Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet610/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   606   607   608   609   610   611   612   613   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

TILSIMLI, syp. Tilsimi bar bolan, emeli bar 
bolan. Bujagaz açarlar şol tilsimli gapylary ozal hem 
birnäçe gezek açypdy. 
TIMAR [ti:ma:r], at. Bejerme, ýylmama, 
owadanlama, darama. 

Timar bermek ser. Timarlamak. Daňdan 
turup, zülpüň darap, Timar bergin saçlaryňa 
(Mätäji). 
TIMARLAMA [ti:ma:rlama], iş ady. Timarlamak 
ýagdaýy. 
TIMARLAMAK [ti:ma:rlamak], işl. Taraşlap 
görke getirmek, timar bermek. 
TIMARLAMAKLYK [ti:ma:rlamaklyk] iş ady. 
Timarlamak ýagdaýy. 
TIMARLANMAK [ti:ma:rlanmak], işl. Timar 
berilmek.Olary göreniňde, çaga elleriniň astyndan 
çykan iş diýip aýdar ýaly däl, örän gelşikli 
timarlanypdyr (

Mugallymlar gazeti

). 
TIMARLAŞDYRMAK [ti:ma:rlaşdyrmak], işl
Bir ýanyndan timarlap çykmak. 
TIMARLAŞMAK 
[ti:ma:rlaşmak], 
işl.
1.Timarlamaga 
kömekleşmek. 
2
Bilelikde 
timarlamak.
TIMARLATMAK 
[ti:ma:rlatmak], 
işl. 
Timarlamak işini başga birine etdirmek. Öýümiziň 
içini gyzlara timarlatdyk. 
TIMARLAÝYŞiş ady. Timarlamak ýagdaýy. 
TIMARLY [ti:ma:rly], syp. Gowy timar berlen
gelşikli. Terbaza şiweli, käkilik nagyşly, Tugun guş 
timarly, tarlan bakyşly (Magtymguly). 
TIMISGENIŞMEK 
[timisğenişmek], 
işl. 
Birnäçe bolup timisgenip ýörmek. 
TIMISGENME 
[timisğenme], 
iş 
ady. 
Timisgenmek ýagdaýy. 
TIMISGENMEK [timisğenmek], işl. Bir zady 
aňtap ýörmek, bir zadyň ugrunda ysyrganyp ýörmek. 
Timisgenip ýörmek. 
TIMISGENMEKLIK [timisğenmeklik], iş ady. 
Timisgenmek ýagdaýy. 
TIMISGENIŞ [timisğeniş], iş ady. Timisgenmek 
ýagdaýy. 
TIŇKE: tiňkäňi dikmek birine ýa-da bir zada 
dikanlap seretmek, jiňkerilmek,bar ünsüňi bir nokada 
gönükdirip, siňe seretmek.
TIŇŇILDEME [tiňňilleme], iş ady. Tiňňildemek 
ýagdaýy. 
TIŇŇILDEMEK [tiňňillemek], işl. Tiňňil-tiňňil 
edip ses çykmak, tiňňildili seslenmek. Dutarlar 
tiňňildeýärdi. 
TIŇŇILDEMEKLIK [tiňňillemeklik], iş ady. 
Tiňňildemek ýagdaýy. 
TIŇŇILDETMEK [tiňňilletmek], işl. Tiňňildili 
saz çalmak. Bagşy dutaryny eline alyp, tiňňildedip 
başlady. 
TIŇŇILDI [tiňňilli], at. Kirişli saz gurallary 
ýuwaşjadan çalnanda çykýan sesiň ady, tyňňyrdy. 
TIŇŇIRDEDIŞMEK, işl. Birden köp bolup 
tiňňirdetmek. Men otaga girenimde, oglanlar 
dutaryny başly-barat tiňňirdedişip otyrdylar. 


370 
TIŇŇIRDEMEK, işl., ser. Tyňňyrdamak.Onuň 
dutarynyň tiňňirdäp çykýan ýakymly owazy heniz hem 
gulagymda ýaňlanyp duran ýaly. 
TIŇŇIRDETMEKişl., ser. Tyňňyrdatmak
TIŇŇIRDIat. Tyňňyrdy, tyňňyldy. 
TIŇŇI-TIŇŇI, s.ş.aňl.söz. Kirişli saz gurallar 
ýuwaşjadan çalnanda çykýan ses, tyňňy-tyňňy. 
TIR [ti:r] I, at. Öwrenmek ýa-da türgenleşmek 
işini geçirmek üçin nyşana ok atylýan ýer, jaý. 
TIR [ti:r] IIat, kön.s. Ýaýyň oky. Ganym bilen 
tiri-keman atyşdym (

Saýatly – Hemra

). Kirpikleri 
okdur, gaşy kemandyr, Nyşan boldum atan tirine 
gyzyň (Mätäji). 
TIR [ti:r] III, at. Galla öwsülýän gap, öwser. 

Hemişeki galandarlarmyka

diýip, ýyrtyk tirde bir 
gysym dary çykaryp berdiler (

Görogly

). 
TIRANA 
[ti:ra:na], 
at. 
1
Bekreler 
maşgalasyndan bolan burny uzyn, gymmatbaha 
balyk. 2. Geýime salynýan bir nagşyň ady. 
TIRDIRMEK [ti:rdirmek], işl., ser. Ýygdyrmak
Açylan gülleri tirdirmek. 
TIRE [ti:re], at. Urug, taýpa içindäki garyndaşlyk 
tarapyndan bölünen topar.  
TlREBAŞY [ti:revaşy], at. Tiräniň aksakaly, 
ýaşulusy, öz tiresine kethudalyk edýän adam. 
TIREBAŞYLYK [tirevaşylyk], at. Tirebaşy 
bolmaklyk, tirä kethudalyk etmeklik. 
TIREBAZ [tireva:z], syp., ser. Tireparaz
TIREBAZLYK 
[ti:reva:zlyk], 
at, 
ser. 
Tireparazlyk
TIREÇILIK [ti:reçilik], syp., ser. Tirebazlyk
TIREDEŞ [ti:redeş], syp. Bir tireden bolan, 
tireleri bir bolan, asly bir tireli. 
TIREPARAZ [ti:reparaz], syp. Öz tiresiniň 
bähbidini has ileri tutýan, ony goldaýan, tirebaz, 
tireçi. 
TIREPARAZLYK [ti:reparazlyk], at. Öz tiräň 
bähbidini has ileri tutmaklyk, ony goldamaklyk, 
tirebazlyk, tireçilik.
TIRE-TAÝPA [ti:re-ta:ýpa], at, ser. Tire we 
Taýpa
TIRILMEK [ti:rilmek], işl., ser. Ýygylmak
TIRIŞMEK [ti:rişmek], işl., ser. Ýygyşmak
TIRIŞ [ti:riş], iş ady. Tirmek ýagdaýy. 
TIRJINat. Gamşa meňzeş uzyn boýly, baldagy 
çybyk ýaly gaty ösümlik. Kuwwatlyrak ýylgyndan bir 
ýaý ýasady, tirjinden ok ýasady, ujunam peýkam etdi 
(

Görogly

). 
TIRJINMEK, işl., gepl.d. Biriniň golaý ýanyna 
baryp, dim-dik bolup durmak. 
TIRKEG [tirkeğ], at. Bir zadyň yzyna tirkelýän 
ulag we onuň serişdeleri, enjamlary. Traktorlaryň, ot 
ýatyrýan maşynlaryň we beýleki tirkeg gurallarynyň 
onlarçasy bar (

Türkmenistan

). 

Tirkege almak öz maşynyň, ulagyň yzyna 
tirkemek. Onuň maşynyny tirkege aldyk. 
TIRKELMEKişl. Bir zadyň yzyna berkidilmek, 
tirkeg edip goşulmak. Maşyn traktoryň yzyna tirkeldi. 
TIRKEMEiş ady. Tirkemek ýagdaýy.
TIRKEMEKişl. 1. Bir zadyň yzyna berkitmek, 
tirkeg edip goşmak. Maşyny maşynyň yzyna tirkäp 
getirmek. 2. Yzyna düşürip ýa-da ýanyň bilen alyp 
gitmek, gelmek. Atasy agtygyny yzyna tirkäp, dükana 
gitdi. 
TIRKEMEKLIKiş ady. Tirkemek ýagdaýy.
TIRKEŞ, syp. 1. Biri-biriniň yzyndan tirkeşip 
gelýän. Tirkeş sözler. 2. Oglana dakylýan at. 
TIRKEŞDIRMEK, işl. Biri-biriniň yzyna 
tirkemek, baryny tirkäp çykmak. 
TIRKEŞIKat. Biri-biriniň yzyna tirkelen, hatara 
düzülen janly we jansyz zatlar. Olar dört tirkeşik 
bolup, atlaryny ýolsuz ýerden sürüp gitdiler. 
TIRKEŞMEKişl. 1. Biriniň yzyna düşmek, biri 
bilen gezmek ýa-da köp bolup bile gezmek. Biz üç 
bolup tirkeşip gelýäris (

Edebiýat we sungat

). 2
Dost bolup gezmek, dostluk aragatnaşygyny 
saklamak. 
TIRKETMEK, işl. Bir zadyň yzyna baglatmak, 
dakdyrmak. Arabany maşyna tirkedip getirdik.
TIRKEÝIŞiş ady. Tirkemek ýagdaýy.
TIRKIŞ Iat. Boýunturuga geýdirilip, tirkeg üçin 
ulanylýan ýüp. Göle hamyndan edilen bir tirkiş 
asylgy durdy. 
TIRKIŞ II, at. 1. Biri-biriniň yzyna tirkelen 
düýeler. Serhowuz boýunda goşa nerwanly, Tirkişi 
üzülmez hatar kerwenli (

Görogly

). 2. Oglana 
dakylýan at.
TIRLEMEiş ady. Tirlemek ýagdaýy.
TIRLEMEK, işl. Togalak ýa-da aýlanýan bir 
zady pyrlamak. Ol elindäki dessemmaýany tirläp 
goýberdi. 
TIRLEMEKLIKiş ady. Tirlemek ýagdaýy. 
TIRLENDIRMEK 
[tirlennirmek], 
işl. 
Tirlenmäge mejbur etmek, tirlenip goýberilen 
bolmak. 
TIRLENMEKişl. Aýlanmak, pyrlanmak. 
TIRLETMEKişl. Pyrlandyryp goýbermek. 
TIRLEÝIŞiş ady. Tirlemek hereketi, ýagdaýy. 
TIRME [ti:rme], iş ady. Tirmek ýagdaýy.

Tirme guşak iki ujy seçekli, tarada dokalan, 
gaýmaly ýüpek guşak. Onuň bökdergisinde gyrmyzy 
don, ak telpek, tirme guşak we beýleki gerekli zatlary 
bar eken (

Türkmen halk ertekileri

). 
TIRMEK, [ti:rmek], işl.,
 
k. d. , ser. Ýygmak
Bagyň içre bagban bolsam, Tirsem täze gülleriňi 
(

Şasenem – Garyp

).
TIRMEKLIK [ti:rmeklik], iş ady. Tirmek 
ýagdaýy. 
TIRŇILDI [tirňilli], s.ş.aňl.söz. Tyrňyldy. 
TIRPILDEME [tirpilleme], iş ady. Tirpildemek 
ýagdaýy. Onuň ýüregi tirpildemesini güýçlendirdi. 
TIRPILDEMEK [tirpillemek], işl. Damaryň ýa-
da teniň belli bir agzasy çala urup hereketlenmek, 
müňküldemek. Ýuka dodaklary bolsa ygtyýarsyz
tirpildeýärdi (

Edebiýat we sungat

). 
TIRPILDEMEKLIK [tirpillemeklik], iş ady. 
Tirpildemek ýagdaýy. 


371 
TIRPILDEŞMEK [tirpilleşmek], işl. Birnäçesi 
üznüksiz tirpildäp durmak. Onuň damarlary 
tirpildeşip durdy. 
TIRPILDETMEK [tirpilletmek], işl. Tirpildili 
hereket etdirmek, gymyldatmak, müňňüldetmek. 
TIRPILDEÝIŞ [tirpilleýiş], iş ady. Tirpildemek
ýagdaýy. 
TIRPILDI [tirpilli], at. Ýüregiň ýa-da damaryň 
çala urmasy. Damaryň tirpildisi. 
TIRSEK, at. 1. Goluň çigin süňki bilen bilek 
süňkleriniň birleşip epilýän ýeri. Ol tirsegini güpjege 
berip gyşardy. 2. Göni turbany başga ugra 
gönükdirmek üçin ulanylýan egri turba bölegi.
TIRSEKBOÝYat. Eliň barmaklarynyň ujundan 
tirsege çenli aralyga barabar bolan uzynlyk ölçegi. 
TIRSEKLEMEiş ady. Tirseklemek ýagdaýy. 
TIRSEKLEMEK, işl. 1. Tirsegiňi ýassyga 
goýup gyşarmak, ýassygy tirsegiň aşagyna almak. Öý 
eýesi saçagyň başyndaky ýassyklaryň birini tirsekläp, 
gapdala gyşardy (

Edebiýat we sungat

). 2. gepl.d. 
Tirsegiň bilen birini kakmak; tirsegiňi çala degrip 
yşarat etmek. Ol gapdalyndaky oturany tirsekledi. 
TIRSEKLEMEKLIK, iş ady. Tirseklemek 
ýagdaýy. 
TIRSEKLEŞMEK, işl. Birnäçe bolup tirsegiňi 
ýassyga goýup gyşaryp ýatmak. 


Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   606   607   608   609   610   611   612   613   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling