Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
TAGTALAŞMAK [tağtalaşmak], işl. 1
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
- Bu sahifa navigatsiya:
- TAGTALAÝYŞ
- TAGTLAMAKLYK
- TAGYRDATMAK
- TAGYR-TAGYR
- Tagzym etmek
- TAHALLUS
- TAHYL
- TAHÝALYK
- TAKATSYZLANMA
- TAKATSYZLYK
TAGTALAŞMAK
[tağtalaşmak], işl. 1. Tagtalamaga kömekleşmek. 2. Bilelikde tagtalamak. Ussalar tamyň üstüni tagtalaşyp durdular. TAGTALATDYRMAK [tagtalatdyrmak], işl. Tagtalamak işini başga biriniň üstüne ýükledip etdirmek. TAGTALATMAK [tağtalatmak], işl.Tagtalamak işini başga birine etdirmek. TAGTALAÝYŞ [tağtalaýyş], iş ady. Tagtalamak ýagdaýy. TAGTLABERMEK [tağytla:vermek], işl. Tagtlamaga girişmek. TAGTLAMA [tağytlama], iş ady. Tagtlamak ýagdaýy. TAGTLAMAK [tağytlamak], işl. Ýere suw tutup, tagt edip goýmak, tagta getirmek. TAGTLAMAKLYK [tağytlamaklyk], iş ady. Tagtlamak ýagdaýy. TAGTLAMAZLYK [tağytlamazlyk], iş ady. Tagt edip goýmazlyk. TAGTLAÝYŞ [tağytlaýyş], iş ady. Tagtlamak ýagdaýy. TAGTY-TÄÇ [tağty-tä:ç], at, ser. Tagt I. TAGYRDAMAK [tağyrdamak], işl. Galtak we ş. m. eliň bilen itilip sürlende tagyrdyly ýöremek. TAGYRDATMAK [tağyrdatmak], işl. Galtagy we ş. m. eliň bilen itip süreniňde tagyrdyly seslendirip ýöretmek. TAGYRDY [tağyrdy], at. Galtak we ş. m. eliň bilen itilip sürlende tagyr-tagyr edip çykýan sesiň ady. TAGYR-TAGYR [tağyr-tağyr], s. ş. aňl. söz. Galtak we ş.m. eliň bilen itilip tagyrdadylyp sürlende yzly-yzyna çykýan sesler. TAGZYM[tağzy:m], at.Hormat, baş egmeklik. Ol üç ýola tagzym kyldy ( Zöhre – Tahyr ). Ol iki ilçi gelip, Hojamberdi hanga tagzym bile salam berdi ( Hojamberdi han ). Tagzym etmek baş egip hormatlamak. Görogly dagynyň yzyndan ýetip, tagzym edip, salam berdiler ( Görogly ). TAGZYM-TOWAZYG [tağzy:m-towa:zyğ], at, ser. Tagzym. Şol wagt Gara batyr Zöhräniň öňüne geçip, tagzym-towazyg bilen arzy-halyny sözläp, Zöhrä garap, bäş keleme söz diýdi ( Zöhre – Tahyr ). Mämmet han patyşanyň gaşyna baryp, tagzym- towazyg bilen iki bükülip salam berdi ( Saýatly – Hemra ). TAHALLUS [tahallu:s], at, k. d., ser. Lakam. Ismim idi Nurmuhammet Garyp, Sözde tahallusym erdi Andalyp (Andalyp). TAHMYS [tahmy:s], at. Şygyr düzmegiň bir täri (başga bir şahyryň iki setirli gazalynyň öňünden şonuň bilen kybapdaş üç setir goşup, muhammes (bäşleme) ýasama). Andalyp Nowaýa öýkünip, birnäçe tahmys döredipdir. TAHYL, at. Stoluň we ş. m. ownuk zatlar salynýan çekeri. Başlyk stoluň tahylyny çekip, ondan bir kagyz aldy. TAHÝA, at. Gaýmalanyp hem-de keşdelenip tikilen baş gaby, börük. Gyzym, gyzlaryň hany, Gyzym tiker tahýany (Hüwdi). Kiçijik oglan kiçijik 344 tahýa geýer (Matal. Jogaby: barmak we oýmak). Gyz tahýa. Oglan tahýa. TAHÝAÇA, hal. Başy tahýaly. Eýwanyň öňündäki ak öýleriň işiginde kellesi tahýaça bir ýetginjek oglan durdy (A. Gowşudow). Beýle sowukda tahýaça gelmeli däl ekeniň, telpek geýmezlermi? TAHÝALYK, syp. Tahýa tikmek üçin niýetlenen (mata). Ynha size köýneklik hem tahýalyk getirin (O. Täçnazarow). TAKAL, at. Biderek söz, boş, ugursyz gürrüň. Takal okamak boş, ugursyz gürrüň etmek. Gyzsoltan, men-ä saňa ýene biri ýaly takal okap, gürrüň aýlap oturjak däl (T. Gurbanow). TAKAT [ta:kat], at. Adamyň çydam, sabyr etmäge bolan ukyby, sabry, karary. Takaty gaçmak bikarar bolmak, sabyr-karary gaçmak, çydamsyz, aljyraňňy ýagdaýa düşmek, biynjalyk bolmak. Bu sözi eşidip, Selbinyýazyň takaty gaçdy ( Saýatly – Hemra ). TAKATLY [ta:katly], syp. Her bir ýagdaýa çydam, sabyr edip bilýän, sabry-karary ýetýän. Kyýas hem edil kakasy ýaly, güler ýüzlüdi, alçakdy, giňdi, takatlydy (N. Jumaýew). TAKATLYLYK [ta:katlylyk], at. Takaty, sabry- karary barlyk, sabyrlylyk. Ol takatlylyk bilen başlap, işini soňuna çenli alyp barmaklygy başarýar ( Nesil ). TAKATSYZ [ta:kassyz], syp. Takat edip bilmeýän, sabyr-kararsyz, tagapyl etmeýän. Bahary garşy almaklyga takatsyz garaşýan Maýa garly gün uzalyp, sagat hem haýal hereket edýän ýalydy (B. Gurbanow). TAKATSYZLANMA [ta:kassyzlanma], iş ady. Takatsyzlanmak ýagdaýy. TAKATSYZLANMAK [ta:kassyzlanmak], işl. Bir zat, mesele dogrusynda rahatsyzlanmak, aram- karary bolmazlyk. Ol jorasynyň wagtynda gelmeýşine takatsyzlandy. TAKATSYZLYK [ta:kassyzlyk], at. Takaty ýokluk, sabyr-karary bolmazlyk, sabyrsyzlyk. TAKDYR [takdy:r], at. Adamyň durmuşynda onuň erkine bagly däl ýagdaýda bolup geçýän ahwalat, ykbal, täleý, kysmat, ýazgyt. ...Keýwanyň hem üçülenji tarapdan, Şolara baglyrak seniň takdyryň (K. Gurbannepesow). Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling