Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


TÜKEDILMEK [tüködülmök], işl. Bir zat  gutarylmak, hiç zat galdyrmazlyk


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet632/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   628   629   630   631   632   633   634   635   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

TÜKEDILMEK [tüködülmök], işl. Bir zat 
gutarylmak, hiç zat galdyrmazlyk.  
TÜKEDIŞDIRMEK 
[tüködüşdürmök], 
işl. 
Baryny tüketmek, hemmesini gutarmak. 
TÜKEL [tüköl] Içal. Ähli, bütinleý, giden, bary, 
hemmesi. Şägirtleri tükel ýaş-ýeleň oglanlardy
TÜKEL [tüköl] II, hal. San, mukdar taýdan
doly, hemmesi ýerbe-ýer, ýerli-ýerinde. Başy sagyň 
maly tükel (Nakyl). Hemmäňiziň sanyňyz tükelmi? – 
diýip, ýaşuly sorady (A.Gowşudow). Beýemçisiz 
tünegine, Başy tükel öýden geldi (Ç. Aşyrow). 
TÜKELLEME [tüköllömö], iş ady. Tükellemek 
ýagdaýy. 
TÜKELLEMEK [tüköllömök], işl. 1. Gözden 
geçirmek, hasaplap görmek, barlamak. Bu gün säher 
mahaly Görogly ýigitlerini tükellese, Mätel bilen 
Köse ýok (

Görogly

). 2. göç.m. Tamam etmek, 
gutarmak. Ol etmeli işleriň agramyny tükelläp, 
myhmanlaryň ýanyna baryp oturdy. 
TÜKELLENMEK 
[tüköllönmök], 
işl.
Barlanmak, gözden geçirilmek. Sürüdäki mallar 
tükellenende, sany dogry çykdy. 
TÜKELLEŞMEK [tüköllöşmök], işl. Bilelikde 
tükellemek, barlaşmak. Ol howlukman mallary 
tükelleşdi. 
TÜKELLETMEK 
[tüköllötmök], 
işl. 
Tükellemegi birine etdirmek. 
TÜKELLEÝIŞ 
[tüköllöýüş], 
iş 
ady.
1. Tükellemek ýagdaýy. 2. Kärhananyň, edaranyň 
ähli emläginiň anyk we giňişleýin sanaw ýazgysyny 
düzmeklik. Tükelleýiş işlerini geçirmek.
TÜKELLIK [tüköllük], at. San, mukdar taýdan 
ýerbe-ýer bolmaklyk. 
TÜKENIKSIZ [tükönüksüz], syp. Örän köp,
sany-sajagy ýok, ummasyz, egsilmez.  
TÜKENIŞ [tükönüş], iş ady. Tükenmek ýagdaýy. 
TÜKENME [tükönmö], iş ady. Tükenmek 
ýagdaýy. 
TÜKENMEK 
[tükönmök], 
işl. 
Hemmesi 
gutarmak. 
TÜKENMEKLIK [tükönmöklük], iş ady. 
Tükenmek ýagdaýy. 
TÜKENMEZ [tükönmöz], syp., ser. Tükeniksiz. 
Tükenmez hazynam bolandan, uýalmaz ýüzüm bolsun 
(Nakyl). Tükenmez derde ýanyp, bu janym kebap 
boldy (Çary Afzal). 
TÜKETDIRMEK [tükötdürmök], işl. Tükedip 
bilmek, gutartmak. Gawuny şunça satdyrsagam, 
agşama çenli tüketdirip bilmedik. 
TÜKETMEK [tükötmök], işl. 1. Tükenmek 
derejesine ýetirmek. Ol bedäni mallara berip tüketdi. 
2. Soňlamak, gutarmak, dowam etdirmän kesmek. 
Bolgusyz gürrüňiňi tüketsene
TÜKEZZYBAN [tüközzyva:n]: tükezzybanyna 
tutmak gutarmaz, tükeniksiz gürrüňe başlamak. 
TÜKGE [tükgö], at. Aşygyň jikge tarapynyň 
ýeňsesi, arkasy, aşygyň pökgerip duran tarapy
dükge. 

Tükge (dükge) düşmek aýaklaryňy ýygnap, 
ýüzüňi aşak edip tüňňerip ýatmak. Garry ortarada 
tükge düşüp aglady. 
TÜKGERILMEK [tükgörülmök], işl. 1. Tükge 
düşürilmek. 2. göç.m. Ok degmek zerarly ölmek, 
tüňňermek. 
TÜKGERMEK [tükgörmök], işl. 1. Tükge 
düşmek, aýaklaryňy ýygnap, ýüzüňi aşak edip 
ýatmak. Ol ukusy gelip, düşeginde tükgeripdir. 2
göç.m. Agyr kesel ýa-da başga bir sebäp bilen 
agdarylyp ýykylyp galmak, ölüp galmak. 
TÜKGERTMEK [tükgörtmök], işl. 1. Tükge 
düşürtmek. 2göç.m. Atyp öldürmek. 
TÜLLÜK, at, gepl.d. Bir zadyň mesgeni, 
jümmüşi, üýşen ýeri, köp ýeri.
TÜM Iat. 1. Gözedürtme garaňky. Tüm garaňky. 
2. Goranmak üçin ýeriň aşagyndan gurlan buky. 
Ýeriň aşagynda tümler gurlupdyr. 
TÜM II, at. Gum içinde gyr bilen alaňyň 
arasynda ýatan giden giň meýdan. Gözledim, 
görmedim tümleri, düzi (Mätäji). 
TÜM III, at, kön.s. Dikligine gazylan çuň 
çukuryň gapdaly köwlüp gurulýan jaý. Ol tümi 
ýerdöle şekilinde, agzyndan bir adam girip biler ýaly 
edip aşak gazypdyr-da, ony hem bir gapdala 
hüňüpdir (A. Gowşudow). 
TÜMEN [tümön], at, kön.s. 1. Hümmeti on 
gyrana barabar pul birligi. Balykçy müň tümenlik 
düýş görse, balygyna ýorar (Nakyl). Adam bar, müň 
tümen iýdirseň azdyr (Magtymguly). 2. harb., taryh 
On müň esgerden ybarat goşun bölümi. 


388 
TÜMENBEGI [tümönmeği], at, taryh. On müň 
esgerden ybarat goşunyň serkerdesi. 
TÜMENLIK [tümönlük], syp. Bahasy tümene 
barabar bolan. Müň tümenlik hatyramy bir deremge 
satmagyn (Mollanepes). 
TÜMLÜKat. Gözedürtme garaňkylyk. 
TÜMMEK [tümmök], at. Üýşmek gum we ş.m. 
görnüşindäki 
beýiklik. 
Tümmegiň 
aňyrsyna 
aýlanmak. 

Köne tümmekler geçmişden galan guburlar; 
keramatly adamlaryň guburlary (adam kyn güne 
düşende 

Köne tümmekler, ýetişiň

diýip aýdýar). 
TÜMMEKLEME [tümmöklömö], iş ady. 
Tümmekleme ýagdaýy. 
TÜMMEKLEMEK [tümmöklömök], işl. 1
Gum, ders we ş.m. zatlary üýşürip tümmek etmek. 
Mal ýataklarynyň derslerini tümmekläp üýşürmek. 2. 
Bir zady gaty doldurmak, agzyna çenli doldurmak. 
Ýag küýzeden kiçiräk jamy ýagdan tümmekläp, onuň 
eline tutdurdy. 
TÜMMEKLEMEZLIK [tümmöklömözlük], iş 
ady. Tümmek etmezlik. 
TÜMMEKLENMEK [tümmöklönmök], işl. 
Tümmek edilip üýşürilmek. 
TÜMMEKLEŞMEK [tümmöklöşmök], işl. 1
Tümmek etmäge kömekleşmek. 2. Birnäçe bolup 
tümmeklemek.
TÜMMEKLETDIRMEK [tümmöklötdürmök], 
işl., ser. Tümmekletmek. Sürüji maşyny çägeden 
tümmekletdirdi. 
TÜMMEKLETMEK [tümmöklötmök], işl. 
Tümmeklemek işini başga birine etdirmek, tummek 
etdirmek, üýşürtmek. 
TÜMMEKLEÝIŞ [tümmöklöýüş], iş ady. 
Tümmeklemek ýagdaýy. 
TÜMMERILMEK [tümmörülmök], işl., ser. 
Tümmermek
TÜMMERIŞMEK [tümmörüşmök], işl. Birnäçe 
zat galyp durmak. Tümmerişip görünýän örküçler. 
TÜMMERME [tümmörmö], iş ady. Tümmermek 
ýagdaýy. 
TÜMMERMEK [tümmörmök], işl. Pökgerip 
galyp durmak, tümmi bolup durmak, gübermek. 
TÜMMERMEZLIK [tümmörmözlük], iş ady. 
Tümmi görnüşe gelmezlik, tümmerip durmazlyk. 
TÜMMI [tümmü], at. 1. ser. Tümmek. 2. syp. 
Pökgerip, galyp duran, güberip duran.
TÜMMÜL, at. 1. Däneleri doluşyp, ýaňy bişip 
başlan baş (däneli ekinler hakynda). Tümmül bolup 
oturan bugdaý. 2. Heniz doly gowrulman, şorsuw 
bolan (et hakynda). Et tümmül bolupdyr, iýibermeli. 
TÜN, at, kön.s. Tüm, garaňkylyk, gije. Mest 
bolup ýatyrdym ukuda bir tün (

Gül – Senubur

). Bir 
gije ýatyrdym tünüň ýarynda, Bir dört atly gelip:

Turgul

 diýdiler (Magtymguly). 
TÜNEK [tünök], at,gepl.d. Ýaşaýyş jaýy, öý.
Beýemçisiz tünegine, Başy tükel öýden geldi (Ç. 
Aşyrow). 
TÜNEKE [tünökö], at. Ýasy ýuka demir.
TÜNT, syp., gepl.d. Hiç zada düşünmeýän, 
kellesi 
işlemeýän, 
zehinsiz, 
kütek, 
tüntaw. 
Düşbümikäň öýdýädim weli, sen-ä bir barypýatan 
tünt ekeniň. 
TÜNTAW [tünta:w], syp.,gepl.d., ser. Tünt
Onuň ýüzüne sereden iň bir tüntaw adam hem şonuň 
nämedigini aňlap biljekdi. 
TÜNTAWLYK [tünta:wlyk], at, gepl.d., ser. 
Tüntlük
TÜNTLÜKat, gepl.d. Tüntüň gylyk-häsiýeti.  
TÜŇ, at. Bokurdagynyň gapdaly uly tutarly
tüňçe görnüşli suw we süýt daşalýan hem-de 
guýulýan uly mis gap. 
TÜŇÇE 
[tüňçö], 
at. 
Çaý 
gaýnadylýan 
jüründiksiz, gulply gap. Gojanyň kömekçisi diwaryň 
düýbünde duran tüňçäni alyp, çaý gaýnatmak bilen 
boldy (A. Gowşudow). 
TÜŇŇELE [tüňňölö], at. Gazlar maşgalasyndan 
bolan garny ak, arkasy gara bolan deňiz ördegi. 
TÜŇŇERILIŞMEK [tüňňörlüşmök], işl. Köp 
zat tüňňerilmek. Balyklaryň arkalary tüňňerilişip 
göründi. 
TÜŇŇERILMEK [tüňňörülmök], işl. Tüňňerip 
oturmak. 
TÜŇŇERME [tüňňörmö], iş ady. Tüňňermek 
ýagdaýy. 
TÜŇŇERMEK [tüňňörmök], işl. 1. Tüňňi 
bolmak, güberip durmak, galyp durmak. Onuň birýan 
kebzesi tüňňerip durdy. 2. göç.m. Kineli ýüz öwrüp 
ýörmek, öýkelemek. Näme beýle tüňňerilýärsiň? 3
göç.m. Ölüp galmak, ölmek. 
TÜŇŇERTMEK [tüňňörtmök], işl. 1. Tüňňi 
etmek, tümmertmek, gübertmek. Ýeňsesini tüňňerdip, 
agyzdyrygyny çeýneýän dor at toýnaklary bilen ýer 
peşedi. 2göç.m. Atyp öldürmek. 
TÜŇŇI [tüňňü], syp. Tüňňerip duran, güberip, 
galyp duran. Tüňňimaňlaý. 
TÜŇŇÜLIK [tüňňülük], at. Tüňňi halda 
bolmaklyk. 
TÜŇŇÜMAŇLAÝ, syp. 1. Maňlaýy tüňňerip 
duran. 2. at. Maňlaýy güberçekläp duran uly ak 
balyk. 
TÜŇŇÜR,
at. Suwuklyk guýmak üçin demir gap. 
Suwly tüňňür. 
TÜP: tüpyssy örän yssy, çydar ýaly däl, gaty 
yssy. Günortanyň tüp yssysy. 
TÜPBOZAN [tüpbozon], at. Adamlaryň arasyny 
bozýan, bozgak adam. Tüpbozan köpeldi, ýurt-bina 
tozdy, Dogan, dost bir-birin ütüp başlady 
(Magtymguly). 
TÜPEŇ [tüpöň], at. Ok, seçme atýan uzyn nilli ot 
açýan ýarag. 
TÜPEŇLEME [tüpöňlömö], iş ady. Tüpeňlemek 
ýagdaýy. 
TÜPEŇLEMEK [tüpöňlömök], işl. Tüpeň bilen 
atmak. 
TÜPEŇLEMEKLIK [tüpöňlömöklük], iş ady. 
Tüpeňlemek ýagdaýy. 
TÜPEŇLENMEK [tüpöňlönmök], işl. Tüpeň 
bilen atylmak. Guduzlan it tüpeňlendi. 


389 
TÜPEŇLEŞMEK [tüpöňlöşmök], işl. Köp bolup 
tüpeňlemek. 
TÜPEŇLETDIRMEK [tüpöňlötdürmök], işl., 
ser. Tüpeňletmek . 
TÜPEŇLETMEK [tüpöňlötmök], işl. Tüpeňläp
öldürtmek. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   628   629   630   631   632   633   634   635   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling