Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


TRIBUNA [tiribu:na], at. 1


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet625/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   621   622   623   624   625   626   627   628   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

TRIBUNA [tiribu:na], at1. Köpçüligiň öňünde 
çykyş etmek üçin münber. 2. Stadionlarda,
meýdanlarda tomaşaçylar we harby paradlary kabul 
edýän, demonstrasiýalary gutlaýan adamlar üçin 
biri beýlekisinden beýikde ýerleşýän oturgyçly 
hatarlardan durýan desga.
TRILLION [tirilýo:n], san. 1 000 000 000 000 
belgisiniň ady we onuň aňladýan sany. Müň 
milliarda barabar san bir trillion bolýar. 
TROLLEÝBUS [tyralle:ýbus], at. Elektrik
togy arkaly hereket edýän awtobus görnüşli ulag, 
maşyn. 
TROPIK 
[turo:pik], 
at
1
Ekwatordan 
Demirgazyk hem-de Gunorta tarapa 23º

27' 
uzaklykda ýerleşýän we ekwatora parallel bolan iki 
sany hyýaly tegelek. 2. Şol hyýaly tegelegiň we 
ekwatoryň aralygyndaky ýerler. 
TROPIKI [turo:piki], syp. Tropiklere degişli. 
Tropiki yssy. Tropiki guşaklyk. Tropiki siklon. 
TUG [tu:ğ], at. Baýdak.
TUGRA [tuğro], at. 1. kön.s. Nyşan, belgi. 2
Döwletiň tapawutlandyryş nyşany.  
TUGUN [tu:ğun], at. Aw etmek üçin ulanylýan 
elguşuň bir görnüşi. Garga salsaň, tugun bile depişer 
(Magtymguly). 
TUGÝAN [tuğýa:n]: tugýan etmek joşmak, 
gozgalaň tapmak, baş bermezlik. Takat gerek her gep 
gelip geçmäge, Köňül tugýan eder göwher seçmäge 
(Allaguly Allahy). 
TUKAT [tuka:t], syp. Gaýgyly, gamly, keýpsiz, 
gamgyn. Men hiç wagt tukat bolmaryn, munuň gepe 
çeperliginden, dilewarlygyndan hem öwrenerin (B. 
Kerbabaýew).
TUKATLANDYRMAK [tuka:tlannyrmak], işl. 
Gaýgylandyrmak, gaýgy-hasrata batyrmak, keýpini 
gaçyrmak. 
TUKATLANMAK [tuka:tlanmak], işl. Gaýgyly 
bolmak, gaýga batmak, gam çekmek, gamlanmak. 
TUKATLYK [tuka:tlyk], at. Tukat halda 
bolmaklyk, gaýgylylyk, gamlylyk. Daş-töwerek dym-
dyrslyk bolup, dünýäni tukatlyk basan ýalydy (A. 
Gowşudow). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   621   622   623   624   625   626   627   628   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling