Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


TÖWIR [töwüýr], at, ser. Töwwir


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet624/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   620   621   622   623   624   625   626   627   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

TÖWIR [töwüýr], at, ser. Töwwir. 


383 
TÖWWIR [töwwüýr], at. Nahar iýlenden soň, 
naharyň hormatyna, hudaýyň adyna okalýan doga. 
Nahar iýildi, töwwir galdyryldy. 

Töwwirini galdyraýmaly bolmak gepl.d.
bolar öýden zadyň bolmajagyna göz ýetirip, ondan 
rişdäňi üzen wagtyňda aýdylýar. 
TÖWRA [töwra:]: bir töwra özboluşly, üýtgeşik 
häsiýetli, bir hili gylykly. Annaly aga bir töwra 
adamdy (T. Gurbanow).
TÖWRAT [töwra:t], at. Ýahudylaryň keramatly 
dini kitaby. Töwratny Musaga aýan getirdi 
(Magrupy). 
TÖZ [tö:z], at. Gulagyň arka ýüzündäki 
ýumralyp duran ýer, ýumry. 
TÖZERMEK [tö:zörmök], işl., ser. Tözlemek
TÖZLEME [tö:zlömö], iş ady. Tözlemek 
ýagdaýy. 
TÖZLEMEK [tö:zlömök], işl. 1. Ýumralmak. 2
Çala çişip durmak. 
TÖZLEMEKLIK 
[tö:zlömöklik], 
iş ady. 
Tözlemek ýagdaýy. 
TÖZLENMEK [tö:zlönmök], işl. 1. Ýumralyp 
durmak. On üç bilen on dört ýaşyň arasy, Tözlenip 
galyşar gyz mämeleri (Kemine). 2. Çala çiş 
görnüşinde bolmak. 
TÖZLEŞMEK [tö:zlöşmök], işl. Ýumralyşmak, 
ýumralyp başlamak.
TRAGEDIÝA [tyraǧe:diýa:], at, edeb. Dartgynly 
goreşi, garşylykly güýçleriň çendenaşa ýiti 
çaknyşygyny suratlandyrýan we adatça gahrymanyň 
heläk bolmagy bilen gutarýan drama eseri Klassyky 
tragediýa. 
TRAKTOR [tyra:ktyr], at. Ýer sürlende we 
beýleki oba hojalyk işlerinde ulanylýan kuwwatly 
maşyn. 
TRANSKRIPSIÝA [tyranskiri:psiýa], atdil.b
Bir dildäki sözleriň aýdylyşyny harplaryň, kabul 
edilen ýörite belgileriň kömegi bilen görkezmeklik. 
TRENAŽÝOR [tirenažýo:r], at. 
Türgenleşik 
işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak we adam 
bedenini fiziki taýdan terbiýelemek ýa-da zerur 
bolan endikleri ele almak maksady bilen amatly 
şertleri döretmek üçin niýetlenen sport enjamy. 
Şonuň üçin hem Türkmenistanda täze çagalar 
baglarynyň 
we 
bilim 
berýän 
edaralaryň 
taslamalary hökmany suratda häzirki zaman 
trenažýorlary bilen üpjün edilen sport zallaryny
basketbol we woleýbol meýdançalaryny, tennis 
kortlaryny, basseýnleri öz içine alýar (Gurbanguly 
Berdimuhamedow. Ahalteke bedewi – biziň
buýsanjymyz we şöhratymyz). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   620   621   622   623   624   625   626   627   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling