Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


TUTAKLAMA [tutoklomo], iş ady. Tutaklamak  ýagdaýy.  TUTAKLAMAK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet629/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   625   626   627   628   629   630   631   632   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

TUTAKLAMA [tutoklomo], iş ady. Tutaklamak 
ýagdaýy. 
TUTAKLAMAK [tutoklomok], işl. Ýapyşyp, 
tutup barmak, tutup ýöremek, tutup saklamak. 
Nökerler 
bagşyny 
tutaklap 
düşürdiler 
(N. 
Saryhanow).
TUTAKLAMAKLYK [tutoklomokluk], iş ady. 
Tutaklamak ýagdaýy. 
TUTAKLANMAK [tutoklonmok], işl. Tutaklap 
saklanylmak, tutaklap ýöredilmek. Onuň içinden 
tutaklanyp çykaryldy (N. Saryhanow). 
TUTAKLAŞMAK [tutokloşmok], işl. Biri-biriň 
bilen tutluşmak, biri-biriňe ýapyşmak, biri-biriň bilen 
tutluşyp durmak. Garly hasyrdap ýerinden turdy we 
it bilen tutaklaşyp, urşup duran Myrady gördi (A. 
Gowşudow).
TUTAKLATMAK [tutoklotmok], işl. Birine 
tutduryp ýöremek. Garry aýal özüni ýaş oglana 
tutakladyp, ýoldan geçdi. 
TUTAKLAÝYŞ [tutokloýuş], iş ady. Tutaklamak 
ýagdaýy. 
TUTALGA [tutolğo], at. 1. ser. Tutawaç
Basgançaklaryň tutalgasy. 2. göç.m. Salgylanyp 
boljak esas, bahana bolup biljek delil, tutaryk. Seniň 
tutalgaňa hormat goýýanlary üçin, meseläni 
gyssanmaç çözmelidiler (B. Kerbabaýew).
TUTAM [tutom], at. Ýüp, taýak, örüm saç we 
ş.m. zatlar gysymlanyp tutulanda dört barmagyň inini 
tutýan ýerine deň ölçeg birligi. Bir tutam ýüp 
ýetmese, ýigidiň özünden (Nakyl).  

Bir tutam gepl.d. çala, çalaja; gysga, gysgajyk 
(uzynlyk hem wagt taýyndan). Gün ýerden bir tutam 
ýokary galypdyr. Gyşyň güni bit tutam bolýar.
TUTANÝERLI 
[tutonýerli], 
syp. 
Tutan 
maksadynda, bir diýen sözünde berk durýan, erjel.  
TUTANÝERLILIK [tutonýerlilik], at. Tutanýerli 
bolmaklyk, erjellik. Ýaşlaryň gaýratyna, gujuryna, 
tutanýerliligine 
sen 
näme 
näbeletmi? 
(B. 
Kerbabaýew).
TUTAR [tutor], at, ser. Tutawaç. Gapynyň 
tutaryny onuň elinden sypdyrdy (Ö. Abdyllaýew).
TUTARYK [tuta:ryk], at. Delil. Sadabyň 
şübhelenmäge tutarygy ýok däldi (G. Kulyýew). 
TUTARYKLY [tuta:rykly], syp. Tutarygy, 
tutalgasy bar bolan, delilli. 
TUTARYKSYZ [tuta:ryksyz], syp. Tutarygy, 
bolmadyk, tutarygy ýok, delilsiz. Tutaryksyz 
gürrüňden birnäçe gezek agzy bişipdi (A. 
Durdyýew). 
TUTARYKSYZLYK 
[tuta:ryksyzlyk], 
syp. 
Tutarygy ýokluk, delilsizlik. 
TUTAŞDYRLYK 
[tutoşduýrluk], 
at. 
Ot 
tutaşdyrmak üçin gerek bolan ownuk gury agaç, 
kagyz, çöpleme we ş.m. zatlar. Öl ýandagyň aşagyna 
Tutaşdyrlyk dykyşdyrdym (K. Gurbannepesow).
TUTAŞDYRMAK [tutoşdurmok], işl. 1. Ody 
kem-kemden ýakyp güýçlendirmek, ýakyp başlamak. 
Derrew muny tutaşdyryp ot ediň! (

Görogly

). 2
göç.m. Agzalalyk döretmek, agzalalyga öjükdirmek, 
ony güýçlendirmek.
TUTAŞDYRTMAK 
[tutoşdurtmok], 
işl. 
Tutaşdyrmagy birine etdirmek. 
TUTAŞDYRYJY [tutoşdurujy], at. Bir zadyň 
başlanmagyna, bolmagyna meçew beriji, başyny 
başlaýjy, ot beriji. 
TUTAŞMA [tutoşmo], iş ady. Tutaşmak 
ýagdaýy. 
TUTAŞMAK [tutoşmok], işl. 1. Ot kem-kemden 
ýanyp ugramak. Onýança ojakdaky tütäp duran 
odun hem tutaşdy (B. Seýtäkow). 2. Has güýjemek. 
Bularyň dawalarynyň nämeden başlap, nähili 
tutaşandygynyň anygyna ýetdim (N. Pomma). 
TUTAŞMAKLYK [tutoşmokluk], iş ady. 
Tutaşmak ýagdaýy. 
TUTAWAÇ [tutowa:ç], at. Bir enjamyň, guralyň 
el bilen tutar ýaly ýeri, tutgujy, tutalgasy, tutary. 
Azalyň oky ýerinde bolsa-da, tutawajy çykypdyr, 
demri poslapdyr (B. Kerbabaýew).
TUTAÝ [tutoý], at, gepl.d. Tutawaç. Ol bir 
sagynjak ýaly etdi-de, tutaýa elini ýetirdi (

Edebiýat 
we sungat

). 
TUTÇULYK [tu:tçuluk], at. 1. ser. Tutluk
Ejegyzyň her elinde bir bedre, tutçulykdan bärik 
saýlanandan, Merede bakyp ýylgyryp, bir yşarat etdi 
(A. Durdyýew). 2. Oba hojalygyň tut agaçlaryny 
ösdürip ýetişdirmek bilen meşgul bolýan pudagy. 
TUTDA-BAS 
[tutdo-vas], 
hal. 
Başagaý, 
aljyraňňy, howsalaly gaýda-gaýmalaşykly ýagdaý. 
Tutda-bas bolşup ýörmek. 
TUTDA-BASLYK [tutdo-vaslyk], at. Howsalaly 
gaýda-gaýmalaşyk ýagdaýda bolmaklyk. Siz bu 
tutda-baslygyňyzy 
goýup, 
agzybir 
ýaşamajak 


386 
bolsaňyz, 
Tyllagözel-de gapyňyzdan garamaz 
(

Edebiýat we sungat

). 
TUTDURMAK [tutdurmok], işl. 1. Bir zady el 
bilen saklatmak, el bilen tutduryp saklatmak. Bir elde 
iki garpyz tutdurmaz (Nakyl). 2. Ele saldyrmak, ele 
düşürtmek, gabatmak, türmä saldyrmak. 3. Bir tarapa 
çaltlyk bilen ylgap gitmek, ökje götermek, ýüzüň 
ugruna gitmek. 
 TUTGUNLYK [tutgunluk], at. Çekinjeň, tutuk 
halda bolmaklyk. 
TUTHA-TUT [tutha:-tut], hal. Köpçülikleýin 
tussag etme, basa-bas. Tutha-tut gowy zadyň 
üstünden eltmeýär. 
TUTHA-TUTLUK 
[tutha:-tutluk], 
at. 
Köpçülikleýin tutmaklyk, köpçülikleýin azatlykdan 
mahrum etmeklik. Otuz ýedinji, otuz sekizinji ýyl 
tutha-tutluk ýyllary bolupdyr. 
TUTLUK [tu:tluk], syp. Tut agajynyň köp biten 
ýeri, köp ekilen meýdany. 
TUTLUŞMAK [tutluşmok], işl. 1. Göreşmek 
üçin biri-biriňi oňaýly tutmak. Tutluşanda iki pälwan, 
Märeke Çaryýara bakýar (Ç. Aşyrow). 2göç.m. Biri 
bilen garpyşmak. 
TUTLUŞYK [tutluşuk], at. 1. Göreşmek üçin 
biri-biriňi oňaýly tutmaklyk. 2. göç.m. Biri-biriň 
bilen garpyşmaklyk. 
TUTMA [tutmo], iş ady. Tutmak ýagdaýy. 
TUTMAK [tutmok], işl. 1. Birini ýa-da bir zady 
el bilen saklamak, ýapyşmak. Elinden tutmak. 2. Ele 
salmak, ele düşürmek. Balyk tutmak. 3. Eýelemek, 
örtmek, ýaýramak. Onuň bütin kellesini baş tutupdyr. 
4. Bir zadyň ugruny başga tarapa öwürmek, 
gönükdirmek. Öý eýesi çyrany içki öýe tutdy. 5
Birini hakyna, kireýine işletmek. Men çoluk tutup, 
ertesi guma ugradym. 6. Tussag etmek, azatlykdan 
mahrum etmek. 7. Bina etmek, gurmak, salmak, 
dikeltmek. 8. Bir zadyň ýüzüne, öňüne nämedir bir 
zat germemek, asmak. Penjirä tuty tutmak. 9
Çenemek, gönülemek, gezemek. Sapançasynyň nilini 
çekgesine tutdy. 10. Dolmak, eýelemek, ýaýramak. 
Şowhunly sesler giň meýdany tutdy. 11. Orun almak, 
bir ýerde ornaşmak, ýerleşmek, ýaşamak. Akylly är 
mesgen 
tutmaz, 
hulky 
söýülmegen 
ýerde 
(Magtymguly). Ol bu işinde düýp tutdy. 12. Biri-biri 
bilen birleşmek, sepleşmek, ýelmeşmek. Ýelim
tutmak. 13. k.d. Hasap etmek, hasaplamak, saýmak. 
Tut owwal dostuňy süýt, iste – gaýmak (Sopy 
Allaýar). 14. Goýalmak, uýamak; gatamak, doňmak 
(suwuk zat hakynda). Gatyk tutupdyr. Derýa bu ýyl ir 
tutdy. 15. Kabul etmek, dogry tapmak, ulanmak. 16.
Iýen zadyň agyr düşüp, süňňüň gaty gowşamak.
Meni nahar tutdumy, nämemi, gözüm ukudan 
açylanok


Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   625   626   627   628   629   630   631   632   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling