385
gürrüňimiz turuwbaşdan alşyp gitdi (
Edebiýat we
sungat
).
TURUZMAK [turuzmok],
işl. 1. Oturan, ýatan
ýerinden dik galdyrmak, dikeltmek, dik duruzmak.
2.
Ýatan adamy ukudan oýarmak.
3.
göç.m. Bolmasy
zada, mysal üçin, dawa, jenjele başlamak.
Gykylyk
turuzmak.
TUSSAG [tussoğ],
at. Gorag astynda, aýratyn
şertlerde saklanylýan, azatlykdan, erkinlikden,
raýatlyk hukuklaryndan kesilen adam.
TUSSAGHANA [tussoğha:na],
at, ser. Türme.
TUSSAGLYK
[tussoğluk],
at.
Tussagda
bolmaklyk, azatlykdan mahrumlyk.
TUT [tu:t],
at. Ýasy ýapragy ýüpek gurçugyna
berilýän, tudana miweli, şahalary ýaýbaň, agajy gaty
köpýyllyk ösümlik.
Şundan bir aý ozal, tut kesilýän
günleridi (A. Gowşudow).
Tut ýaly bolmak sagalmak, sagadyňa çykmak.
Inerim, örän ýagşy, şu gün edil tut ýaly sagaldym (A.
Gowşudow).
TUTAÇ [tutoç],
at. 1. Esasan, gyzgyn gazan,
tabak we ş.m.
zatlary tutmak, götermek üçin
ulanylýan keçe bölegi, esgi we ş.m. zatlar.
Ol tutaç
almaga hem howlugyp, ýeňi bilen tutdy-da, tüňçäni
derrew yza çekdi (N. Pomma).
2.
ser. Tutawaç.
Tutajy bir eýýäm gopan portfeli, başyndaky şlýapasy
iki ýana zyňyldy (B. Kerbabaýew).
Do'stlaringiz bilan baham: