Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


TIRÝEKHOR [tirýekho:r], syp., ser. Tirýekkeş


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet612/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   608   609   610   611   612   613   614   615   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

TIRÝEKHOR [tirýekho:r], syp., ser. Tirýekkeş
TIRÝEKHORLUK [tirýekho:rluk], at, ser. 
Tirýekkeşlik
TIRÝEKIsyp., ser. Tirýekkeş
TIRÝEKILIKat, ser. Tirýekkeşlik
TIRÝEKKEŞ, at. Tirýek çekýän ýa-da atýan 
(adam), neşekeş, neşebent. 
TIRÝEKKEŞLIK, at. Tirýekkeş bolmaklyk, 
tirýekden habarlylyk, neşekeşlik. 
TISGINDIRMEK 
[tisğinnirmek], 
işl. 
Duýdansyzlykda birden ziňkildetmek, gorkuzyp 
allaniçigsi etmek. Şol habar diňe bir meni däl, 
beýlekileri-de tisgindirdi. 
TISGINIŞ [tisğiniş], iş ady. Tisginmek ýagdaýy. 
TISGINIŞMEK [tisğinişmek], işl. Birnäçe bolup 
tisginmek. 
TISGINJIREMEK 
[tisğinjiremek], 
işl. 
Duýdansyzlykda çalarak tisginmek. Onuň dodaklary 
tisginjiredi. 
TISGINME [tisğinme], iş ady. Tisginmek 
ýagdaýy 
TISGINMEK [tisğinmek], işl. Gorky-ürki we 
ş.m. sebäpli alaniçigsi bolmak. Oglanjyk tisginip 
gitdi. 
TISGINMEKLIK 
[tisğinmeklik], 
iş 
ady. 
Tisginmek ýagdaýy. 
TIŞIsyp., kön.s. Urkaçy (haýwanlar hakynda). 
TITI [ti:ti], syp., gepl.d. Özüni öte arassa 
saklaýan, gowy, arassa geýinýän. 
TITILLEMEK [ti:tillemek], işl., gepl.d. Üstüne-
başyna serenjam berip, aladasyz gezmek, ýaşamak. 
Onuň iş etsem diýen pikiri ýok, haçan görseň titilläp 
ýörendir. 
TITILLEŞMEK [ti:tilleşmek], işl., gepl.d. 
Bilelikde titillemek. Iki jora titilleşip, seýilgähe tarap 
ugrady. 
TITIRat,
 
ös . Daglyk we çöllük ýerlerde ösýän 
gyrymsy köpýyllyk ösümlik. 
TITIRDEMEKişl.ser. Titremek. 
TITIRDEŞMEKişl.ser. Titreşmek. 
TITIR-TITIR: titir-titir etmek gorky, üşütme, 
gahar we ş.m. sebäpli sandyrap titremek. 
TITREME [titireme], iş ady. Titremek ýagdaýy. 
TITREMEK [titiremek], işl. 1. Zarba ýa-da 
başga bir zadyň güýji, täsiri we ş.m. sebäpli 
yrgyldamak, yraň atmak. Onuň sakgaly hem 
titreýärdi. 2. Gorky, üşütme, gahar we ş.m. zerarly 
bedeniň galpyldamak, sandyramak. 3. Güýçli ýerasty 
sarsgyn sebäpli ýeriň üstki gatlagy yranmak.Ýer 
titremek.
TITREMEKLIK [titiremeklik], iş ady. Titremek 
ýagdaýy. 
TITREŞMEK [titireşmek], işl. Köp zat bilelikde 
titremek. 
TITRETMEK [titiretmek], işl. Bir zady 
sandyratmak, yrgyldatmak, titreme emele getirmek. 
Ysytma onuň deşli göwresini titredýärdi. 


372 
TITREWÜK [titiröwük], 1. syp. Titräp duran, 
sandyrawuk. Titrewük ses. 2. Köplenç, eli titräp 
duran adam. 
TITREÝIŞ [titireýiş], iş ady. Titremek ýagdaýy. 
Her gezek ýeriň titreýşi dürli bolýar. 
TIZ [ti:z], hal. Çalt, derrew, basym, dessine.  

Tiz lukmançylyk kömegi 1) gyssagly suratda 
ilkinji lukmançylyk kömegini bermek, şonuň ýaly-da 
heläkçilige uçranlary kesel bejeriş edaralaryna 
getirmek bilen meşgullanýan medisina gullugy. 2
heläkçilige uçran adamlary gyssagly suratda kesel 
bejeriş edaralaryna getirýän maşyn. Tiz kömek ser. 
Tiz lukmançylyk kömegi
TIZDEN-TIZ [ti:zzen-ti:z], hal. Örän tiz, gaty 
çalt, derrew. Tizden-tiz sorasyn, bikär ýatmasyn, Çyn 
ýagşynyň galyňyndan gaýtmasyn (Çary Afzal). 
TIZLEME [ti:zleme], iş ady. Tizlemek ýagdaýy. 
TIZLEMEK [ti:zlemek], işl. Bir zadyň, işiň we 
ş.m. amal edilişini çaltlandyrmak. Bu işi tizlemek üçin 
her kimiň ýerli-ýerden, güýjüniň ýetdiginden kömek 
bermegi gerek. 
TIZLEMEKLIK [ti:zlemeklik], iş ady. Tizlemek 
ýagdaýy. 
TIZLENDIRMEK 
[ti:zlennirmek], 
işl., 
ser.Tizleşdirmek
TIZLENME [ti:zlenme], iş ady. Tizlenmek 
ýagdaýy. Otlynyň tizlenme hereketi sagatda 60 km 
barabar boldy. 
TIZLENMEK [ti:zlenmek], işl. Çaltlanmak, 
batlanmak, belli bir tizlige eýe bolmak. 
TIZLEŞDIRILMEK 
[ti:zleşdirilmek], 
işl. 
Çaltlaşdyrylmak. 
TIZLEŞDIRMEK [ti:zleşdirmek], işl. Bir işiň 
edilmegini çaltlandyrmak, depginini güýçlendirmek. 
Onuň tutanýerli zähmeti gözleg işlerini tizleşdirýärdi. 
TIZLEŞMEK [ti:zleşmek], işl. Çaltlaşmak, 
depgini güýçlenmek, basym bolmak. Näçe yhlasly 
işlense, kölüň gurluşygy şonça-da tizleşer. 
TIZLEÝIŞ [ti:zleýiş], iş ady. Tizlemek ýagdaýy. 
TIZLIK [ti:zlik], at. 1. Bir işiň, hereketiň çaltlyk 
derejesi. Otlynyň tizligi. 2. fiz. Wagt aralygyna 
laýyklykda jisimiň geçen ýoluna bolan gatnaşygy. 
Orta tizlik. Haýal tizlik. Tizlik birligi. 
TIZLIKDE [ti:zlikde], hal. Ýakyn wagtda, uzaga 
çekdirilmän, tiz wagtyň içinde, ýakynda, golaýda. 
TIZ-TIZ [ti:z-ti:z], hal. Çalt-çalt. 
TIZ-TIZDEN [ti:z-ti:zzen], hal. Çalt-çaltdan, ara 
wagt salman, dessine, haýal etmän. Onuň sesi başga 
daraklaryň sesinden has zarplyrak çykyp, kakymy tiz-
tizden berilýärdi. 
TOBA [to:vo], üml. Puşman etme, päliňden 
gaýtma. – Toba, toba! – diýip ýakasyna tüýkürdi. 

Toba etmek (eýlemek, kylmak) päliňden 
gaýtmak, gaýtmyşym etmek, puşman etmek. 
Ýigitlikde kylsaň toba, köp derdiňe dowa bolar 
(Magtymguly). Toba getirmek ýola salmak, tertibe 
salmak, eden işine ökündirmek. 
TOBA-TAGSYR [to:vo-tağsy:r], üml., ser. Toba

 Uly söze toba tagsyr  

uly geplemäýin

diýen 
manyda ulanylýan aňlatma.  
TOGALAK [toğolok], syp. 1. Top, pökgi 
görnüşindäki. 2. Oklaw şekilli, ýasy däl. Togalak 
pürs. 3. göç.m. Kelte boýly hem-de inedördül. 
Togalak oglan. 
TOGALAMA [toğolomo], iş ady. Togalamak 
ýagdaýy. 
TOGALAMAK [toğolomok], işl. 1. Bir zady 
togalak etmek, togalak görnüşine getirmek
togarlamak. 2. Oklaw, turba görnüşine getirmek. 3
Tigirläp goýbermek, togarlamak. Olar gaýadan daş 
togaladylar. 
TOGALAMAKLYK [toğolomokluk], iş ady. 
Togalamak ýagdaýy. 
TOGALANMAK [toğolonmok], işl. 1. Togalak 
bolmak. 2. Eýläk-beýläk agdarylmak, agynamak. Iti 
boşanyp, ekiniň içinde togalanyp oýnapdyr. 3
Ýokardan 
aşak 
aşyrylyp-aşyrylyp 
gitmek, 
togarlanmak. 
TOGALANYŞMAK [toğolonuşmok], işl. Köp 
bolup togalanmak. 
TOGALAŞDYRMAK [toğoloşdurmok], işl. Köp 
zady togalap çykmak. Ol horjuna elini sokup, alma 
hem nar çykaryp, ogluna tarap togalaşdyrdy. 
TOGALAŞMAK 
[toğoloşmok], 
işl
1
Togalamaga kömek etmek. 2. Birnäçe bolup bilelikde 
togalamak. Adamlar dagdan daş togalaşyp durdular. 
TOGALATMAK [toğolotmok], işl. Togalamak 
işini başga birine etdirmek. 
TOGALAÝYŞ [toğoloýuş], iş ady. Togalamak 
ýagdaýy.
TOGAP [toğa:p]: togap etmek birini ýa-da bir 
zady mukaddes hasap edip, daşyndan aýlanmak, şoňa 
çokunmak, maňlaýyňa sylmak, degirmek. Men togap 
edermen aýak tozlaryň (

Şasenem – Garyp

). 
TOGAR [toğor], syp.,at. Kagyz, mata ýaly ýuka 
zatlaryň öz daşyna saralan bölegi, top. Bir togar 
kagyz. 
TOGARLAMA [togorlomo], iş ady. Togalamak 
ýagdaýy.
TOGARLAMAK [toğorlomok], işl., gepl.d. 
Togalamak. 
TOGARLANMAK [toğorlonmok], işl., gepl.d. 
Togalanmak. Ol iki ýana togarlanýardy. 
TOGARLAŞMAK 
[toğorloşmok], 
işl. 
1
Togarlamaga kömekleşmek. 2. Birnäçe bolup 
bilelikde 
togarlamak. 
Oglanlar 
üýşüp 
gar 
togarlaşdylar. 
TOGARLATDYRMAK [toğorlotdurmok], işl., 
ser. Togarlatmak.
TOGARLATMAK 
[toğorlotmok], 
işl. 
Togarlamak işini başga birine etdirmek. Kakam 
howludaky pürsleri, çelekleri bize togarlatdy. 
TOGARLAÝYŞ 
[toğorloýuş], 
iş 
ady. 
Togarlamak ýagdaýy. 
TOGDARY [toğdory], at. Gazlar maşgalasyndan 
bolan uly aw guşy. 
TOGSAN [toğson], san. 90 belgisiniň ady we 
onuň aňladýan sany.


373 

Togsan dolmak gyşyň üç aýy, togsan güni 
tamamlanmak, gyş çykmak. Togsan dolup, tamam 
bolsun gyşymyz (Magtymguly). 
TOGSANYNJY [toğsonunjy], 90 sanyndan 
ýasalan tertip san. 
TOGTADYLMAK [toğtodulmok], işl. Hereketi 
bes edilmek, duruzulmak.
TOGTAMA [toğtomo], iş ady. Togtamak 
ýagdaýy. 
TOGTAMAK [toğtomok], işl. 1. Hereketi 
durmak, ýatmak, saklanmak. Harasat togtap, howa 
açylypdy. 2. Aýak çekmek, durmak, ýöremegi bes 
etmek, saklanmak. Olar uly erik agajynyň düýbünde 
togtadylar. 
TOGTAMAKLYK [toğtomokluk], iş ady. 
Togtamak ýagdaýy. 
TOGTAŞMAK [toğtoşmok], işl. 1. Köp zadyň 
hereketi togtamak. 2. Birneme saklanmak, ýatyşmak, 
az-owlak köşeşmek, duruşmak. Köşekleriň bozlaşygy 
birneme togtaşdy. 
TOGTATMAK [toğtotmok], işl. Saklatmak, 
bökdetmek, duruzmak. Düýnki ýagan gar gyzgalaňly 
barýan işi wagtlaýynça togtatdy. 
TOGTAW [toğtow], at, gepl.d. Hereketsiz 
ýagdaý. 
TOGTAWSYZ 
[toğtowsuz], 
syp. 
Hemişe 
hereketde bolan, dynuwsyz, birsyhly, durman. Dogry, 
otlynyň işi elmydama togtawsyz, köp hysyrdyly işdi. 
TOGTAÝYŞ [toğtoýuş], iş ady. Togtamak 
ýagdaýy. 
TOHUM, at. 1. Ekmek üçin niýetlenen saýlama 
däne, çigit. 2. Janly bedeni emele getirýän madda, 
döl. 3. Hili oňat (haýwan). Tohum at. 4. Nesil, nebere, 
tohum-tiç. 

 Tohum almak tohumlar gögerip, düýp tutmak. 
TOHUMÇYLYK 
[tohumçuluk], 
at, 
Oba 
hojalygynyň tohum taýýarlaýan pudagy.  

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   608   609   610   611   612   613   614   615   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling