Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


TÖRPÜLETMEK  [törpülötmökj,  işl.  Törpülemek işini başga birine etdirmek.  TÖRPÜLEÝIŞ


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet623/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   619   620   621   622   623   624   625   626   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

TÖRPÜLETMEK 
[törpülötmökj, 
işl. 
Törpülemek işini başga birine etdirmek. 
TÖRPÜLEÝIŞ [törpülöýüş], iş ady. Törpülemek 
ýagdaýy. 
TÖRPÜLÄBERMEK [törpülä:vermek], işl. 
Törpüläp başlamak. 
TÖTEK [tötök], at. Jöwen unundan bişirilen 
çörek, zagara. Uruş ýyllary jöwen unundan tegelejik 
tötek bişirilerdi. 
TÖTEKLIK [tötöklük], syp. Tötek etmäge 
niýetlenen, gerek bolan (jöwen uny). 
TÖTÄNDEN [tötä:nnen], hal. Garaşylmaýan 
ýagdaýda, ýörite däl, birden. Günleriň bir gününde 
tötänden gördüm seni (A. Kekilow).
TÖTÄNLEÝIN [tötä:nleýin], hal. Garaşylmadyk 
ýagdaýda, duýdansyz bolan. Bu iş geçen ýyl 
tötänleýin bolupdy. 
TÖTÄNLIK [tötä:nlik], at. Tötänleýin ýagdaý. 
TÖWEKGEL [töwökgöl], at. Hudaýa bil baglap, 
näme bolsa şol bolsun diýip, soňunyň näme bilen
gutarjagyna garaman hereket edýän; soňy gowulyk 
bilen gutarar diýen umyt bilen çekinmän hereket 
edýän adam. Namart bilen uzak ýola gitmegil, Baş 
goşawer bir töwekgel mert bilen (Magtymguly). Ol 
towekgel adamdy
TÖWEKGELLIK [töwökgöllük], at. Töwekgel 
adama mahsus bolan gylyk-häsiýet, töwekgelçilik. 
TÖWEKGELÇILIK [töwökgölçülük], at, ser. 
Töwekgellik.
TÖWELLA [töwölla:], at. Birine eýle bolma, 
beýle etme diýip, köşeşdirmek maksady bilen ýüz 
tutulyp edilýän haýyş. Töwella etdi delmuryp, Rehm 
etmedim bagrym erip (Mollanepes). 
TÖWELLAÇY [töwölla:çy], at. Töwella edýän 
adam, töwella ediji. 
TÖWEREK [töwörök], at. 1. Her bir nokady 
merkezden deň daşlykda birleşýän bitewi aýlaw 
çyzyk, tegelek. Töwerek boýunça deňölçegli hereket 
fizikanyň kanunydyr. 2. Biriniň ýa-da bir zadyň 
daşyny gurşap alan giňişlik, ýakynyndaky ýerler. 
Töwerekde dabara, şatlyk höküm sürýär. 3. Ýakyn 
dost-ýar, dogan-garyndaş. Ol öz töweregini ýygnap, 
üýşmeleň etdi. 4. Çen, takmyn, çemesi. Bu 
oturanlaryň ikinjisiniň kyrkyň töweregi ýaşy bardy 
(A. Gowşudow).
TÖWEREKLEÝIN 
[töwöröklöýün], 
hal. 
Hemme taraplaýyn, ähli ugurlar boýunça, giňden. 
Her bir işi ýerine ýetirjek bolanyňda töwerekleýin 
pikir etmeli.  

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   619   620   621   622   623   624   625   626   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling