Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


TARAÇY, at. Tara guralynda dürli el matasyny  dokaýan adam (esasan, aýal maşgala).  TARAKAN


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet578/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   574   575   576   577   578   579   580   581   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

TARAÇY, at. Tara guralynda dürli el matasyny 
dokaýan adam (esasan, aýal maşgala). 
TARAKANatserSaçakçy
TARAKGA, at. 1. Gürpüldisi bilen duşmany 
gorkuzmak üçin, diňe däri doldurylan oksuz, 
pagtabent ýarag. Ýüz adam seçeliň, tarakga çatladyň, 
oglany gorkuzyň! (

Kitaby dedem Gorkut

). 2. Öýe 
myhman çagyrylanda görülýän taýynlyk. Meniň üçin 
beýle tarakga gurjak bolmaň. 
TARAKGY, at, kön. s. Bezeg, timar. Garyp 
gyzyny görki bilen, baý gyzyny tarakgysy bilen 
(Nakyl). Özüne tarakgy berip ýören gyz däl, şonda-
da boýdaşlaryndan saýlanyp dur (O. Ödäýew). 
TARAPat. 1. Bir zadyň belli bir ugrundaky ýer, 
giňişlik hem-de şol ugruň özi. 2

Baka, garşy

manysynda ulanylýan sözsoňy kömekçi. 3. Gapdal, 
ýan. Ol göz açyp-ýumasy salymda onuň beýle 
tarapyna towsup geçdi (G. Kulyýew). 4. Biri-birine 
garşy durýan adam ýa-da adamlar topary. Sen hem 
indi olaryň tarapyna geçdiňmi? (B. Pürliýew). 5


352 
Adamyň häsiýetine degişli bolan gylyk-häsiýet, 
sypat.

Tarapyny çalmak biri-birine garşy durýanlaryň 
birini goldamak.
TARAPDAR [tarapda:r], syp., at.1. Biriniň 
arkasyny çalýan, ony goldaýan. 2. Haýsydyr bir 
garaýyşlara, taglymatlara eýeriji; olary goldaýan, 
olara uýýan. 
TARAPDARLYK [tarapda:rlyk], at. Tarapdar 
bolmaklyk.
TARAPGÖÝ [tarapgö:ý], syp. Biriniň ýa-da 
özüne ýakyn adamlaryň tarapyny tutýan, arkasyny 
çalýan. Bular tüýs tarapgöý, görýärmiň, Bahar hem 
Täjigülüň arkasyny çalyp başlady (A. Gowşudow).

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   574   575   576   577   578   579   580   581   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling