Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


TAGALA [tağala:], at, dini. Beýik, belent, uly.  Hak tagala


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet563/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   559   560   561   562   563   564   565   566   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

TAGALA [tağala:], at, dini. Beýik, belent, uly.

Hak tagala beýik mertebeli hudaý. Hak tagala 
razy kyldy beýle hikmetni bizge (Talyby). Hudaý 
tagala serHak tagala.
TAGALLA [tağalla:], at. Bir zady berjaý etmek 
üçin edilýän hereket. 
TAGAM [tağam], at. 1. Daşky ýedi duýgynyň 
agzyň nemli bardasy tarapyndan duýulýan görnüşi. 2
Naharyň, her bir iýilýän iýmitiň we ş.m. agzyň, diliň 
bilen duýulýan aýratynlygy. Palawyň tagamy gaty 
gowy eken. 3. şahyr. Nahar. Tagam berseň, bergil aja, 
Daýangyn egri gylyja (

Görogly

)4göç.m. 
Bir zatdan alynýan lezzet, dat, eşret. Leb üstüne leb 
goýup sen, zerre tagam bilmediň (Magtymguly). 
TAGAM-LEZZET [tağam-lezzet], at. 1. Iýmitiň 
ýa-da ir-iýmişiň we ş. m. zadyň agzyňa ýaraýän 
tagamy, onuň zelleti. Bu hem çörek ornuna getirilen 
zat bolmaga çemeli, tagamy-lezzeti ýokdy (A. 
Gowşudow). 2. göç.m. Bir zatdan alynýan lezzet, 
eşret, dat. 
TAGAMLY [tağamly], syp. Tagamy gowy
tagamy göwnüňe ýaraýan, datly. Tagamly nahar. 
 TAGAMLYLYK [tağamlylyk], at. Tagamy 
barlyk, tagamly bolmaklyk. 
TAGAMNAMA [tağamna:ma], at. Naharlaryň 
atlary ýazylan sanaw kagyzy (naharhanalarda). 
TAGAMSYZ [tağamsyz], syp. Tagamly däl. 
Çorba Myradyň agzyna tagamsyz, duzsuz ýaly 
degdi (B. Kerbabaýew). 
TAGAMSYZLYK [tağamsyzlyk], at. Tagamly 
bolmazlyk, tagamy, lezzeti ýokluk, datsyzlyk. 
TAGAM-TAGSYR [tağam-tağsy:r]: tagam-
tagsyry ýok tagamy, lezzeti ýok. Asyl bu naharyň 
tagam-tagsyry ýok eken. 
TAGAN [ta:ğan], at. 1. Üstünde gazan, taňka we 
ş. m. goýlup, nahar bişirilýän üç aýakly demir enjam. 
Tagan aýagy üç bolar, biri-birine güýç bolar (Nakyl). 
2. Oglana dakylýan at. 


342 
TAGANAÝAK [ta:ğanaýak], at. haýwanat d. 
Suwuň ýüzünde ýüzüp ýörýän, çybyna meňzeş 
möjejik. Güzeriň ýüzünde taganaýaklar okgunly 
gaýmalaşýardy (

Edebiýat we sungat

). 
TAGANÇA [ta:ğança], at. Kiçijik tagan. 
Ojaklarda gazanlar atarylyp, tagançalarda taňkalar 
goýulýardy (B. Kerbabaýew).
TAGAPYL [tağa:pyl], at. Kanagat, sabyr, çydam. 
Tagapyl eýlegil, habar alaýyn, Eý, mahy-tabanym, 
ýene geldiňmi (

Görogly

). 
TAGAR [taǧar], 1. Galla salynýan kiçeňräk gap. 
Altynjy klasda okaýan Şaguly dagy orlan bugdaý 
başlaryny tagarlara, çuwallara salyp, majarda* 
döwege çekýärdiler. Ikinji, üçünji klaslaryň oglanlary 
harmanda 
işleýärdiler 
(Gurbanguly 
Berdimuhamedow, Döwlet guşy). 2. Tagar XIII–XIX 
asyrlarda ilatdan ýygnalýan däne görnüşli salgyt, ol 
harwaryň möçberine deňdir. 
TAGARÇYK [tağarçyk], at.1. Erkek (düýe) 
esrände, agzyndan çykýan böwenjik, süýrüje 
haltajyk. Ullakan tagarçygyny çykaryp, haýbatly 
esreýärdi (Ý. Mämmediýew). 2. kön.s. Sanaç. Çopan 
tagarçygy çykardy. (

Kitaby dedem Gorkut

). 
TAGAŞYK [tağaşyk], at. 1. Ulanylýan zadyň 
çemeliligi. 2. Bir zadyň maýy, oňaýy. 3. Ýol, tär. 
Gürrüňe başlaýmagyň tagaşygyny tapman otyrdy. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   559   560   561   562   563   564   565   566   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling