Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet626/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   622   623   624   625   626   627   628   629   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

TULA [tulo], at. 1. Ganjyk güjük. 2. Ýoldan 
çykan aýal. Ýagşy hezzet ýaman tula ýaraşmaz 
(Nakyl).  
TULKULDAMAK [tulkullomok], işl. Bir zadyň 
içindäki suwuklyk çaýkanyp ses etmek, julkuldamak, 
tulkuldyly ses çykmak.
TULKULDATMAK [tulkullotmok], işl. Bir 
zadyň içindäki suwuklygy çaýkap seslendirmek, 
julkuldatmak. Ol suwly meşigi tulkuldadyp, arkasyna 
aldy. 
TULKULDY [tulkully], at. Bir zadyň içindäki 
suwuklyk çaýkananda çykýan sesiň ady. Içi düşen 
garpyzyň tulkuldysy
TULLAMAK [tullomok], işl., gepl.d. Oklamak, 
zyňmak (serTyllamak).  Hany bir çilim tulla. 
TULLANMAK 
[tullonmok], 
işl., 
gepl.d. 
Oklanmak, zyňylmak. Aş goreň de, özüň atma 
tullanyp, Gerçe aç hem bolsaň, halka bellenip 
(Magtymguly).  
TULLUK, at. Hamdan, deriden edilýän suw 
gaby. Ol tullugy suwdan doldurdy. 
TULPAR [tulpor], at. Gylýalyň tokgaja, kiçi 
müçeli tohumy. Aty köp baksaň tulpar bolar (Nakyl). 

 Tulpar ýaly tokgaja, etli-ganly. Agzy ganjaryp 
duran bu tulpar ýaly gyza Işanyň göwni ýetdi (S. 
Myradow). 


384 
TULPARMAK [tulpormok], işl. Tokgaja we 
posalajyk görnüşde bolmak, pökgerip durmak. Onuň 
orta boýy, tulparyp duran alma ýaňaklary bardy (A. 
Gowşudow). 
TULPARYŞMAK 
[tulporuşmok], 
işl. 
Tokgaryşyp 
durmak, 
pökgerişip 
görünmek. 
Endamlary tüýli, sary behiler, güýz gyrawyny ýeňillik 
bilen başlaryndan geçirjekdiklerini habar berýän 
ýaly tulparyşyp durlar (B. Kerbabaýew). 
TULTUK, syp. 1. Içi düşüp ýumşan. Tultuk 
garpyz. 2. Teniň, bedeniň kadaly ýagdaýy gidip 
gowşan (adam hakynda). Tultuk bolmak
TULUMat. 1. Suwuk zatlary saklamak üçin tüýi 
ütülen geçi derisinden taýýarlanylan suw gaby, 
meşik. 2. gepl.d. Gopbam, ulumsy, özüni ilden 
ýokary saýýan, taky-tulum. Tulum adam. 
TULUŇ, at. 1. Göz bilen gulak arasy, duluk. 2
Atyň kellesine geýdirilýän uýandaky bir halka. 
TUMAK [tuma:k], syp. Ulumsy, gopbamsy, 
özüni hondanbärsi saýýan. Tumak oglan. 
TUMAR [tumor], at. 1. zergärç. Aýal-gyzlaryň 
dakynýan bezeg şaýy. Gyrmyzy bag, kümüş tumar, 
Tylladan heýkelli saçyň (Mätäji). Ol düwünçegini 
çözüp, içinden uly tumaryny çykardy-da, ortada 
goýdy (H. Ysmaýylow). 2. Gyza dakylýan at. 
TUMARÇA [tumorço], at. Tumara meňzeş 
kiçiräjik bezeg şaýy, kiçijik tumar. 
TUMARGÜL [tumorğül], at. Haly-palasa, keçä 
salynýan nagyş, gül. 
TUMAÝAK [tu:maýak], at. Maşgalasyz-zatsyz 
galan biçäre. 
TUMŞUKat. 1. Haýwan kellesiniň agyz, burun 
ýerleşýän bölegi. Möjek dost, ýaňy men tumşugymy 
asmana tutup gördüm weli, asmandaky aýa gözüm 
düşäýdi (

Türkmen halk ertekileri

). 2. göç.m. Ýüz 
(adamyň ýüzi hakynda). 

 Tümşugyňy ýokary tutmak özüňi hondanbärsi 
saýmak, özüňi ulumsy tutmak. 
TUNISLI [tuni:sli], syp., ser.Tunisliler
TUNISLILER [tuni:sliler], Tunisiň ýerli arap 
halky. 
TUPAN [tupa:n], at. Güýçli ýel, harasat, gaý. 
Eşek-de döz gelmän beýle tupana, Aýak aldygyna 
çapdy şol ýana (A. Kekilow).
TURAÇ [tura:ç], at. 1. Käkilige meňzeş aw guşy. 
Tokaýlaryň turajy, akar suwuň balygy (Mätäji). Guş 
salsaň, käkilik, turaç awlanar, Peleňdir, gaplaňdyr, 
şirdir bu daglar (Misgingylyç). 2. Gyza dakylýan at.
TURAP [tura:p], at, k.d. 1. Gum, toprak. Ahyry 
barçasy boldular turap, Bir medet kyl jümle-jahan 
haky üçin! (

Melike – Dilaram

). 2. Oglana dakylýan 
at. 
TURBA [turvo], at. Suw, suwuklyk, gaz, bug we 
ş.m. akdyrmak, geçirmek üçin niýetlenilen dürli 
ölçegdäki, galyňlykdaky içi deşik uzyn metaldan we 
beýleki materiallardan ýasalýan enjam. 
TURMA [turmo], iş ady. Turmak ýagdaýy. 
TURMAK [turmok], işl.1. Oturan, ýatan 
ýeriňden dik galmak, aýak üstüne galmak. 2. Ukudan 
oýanmak, ukudan oýanyp, ýeriňden galmak. 
Hemmelerden ir turup, çagalaryň çaý-suwuny 
berişdirmeli we mekdebe ugratmaly. 3. Herekete 
gelip başlamak, döremek, ýüze çykmak. Birden tozan 
turdy. 
TURMAKLYK [turmokluk], iş ady. Turmak 
ýagdaýy. 
TURMAZLYK [turmozluk], iş ady. Turmak 
hereketi amal edilmezlik. 
TURP, at. 1. Uly, süýri ýaprakly ekin. 2. Şol 
ekiniň düýbi şugundyr ýaly ululykdaky ak, gyzyl, 
gara reňkli iýilýän hasyly. 
TURPA [turpo], syp., kön.s., ser. Türpe. Neçün 
olasen 
gamgyn, 
bir 
turpa 
jenan 
sen-sen 
(Mollanepes). Men şu gün waspyňny aýdaý turpa 
nyşanly bedew (Mätäji). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   622   623   624   625   626   627   628   629   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling