Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet627/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   623   624   625   626   627   628   629   630   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

TURPÇA [turupço], at1. Ýaşyl tegelek ýaprakly 
gök ekin, redisge. 2. Şol ekiniň düýbi hoz ýaly 
togalak ýa-da käşir ýaly süýnmek iýilýän hasyly. 
TURŞAMA [turşomo], iş ady. Turşamak 
ýagdaýy. 
TURŞAMAK [turşomok], işl. 1. Ajap, turşy 
bolmak, ajama ýagdaýyna geçip başlamak. 2. Asyl 
bolşuňdan erbetlige üýtgemek. Sen öňki süýtlügiňe 
galjakmy, gönezligiň ýetip uýajakmy ýa-da öteräk 
düşüp turşajakmy? (B. Kerbabaýew). 
TURŞAMAKLYK [turşomokluk], iş ady. 
Turşamak ýagdaýy. 
TURŞAMAZLYK [turşomozluk], iş ady. Turşy 
halyna geçmezlik. 
TURŞAŞMAK [turşoşmok], işl. Ýaňy turşap 
başlamak, kem-kemden turşap başlamak. Basyrylan 
gatyklar turşaşypdyr. 
TURŞATMAK [turşotmok], işl. 1. Turşy etmek, 
ajatmak. Kelem, pomidor ýaly gök önümler gyş 
möwsümi üçin turşatmak, duzlamak arkaly saklanýar. 
2. Ýüz-gözüňi çytmak, egşitmek. 
TURŞAÝYŞ [turşoýuş], iş ady. Turşamak 
ýagdaýy. 
TURŞUJA [turşujo], at, ösüml.d. Uzyn ýasyja 
ýaprakly, turşy tagamly iýilýän ot. 
TURŞULYK [turşuluk], at. 1. Turşy häsiýetlilik, 
turşy tagamlylyk. 2. Turşulyk derejesi. 
TURŞUMTYK [turşumtuk], syp. Turşy kakýan, 
çalarak turşy tagamly. 
TURŞY, syp. Çalyň, gatygyň ýa-da çigräk 
miwäniňki ýaly özboluşly ýiti tagam. Turşy çal. 
TURULMAK [turulmok], işl. Oturan, ýatan 
ýeriňden dik galynmak, aýak üstüne galynmak. 2
Ukudan oýanyp, ýeriňden galmak, örmek. Belki, bu 
ýerde giç turulsa-da turulýandyr (N. Saryhanow). 
TURUNÇ, at. Pyrtykala meňzeş turşy miwe. 
Biziň bagyň alma, nary, turunjy, Jan Hemrahym, siziň 
ilde näler bar? (

Saýatly – Hemra

). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   623   624   625   626   627   628   629   630   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling