Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet587/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   583   584   585   586   587   588   589   590   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

TEBIGY [tevi:ğy], syp. 1. Tebigata degişli, 
tebigata esaslanan. Hazaryň tebigy baýlyklaryny 
ýerlikli peýdalanmaly. 2. Hakyky, hakyky özi, tüýs. 
Ýokary hilli tebigy ýüpek almak üçin ýurdumyzda 
ýüpek gurçugynyň iň gowy tohumlary ösdürilip 
ýetişdirilýär. 3. Ösüşiň barşy bilen şertlenen, kadaly, 
adaty. Tebigy ösüş ýoluna düşmek.  
TEBIGYLYK [tevi:ğylyk], Tebigy ýagdaýda 
bolmaklyk. Onuň hereketlerinde tebigylyk bardy 
(Watan). 
TEBIL [tevil], at, kön.s. Deprek, laňňara. 
Meýdanda uruş teblini kakdylar (

Saýatly – Hemra

). 
Ertir bilen ýöriş teblini urup, leşgeri rowana ederler 
(

Zöhre – Tahyr

). 

Tebil 
tapmak 
gorkmak, 
ürkmek, 
ynjalyksyzlanmak, gozgalaňa düşmek, aladalanmak.
Goýun maly örän ynjyk bolýar. Ol sähelçe bir zatdan-
da tebil tapýar (

Edebiýat we sungat

). 
TEBIP [tevi:p], at. Näsaga em edýän adam. 
Bilmez tebip jan alar (Nakyl). 
TEBIPÇILIK 
[tevi:pçilik], 
at, 
ser. 
Tebiplik.Çaý başynda gürrüň ilki tebipçilik 
hakynda gitdi. 
TEBIPGÄR [tevi:pgä:r], at, k.d. Tebipçilikden 
başy çykýan, tebipçilikden habary bolan, tebipçilik 
bilen meşgullanýan. Ertir-agşam gerek bir adam 
huşýar, Aňylly, usully, özi tebipgär (Talyby). 
TEBIPLIK [tevi:plik], at. Tebibiň käri, ýagdaýy. 
TEBIPSUMAK [tevi:psumok], at. Bolar-
bolgusyz tebip, zor aýakdan tebip.
TEBIT [tevit], at. Oduň, ýalnyň, howanyň we 
ş.m. ýakymsyz gyzgyny, howry. Tebit alýan yssy 
howa. 


Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   583   584   585   586   587   588   589   590   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling