Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
TOMMUKLAŞMAK [tommukloşmok], işl. 1.
Tommuklamaga kömek bermek. 2. Bilelikde tommuklamak. TOMMUKLATMAK [tommuklotmok], işl. Tommuklamak işini başga birine etdirmek. Pomidorlaryň düýbüni tommuklatmaga adam tapjak bolýaryn. TOMMUKLAÝYŞ [tommukloýuş], iş ady. Tommuklamak ýagdaýy. TOMOGRAFIÝA [tomogyra:fyýa], at. Barlag üçin rentgenorafiýa usuly bilen beden agzasynyň aýry-aýry gatlaklarynyň kölege şekillerini almak. TOMSUNA [tomsuno], hal. Tomus wagty. Türkmenistanda tomsuna jöwzaly günler köp bolýar. TOMUS, at. Ýylyň ýaz bilen güýz aralygyndaky yssy pasly. Tomus depesi gaýnamadygyň gyş gazany gaýnamaz (Nakyl). TOMUSKY, syp. 1. Tomus üçin niýetlenen. Tomusky klub. 2. Tomusdaky. Ony tomusky görşüm. TOMZAK [tomzok] at. Gaty ganatlylar maşgalasyndan bolan mör-möjek. TON [to:n], at, gepl.d., ser. Tonna. Ýüzüňi ton ýarym edip oturmak ýüzüňi agryljyradyp, agrassyrap gomparyp oturmak. TONNA [to:nno], at. 1000 kg barabar agyrlyk ölçegi. TONNALAMA [to:nnolomo], iş ady. Tonnalamak ýagdaýy. TONNALAMAK [to:nnolomok], işl. Tonna hasaby bilen ölçemek, tonna-tonna edip bölmek. Köp tonna, tonna-tonna ( hal işliginiň goşulmasy goşulan halatynda ulanylýar). Ol şu ýyl eken ýerinden tonnalap bugdaý aldy. TONNALAÝYŞ [to:nnoloýuş], iş ady. Tonnalamak ýagdaýy. TONNALYK [to:nnoluk], syp. Agramy tonna deň bolan. On tonnalyk maşyn. TONNA-TONNA [to:nno-to:nno], hal. Köp tonnalap, tonnalap-tonnalap, köp tonna möçberinde. Ýerden tonna-tonna hasyl almak. TOŇK, s.ş.aňl.söz. Içi boş demir gap gaty ýere gaçanda ýa-da şol gaba gaty zat bat bilen degende çykýan ses. TOŇKARMA [toňkormo], iş ady. Toňkarmak ýagdaýy. TOŇKARMAK [toňkormok], işl. Püri, şahasy kesilen görnüşde bolmak, şonuň ýaly-da saçy syrylan ýa-da başy açyk ýagdaýda bolmak. Bir gün gelsem, kesilen tut agajy toňkaryp otyr. TOŇKARTMAK [toňkortmok], işl. Toňkaran ýagdaýa, görnüşe salmak. Ol tahýasyny geýmän, syrylan kellesini toňkardyp otyrdy. TOŇKARYLMAK [toňkorulmok], işl. Toňkaryp durmak. Çybyklary gyrkylan üzüm agaçlary keseden toňkarylyp görünýär. TOŇKATAR, at. Ýekenil tüpeň. TOŇKULDAMA [toňkullomo], iş ady. Toňkuldamak ýagdaýy. TOŇKULDAMAK [toňkullomok], işl. Toňk! edip ses çykarmak, toňkuldyly ses çykmak. Tüpeň sesi toňkuldap çykdy. TOŇKULDATMAK [toňkullotmok], işl. Toňk! edip ses çykartmak, toňkuldyly ses çykartmak. Ol awa gidende, ýekenil bilen toňkuldadyp guş atardy. TOŇKULDAÝYŞ [toňkulloýuş], iş ady. Toňkuldamak ýagdaýy. TOŇKULDY [toňkully], at. Içi boş demir gap gaty ýere gaçanda ýa-da şol gaba gaty zat bat bilen degende çykýan sesiň ady. TOP I, at. Içine ýel berlip oýnalýan rezin ýa-da gaýyş pökgi. Top oýnamak. TOP II, at. 1. Belli bir mukdardaky zatlaryň daňysy. Bir top mata. 2. Topar. Garakçy topdan aýrylany sanjar (Sopy Allaýar). Olar topy bilen toýa ugrady. Top tutmak bir ýere jemlenmek, üýşmek. Ileri- gaýra dyzaşýan atlar top tutup durdular. Top urmak ýalan sözlemek, aldamak, çypdyrmak; ýapa degmeýän söz aýtmak. TOP III, at, harby. Ýogyn uzyn nilli we dürli ölçegli ot açýan ýarag. Toplaryň gümmürdisi. TOP IV, at. 1. Suw degirmeniniň çarhynyň perlerini birleşdirýän ýogyn tegelek agaç. 2. Içinden arabanyň oky geçýän togalak agaç. TOPALAK [topolok], at, ösüml.d. Suwluk ýerlerde ösýän düýbi garaja kösükli haşal ot. TOPALAŇ [topoloň], at. Nägilelik sebäpli adamlaryň galmagally üýşmeleňi, gozgalaňy. TOPALAŇÇY [topoloňçy], at. Topalaňa gatnaşyjy. TOPAR [topor], at. 1. Adamlaryň bir ýere jemlenen üýşmegi, toplumy. Kärendeçilikde ýaş össürimleriň uly topary işleýär. 2. Bir maksat üçin, bir kär, iş boýunça toplanan adamlaryň jemi. Topar tutmak topar bolup birleşmek, bir topara üýşmek, jemlenmek. Olar topar tutup, tirkeşip ugradylar. TOPARLANMAK [toporlonmok], işl. Topar bolup üýşmek. Toparlanyp, dörtden-bäşden kölegede otyrdylar. TOPARLANYŞMAK [toporlonuşmok], işl. Birnäçe bolup üýşmek, toparlanmak. TOPAZ [topoz] I, at. Uly malyň aşygy. TOPAZ [topoz] II, at. Degirmeniň aşaky daşynyň deşigine kakylýan togalak agaç. TOPAZ [topoz] III, at. Gymmatbaha daş hökmünde ulanylýan dürli reňkli gaty jisim. TOPBAK [topbok], at. 1. Nämedir bir zadyň bir ýere jemlenen üýşmegi, topar. Günbatardan bir topbak çal bulut kem-kemden süýşüp gelýärdi. 2. 376 gepl.d. Goşgynyň bir bendi. Goşgynyň bir topbagyny ýat tutmak. TOPBAKLAMA [topboklomo], iş ady. Topbaklamak ýagdaýy. TOPBAKLAMAK [topboklomok], işl. Topbak- topbak etmek. TOPBAKLANMAK [topboklonmok], işl. Topbak-topbak edilmek. Ýyglan otlar bir ýere topbaklandy. TOPBAKLAŞDYRMAK [topbokloşdurmok], işl. Topbak-topbak edişdirmek, bir ýere üýşürişdirmek, jemleşdirmek. TOPBAKLAŞMAK [topbokloşmok], işl. Topbak etmäge kömekleşmek, üýşürişmek. TOPBAKLATMAK [topboklotmok], işl. Üýşürtmek, ýygnatmak, jemletmek. TOPBAKLAÝYŞ [topbokloýuş], iş ady. Topbaklamak ýagdaýy. TOPBAK-TOPBAK [topbok-topbok], syp. Birnäçe topbak, üýşmek-üýşmek bolup duran. Topbak-topbak ýylgynlyk. TOPBARMA [topbormo], iş ady. Topbarmak ýagdaýy. TOPBARMAK [topbormok], işl. Güberilip, tümmerip durmak, pökgermek. Topbaryp duran ýaňak. TOPBARMAKLYK [topbormokluk], iş ady. Topbarmak ýagdaýy. TOPBARTMAK [topbortmok], işl. Pökgertmek, gabartmak. TOPBARYŞMAK [topboruşmok], işl. Köp zat, topbaryp durmak. TOPBAŞ, at. 1. Boýy pessejik çopantelpek ösümligi. 2. Çiledäki çaga geýdirilýän başgap. TOPBY, at, gepl.d. 1. Aýallaryň kellelerine geýýän börügi. 2. Üşemezlik üçin ýaş çagalaryň kellelerine geýdirilýän, pagta salnyp syralan gulakly başgaby. TOPÇY, at. Top atyjy. Topçular bölümi. TOPÇYBAŞY [topçuvaşy], at. Topçularyň ýolbaşçysy. TOPHANA [topha:na], at. Ok-ýarag, top we ş.m. saklanýan ýer, saraý. TOPLAMA [toplomo], iş ady. Toplamak ýagdaýy. TOPLAMAK [toplomok], işl. Bir ýere üýşürmek, ýygnamak, jemlemek. Sygyrlarymy toplap, ýüzümi oba tarap öwürdim. TOPLAMAKLYK [toplomokluk], iş ady. Toplamak ýagdaýy. TOPLANMAK [toplonmok], işl. 1. Ýygnanmak. Gelnalyjy toplandy. 2. Ýygnalmak, bir ýere üýşürilmek. Bir gujak ýüň toplandy. TOPLANYLMAK [toplonulmok], işl., ser. Toplanmak. TOPLANYŞMAK [toplonuşmok], işl. Bilelikde toplanmak, köp bolup üýşmek. Ýowara gatnaşjaklar toplanyşdylar. TOPLAŞDYRMAK [toploşdurmok], işl. Birnäçe zady toplap bolmak; bilelikde toplamak. TOPLAŞMAK [toploşmok], işl. Ýygnaşmak, zatlary ýygnamaga kömekleşmek. Edebi miraslary toplaşmak. Sürini toplaşmak. TOPLATMAK [toplotmok], işl. Üýşürtmek, ýygnatmak. TOPLAÝYŞ [toploýuş], iş ady. Toplamak ýagdaýy. TOPLUM, at. 1. Üýşmeleň, topar. Oglanlar toplumy bilen toýa ugradylar. 2. Bir kitaba girizilen çeper eserleriň ýa-da resminamalaryň ýygyndysy. Ol öz goşgular toplumyny çap etdirdi. 3. Birnäçe bölekden ybarat; köp bölek. Binalar toplumy. TOPLUMGAÇAR [toplumğaçar], at. El topy bilen oýnalýan oýun. TOPLUMLAÝYN [toplumloýun], hal. Köp, birnäçe zatlary, toparlary, işleri we ş.m. öz içine alýan. TOPLUM-TOPLUM, syp. Topar-topar, birnäçe toplum, üýşmek-üýşmek. Oglan-uşak toplum-toplum bolup üýşerdiler. TOPOGRAFIÝA [topogyra:fyýa], at. Haýsydyr bir ýeriň geografik we geometrik elementlerini şekillendirmegiň usullaryny öwrenýän ylmy ugur. TOPOLOGIÝA [topoloğyýa],at. Matematikanyň geometrik figuralaryň has umumy häsiýetlerini, alamatlaryny öwrenýän bölümi. TOPONIMIKA [toponi:mika], at. Dil biliminiň geografik has atlary öwrenýän bölümi. TOPRAK [topurok], at. 1. Ýeriň üstki gatlagyny emele getirýän, hasyl berýän gum, topur. 2. göç.m. Önüp-ösülen ýer, ýurt. Bu topragyň her bir künji – meniň Watanym. 3. dokm. Halynyň, palasyň başlanýan we gutarýan ýerindäki eriş kakylýan ýer. Men halynyň ýaňy topragyny kakdym. TOPUK, at. Aýagyň ökje bilen injik süňküniň birigýän ýerindäki iki tarapa tokgaryp çykyp duran süňk. TOPUKLYK [topukluk], at. Topugyň ýerleşýän ýeri. Meniň topuklygym agyrýar. TOPULDYRMAK [topullurmok], işl. Topulmaga mejbur etmek. Çopan küşgürip itlerini topuldyrdy. TOPULMA [topulmo], iş ady. Topulmak ýagdaýy. Onuň üstüne topulmaň näme? TOPULMAK [topulmok], işl. Biriniň ýa-da bir zadyň üstüne okdurylmak, hüjüm etmek. At salanda, doňuz kimin topulyp, Aýylaýyn asylyşy gerekdir (Magtymguly). Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling