ŞYLTAKÇY, at. Şyltak, töhmet atýan adam.
ŞYŇŇYRDAMA, iş ady. Şyňňyrdamak ýagdaýy.
ŞYŇŇYRDAMAK, işl. Gelin-gyzlaryň şelpe,
düwme ýaly şaý-sepi biri-birine degende şyňňyrdyly
seslenmek, şyňňyr-şyňňyr etmek. Sümsüleler iki
baka yranyşyp, biri-birine çaknyşýar-da, çala
şyňňyrdaýar (B. Kerbabaýew).
ŞYŇŇYRDAMAKLYK, iş ady. Şyňňyrdamak
ýagdaýy.
ŞYŇŇYRDAMAZLYK, iş ady. Şyňňyrdyly ses
çykarmazlyk.
ŞYŇŇYRDAŞMAK, işl. Birnäçe düwme, şelpe
şyňňyrdamak.
ŞYŇŇYR-ŞYŇŇYR, s.ş.aňl.söz. Gelin-gyzlaryň
şelpe, düwme ýaly şaý-sepleri yzly-yzyna biri-birine
degende çykýan sesler.
ŞYŇŇYRT, s.ş.aňl.söz. Gelin-gyzlaryň şelpe,
düwme ýaly şaý-sepi biri-birine degende çykýan ses.
Şyňňyrt etmek.
ŞYPA [şypa:], at. 1. Janyňa ýakymly täsir.
Dostlukdan köňüller şypa tapýar.2. Edilýän emden
gelýän haýyr, peýda. Tebibiň olmasa duçar, niçik
şypa tapar bimar (Seýdi).
ŞYPALY [şypa:ly], syp. Janyňa ýakymly,
ýaramly, oňat täsir edýän, lezzetli. Umuman,
tebigatyň häzirki ýagdaýy ýaşamak üçin jana
şypalydy (H. Derýaýew).
ŞYPBYK, at. Gaýyş we ş.m. zatlardan tikilen
apgyrtsyz ýeňil köwüş. Aýagyndaky şypbyk
köwüşlerini hem taşlap ylgapdyr (
Myraly
).
ŞYPBYLDAMA, iş ady. Şypbyldamak ýagdaýy.
ŞYPBYLDAMAK, işl. Şypbyldyly ses çykmak,
şypbyldyly ses etmek, şypbyldyly seslenmek.
Aýnadan irginsiz damýan ýagşyň şypbyldysy
eşidilýärdi (
Nesil
).
ŞYPBYLDAŞMAK,
işl.
Birnäçe
zatdan
şypbyldyly ses çykmak.
Do'stlaringiz bilan baham: |