Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet611/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   607   608   609   610   611   612   613   614   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

Tirsekleşip oturmak biri-biriňe ýakyn, 
tirsegiňi tirsegine degrip oturmak. 
TIRSEKLETMEK, işl. Tirsegini ýassyga 
söýetmek. Enegül garry atasyna ýassyga tirsekledip, 
çaý, nahar berdi. 
TIRSEKLEÝIŞ, iş ady. Tirseklemek ýagdaýy. 
Onuň ýassygy tirsekleýşi ykjamdy, turarly däldi. 
TIRSEMEK, işl. 1. Çala öwrülmek, bir ýana 
gyşarmak.Gorpdan geçen ýeriňde ýoluň saga 
tirseýän ýerinde sakçynyň çatmasy bardyr. 2
Tirsegiň bilen kakmak, tirseklemek. Näme, beýdip 
meniň böwrüme tirsäp otyrsyň? 
TIRSILDEME [tirsilleme], iş ady. Tirsildemek 
ýagdaýy. Onuň ýüreginde bir tirsildeme emele geldi. 
TIRSILDEMEK 
[tirsillemek], 
işl., 
ser. 
Tirpildemek.Damar sähelçe tirsildeýär. 
TIRSILDEMEKLIK [tirsillemeklik], iş ady. 
Tirsildemek ýagdaýy.  
TIRSILDEMEZLIK [tirsillemezlik], işl. Tirsildi 
döremezlik. 
TIRSILDEŞMEK [tirsilleşmek], işl. Köp zat 
tirsildemek, birnäçesi tirsildemek. 
TIRSILDETMEK 
[tirsilletmek], 
işl. 
Gymyldatmak, sandyratmak, tirs-tirs etdirmek. 
TIRSILDEÝIŞ [tirsilleýiş], iş ady. Tirsildemek 
ýagdaýy. Itden gorkan çaganyň ýüreginiň tirsildeýşi 
gaty güýçlüdi. 
TIRSILDÄBERMEK 
[tirsillävermek], 
işl. 
Tirsildäp ugramak. Ýüregi birden tirsildäberdi. 
TIRSILDI [tirsilli], ser. Tirpildi
TIRT, at. Ownuk samana kepek, paçak we ş.m. 
zatlar garylyp edilýän mal iými. Çebişlere tirt edip 
goýdy. 
TIRÝEK, at. Göknaryň gozasynyň çirtilip 
alynýan şiresinden taýýarlanýan neşe maddasy.

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   607   608   609   610   611   612   613   614   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling