. ser. 
Tokaýlyk. Bu daglaryň jülgesi giden tokaýçylyk. 2. 
Tokaý hojalygy hakyndaky ylym. 
TOKAÝLY [tokoýly], syp. Tokaý bar bolan
tokaý ösüp oturan. Tokaýly meýdanlar. 
TOKAÝLYK [tokoýluk], at. Agaçlaryň gür tokaý 
emele getirip oturan ýeri. Ok atsaň geçmejek sümme 
tokaýlyk. 
TOKÇY [to:kçy], at. Tok çekmek işleri boýunça 
hünärmen. Tokçy öýümize gelip, yşygymyzy ýakyp 
berdi. 
TOKGA [tokgo], syp.1. Togalak şekilli. Bir tokga 
daş. 2. Kelteden ýogyn, dolmuş, etli-ganly. Tokga 
adam. 3. Adam ady. 
TOKGALABERMEK [tokgola:vermek], işl. 
Tokgalap ugramak. 
TOKGALAMA 
[tokgolomo], 
iş 
ady. 
Tokgalamak ýagdaýy. 
TOKGALAMAK [tokgolomok], işl.1. Bir zady 
togalak, tokga etmek, tokga görnüşe salmak. Palçygy 
tokgalamak. 2. Ep-esli puly jemläp goýmak. Bir 
million manady tokgalap goýdum. 
TOKGALAMAZLYK [tokgolomozluk], iş ady. 
Tokgalap goýmazlyk.
TOKGALAŞDYRMAK [tokgoloşdurmok], işl.
Bir ýan ujundan tokgalap çykmak, köp zady 
tokgalamak. 
TOKGALAŞMAK [tokgoloşmok], işl. 1
Tokgalamaga kömek etmek. 2. Bilelikde tokgalamak. 
TOKGALATDYRMAK [tokgolotdyrmok], işl. 
Bir zady birine tokgalatmak. 
TOKGALATMAK [tokgolotmok], işl. Bir zady 
başga birine tokga-tokga etdirmek. 
TOKGALAÝYŞ 
[tokgoloýuş], 
iş 
ady. 
Tokgalamak ýagdaýy. 
TOKLUTAÝ, at. Ýelekleri çalymtyl-goňur, çalt 
ylgaýan, emma haýal uçýan uly guş. 
TOKLY, at. Guzudan uly, alty aýlykdan bir 
ýaşyna çenli aralykdaky goýun maly. 
TOKMAK [tokmok], at. 1. Bugdaý, arpa 
başlaryny we ş.m. döwmek üçin ulanylýan sokudaş 


374 
görnüşli, saply, süýri agaç gural. 2. göç.m. Kötek, 
tankyt. 
TOKMAKLAMA 
[tokmoklomo], 
iş 
ady. 
Tokmaklamak ýagdaýy. 
TOKMAKLAMAK [tokmoklomok], işl. 1
Tokmak bilen döwmek, tokmak bilen owratmak. Şu 
gara 
ýeri 
tokmaklasaň-da 
tokmaklamaly, 
tokmaklamasaň-da tokmaklamaly (Ýaňyltmaç). 2
göç.m. Köteklemek, käýemek, tankyt etmek. 
TOKMAKLAMAKLYK [tokmoklomokluk], iş 
ady. Tokmaklamak ýagdaýy. 
TOKMAKLANMAK [tokmoklonmok], işl. 1
Tokmak bilen döwülmek. Howludaky bugdaý-da, 
dary-da tokmaklandy. 2. göç.m. Tankytlanmak, 
köteklenmek. 
TOKMAKLAŞMAK [tokmokloşmok], işl. 1. 
Tokmak bilen döwüşmek. 2göç.m. Biri-biriňi tankyt 
etmek. 
TOKMAKLATMAK [tokmoklotmok], işl. 1
Tokmak bilen döwdürmek. 2. göç.m. Tankytlatmak, 
kötekletmek. 
TOKMAKLAÝYŞ [tokmokloýuş], iş ady. 
Tokmaklamak ýagdaýy. 
TOKULATMAK [tokulotmok], işl. Bir zat bilen 
batly urmak, ýelmemek. 
TOKURTGA [tokurtgo], at. Pele, atyza we ş.m. 
ýerlere suw akdyrmak, suwarmak üçin ulanylýan 
turba. Ýabyň tokurtgasyny dykmak. 
TOL [to:l], at. Gaty kagyza garaýag siňdirilip 
ýasalýan we tamyň üstüne ýapmak üçin ulanylýan 
material. 
TOLARSAK [tolorsok], at. Düýäniň, sygryň 
aýaklarynyň dyz hamy we ondan edilýän çaryk. 
TOLAÝ [toloý], syp., gepl.d. Tutuş, lomaý (pul
bilen baglylykda ulanylýar). Oňa bir ýerden tolaý pul 
düşüpdir öýdýän.
TOLGUNDYRMAK 
[tolğunnurmok], 
işl
Biynjalyk ýagdaýa salmak, howsala salmak, 
rahatsyzlandyrmak. Ol ýüregini tolgundyryp duran 
sözlerini maňa aýtdy. 
TOLGUNMA [tolğunmo], iş ady. Tolgunmak 
ýagdaýy. Tolgunmadan ýaňa ol birbada şeýle 
pursatlarda uzyn gije taýýarlanyp oturan etsem-
petsemlerini-de ýadyndan çykardy (Gurbanguly 
Berdimuhamedow, Älem içre at gezer, 9 s.). 
TOLGUNMAK [tolğunmok], işl. Biynjalyk 
ýagdaýa 
düşmek, 
rahatsyzlanmak, 
kalbyňda 
tolgunma döremek. Onuň juwan kalby hiç haçan 
häzirkisi ýaly tolgunan däldir. 
TOLGUNMAKLYK 
[tolğunmokluk], 
Tolgunmak ýagdaýy. 
TOLGUNYŞ [tolğunuş], iş ady. Tolgunmak 
ýagdaýy. 
TOLGUNYŞMAK 
[tolğunuşmok], 
işl. 
Köpçülikleýin 
tolgunmak, 
howsala 
düşmek, 
aladalanmak, biynjalyk bolmak. Bir howpuň 
bardygyny aňlan goýunlar üşerilişip seredişdiler, 
tolgunyşyp bir tarapa gysyldylar. 
TOLKUN, at.1. Ýel, şemal we ş.m. sebäpli 
suwuň ýüzünde emele gelýän örküçli hereket, suwuň 
ýüzüniň örküçli hereketi. 2. Fiziki maýyşgak şertlerde 
emele gelýän yrgyldyly hereket. Sesiň howadaky 
yrgyldyly tolkuny. 3. göç.m. Köpçüligiň möwç 
almagy bilen döreýän, ýüze çykýan köçe hereketi. 
TOLKUNDYRMAK 
[tolkunnurmok], 
işl
Tolkun atdyrmak, tolkunly hereketi emele getirmek
tolkunlatmak. Şol wagt bir tarapdan tüweleý turup, 
suwy tolkundyryp, suw içmäge baran ýaňky 
garynjany suwa gaçyrypdyr (

Türkmen halk 
ertekileri

). 
TOLKUNJYRAMAK 
[tolkunjuromok], 
işl. 
Çalaja tolkun atyp başlamak, ýuwaş-ýuwaşdan 
tolkunmak. 
TOLKUNLANMAK [tolkunlonmok], işl., ser. 
Tolkunmak
TOLKUNLATMAK [tolkunlotmok], işl., ser. 
Tolkundyrmak
TOLKUNMAK [tolkunmok], işl. 1. Tolkun 
atmak, herekete gelmek, çyrpynmak, çaýkanmak 
(suw, suwuklyk hakynda). Giň meýdanda suwlar 
tolkunyp başlady. 2. Yraň atmak, ygşyldamak. 3
göç.m. Möwç alyp herekete gelmek. 
TOM [to:m], at. Eseriň aýratynlykdaky bir 
kitaby. Ol kän tomlary elden geçirdi. 
TOMAGA [tomoğo], at. Täze tutulan aw
guşunyň kellesine ol tä eldeki bolýança geýdirilýän 
gaýyş gap.
TOMAGALY [tomoğoly], syp. Kellesine tomaga 
geýdirilen. Tomagaly humaý kimin… (

Şasenem – 
Garyp

). 
TOMALANMAK [tomolonmok], işl.,gepl.d. 
Kelemenläp, düňderilip gaýtmak, togalanmak. 
Eňkamsyz goja basgançakdan aşaklygyna tomalanyp 
gidýär. 
TOMAŞA [tomoşo], at. Nazaryňy, ünsüňi özüňe 
çekýän, gyzyklandyrýan zat, gülküli, gyzykly oýun, 
şagalaňly waka. 

 Tomaşa etmek (eýlemek) bir zada gyzyklanyp 
seretmek. Tomaşa eýläp toýlarda, görenler ýagşy 
diýdi (Mätäji). 
TOMAŞAÇY [tomoşoçy], at. Bir zada tomaşa 
edýän adam. Bu oýna örän köp tomaşaçy geldi. 
TOMAŞALY 
[tomoşoly], 
syp. 
Şagalaňly, 
şüweleňli. Olar topar tutup, tomaşaly baglarda seýil 
edýärler. 
TOMMAK [tommok], at. Bir zadyň tommaryp, 
pökgerip duran ýeri, güberçek. 
TOMMARMAK [tommormok], işl. Güberip, 
pökgerip durmak. 
TOMMAÝ [tomma:ý], at. Agajyň, taýagyň we 
ş.m. ujunyň ýogyn ýeri. 
TOMMUK, at.1. Gum üýşürilen tümmejik, gum 
üýşmejigi. 2. Ýykylmazlyk, gyşarmazlyk üçin jöwen, 
günebakar ýaly käbir ösümlikleriň düýbüne üýşürilen 
gum. 
TOMMUKLABERMEK 
[tommukla:vermek], 
işl. Tommuklap başlamak. 
TOMMUKLAMA [tommuklomo], iş ady. 
Tommuklamak ýagdaýy. 
TOMMUKLAMAK 
[tommuklomok], 
işl. 
Gawun-garpyz, hyýar, kädi, badamjan ýaly ekinleriň 


375 
düýbüni ýumşak saklamak we ýykylmazlyklary üçin 
olaryň töweregine gum üýşürmek. 
TOMMUKLAMAZLYK [tommuklomozluk], iş 
ady.. Tommuklamak işini ýerine ýetirmezlik. 
TOMMUKLANMAK [tommuklonmok], işl. 
Düýbüne 
gum 
üýşürilip 
tommuk 
edilmek. 
Pomidorlar eýýäm tommuklanypdyr. 
TOMMUKLAŞDYRMAK [tommukloşdurmok], 
işl. Ýykylmazlyk, gyşarmazlyk hem-de töwereginiň 
gatamazlygy üçin pomidor, hyýar, kädi ýaly käbir 
ekinleriň 
düýbüne 
gum 
üýşürişdirmek. 
Ol 
pomidorlaryň düýbüni tommuklaşdyryp çykdy. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   609   610   611   612   613   614   615   616   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling