Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


TORAŇŇYLYK [toroňňuluk], syp. Toraňňynyň  köp biten ýeri, toraňňy jeňňeli. Olar toraňňylykda  duşdular.  TORBA


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet616/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   612   613   614   615   616   617   618   619   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

TORAŇŇYLYK [toroňňuluk], syp. Toraňňynyň 
köp biten ýeri, toraňňy jeňňeli. Olar toraňňylykda 
duşdular. 
TORBA [to:rvo] at. Içine dürli zat salmak üçin 
ulanylýan dokama ýa mata gap. 

 Torba sakgal tegelenip duran uly sakgal. Torba 
sakgal gojalar. 
TORBALAMAK [to:rvolomok], işl. Torba bilen
almak, torbany dolduryp almak. Torbalap käşir 
getirdim. 
TORBALYK [to:rvoluk], syp. Torba dokamak, 
tikmek üçin gerek bolan (ýüp, eriş we ş.m. zatlar). 
TORÇ I, at. Balygyň arkasynda çykyşyp duran 
gyýyk süňkjagazlar. 
TORÇ II: torç bolmak köp basgylanmak
depelenmek (ýer hakynda). Torç etmek köp 
depgilemek, basgylamak, depeşek etmek. Depäniň 
üsti basgylanyp, torç edilipdi. 
TORGAÝ [torğoý], at. Serçeler maşgalasyndan 
bolan, reňki ýeriň reňkine meňzeş, petekesi we döşi, 
köplenç, menekli guş; mollatorgaý. Uzakdan joşgun 
bilen saýraýan torgaýlaryň jüýp-jüýbi eşidilýärdi. 
TORGAÝLAMAK [torğoýlomok], işl. Iri-iri 
bolup ýagmak, petde-petde bolup tozgalap ýagmak 
(gar hakynda). Gar torgaýlap ýagýardy. 
TORGUŞ [torğuş], at. Eldeki edilen ýabany aw 
guşy. Oturşyň torguşa meňzär, Seniň gözleriň 
gözleriň (Halk aýdymyndan). Tutdurmaz sen, 
torguşum, beýewana çykar sen (Kemine). 
TORLAMA [torlomo], iş ady. Torlamak ýagdaýy. 
TORLAMAK [torlomok], işl. 1. Ýyrtygy, deşigi 
tor salyp tikmek, çatmak. Ol horjunyň ýyrtylan 
ýerlerini mäkäm torlady. 2. Bir zadyň daşyny tikip, 
tor bilen örtmek. Esgi pökgini torlamak. 3. Käbir 
bakja önümleriniň daşy tor çyzmyklar bilen 
örtülmek. Bu gawun çalaja torlap ugrapdyr. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   612   613   614   615   616   617   618   619   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling