Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet621/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   617   618   619   620   621   622   623   624   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

TOÝLAMAKLYK [toýlomokluk], iş ady. 
Toýlamak ýagdaýy. Onuň toýuny gaýra goýman 
toýlamaklyk maslahat bilindi. 
TOÝLAMAZLYK [toýlomozluk], iş ady.. Toýy 
sowmazlyk; toý geçirmezlik. 
TOÝLANMAK [toýlonmok], işl. Toý edilmek, 
geçirilmek. Garaşsyzlyk toýy toýlanjak dabaraly güne 
uly taýýarlyk görülýär. 
TOÝLUK, syp. Toý üçin alnan, taýýarlanylan, 
niýetlenen zat. 

Toýluk bolsun! bu dileg ýaş, jaý, gelin toýy 
tutýan adama aýdylýar. 
TOÝLYsyp. 1. Mydama toý ýagdaýynda bolan. 
2göç.m. Göwreli, göwresinde çaga bar bolan (aýal). 
Gelniňiz hem, tüweleme, toýly eken! 3. Oglana 
dakylýan at. 
TOÝ-MEÝLIS, at. Toý-baýram, baýramçylyk. 
Toý-meýlis gezen bagşylar, Ýary gördüňmi, 
gördüňmi? (Halk aýdymyndan). 
TOÝNAK [toýnok], at. 1. Käbir süýdemdiriji 
haýwanlaryň aýaklarynyň gutaran ýerindäki buýnuz 
gabyk. At toýnagynyň dükürdisi. 2. göç.m. Aýak 
(nägile äheňde). Öläýmesem, bu öýe olaryň toýnagy 
düşmez (B. Pürliýew).

Toýnagy düşmezlik bir ýere baryp bilmezlik, 
gatnaşyk etmezlik. Toýnagyny gyrkmak biriniň bir 
ýere gelmegini, barmagyny bes etdirmek. Toýnak 
salmak depmek. Ýaby gulagyny gypyp, birden goşa 
toýnagy saldy-da ýazzyny berdi (A. Durdyýew). 
TOÝNAKLY [toýnokly], syp. Toýnagy bolan. 
Agyzla gapdyrma, toýnakla depdirme (Nika gyýlanda 
edilýän arzuw). 
TOÝNUK, at. 1. Esasan düýä, eşege odun 
ýüklenende, ýüpi aňsatlyk bilen daňar we çözer ýaly 
ulanylýan, ýüpüň ujuna dakylýan haçjaly agaç. Ýüp 
syrygar, toýnukdan geçer (Nakyl). 2. Uly mallaryň 
buduna, goýun ýaly ownuk mallaryň gulagyna 
toýnuk görnüşinde basylýan tagmanyň bir görnüşi. –
Budunyň ýüzi toýnuk tagmaly üç ýaşar düýe gören-ä 
dälsiňiz? – diýip, menden sorady (N. Geldiýew). 3
Deriniň ýygyrtlaryny ýazmak üçin gural. Deri toýnuk 
bilen işlenýär. 4. Aşak ujy tutar ýaly edilip kesilen 
haçja (çagalar onuň iki ujuna rezin dakyp ýaý 
edinýärler).


Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   617   618   619   620   621   622   623   624   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling