ŞUGULLYK [şuğulluk], işl., ser. Şugulçylyk.
Şugullyk etmek.
ŞUGUNDYR [şuğunnur], at. 1. Selmeler
maşgalasyndan bolan uzyn süýri ýaprakly gök ekin.
2. Şol ekiniň kökünde emele gelýän iýilýän gyzyl
togalak hasyly. Bir düýp şugundyr. Şugundyrlar
düýpläp başlapdyr.
ŞUL, at. Göze sowuk degmegi netijesinde
döreýän göz ýaşarma keseli, göz agyrydan galan
kesel. Gan guýlan ýaly onuň ýüzüne, Agyryp şul
tapan göze meňzeýär (Ş. Kekilow).
ŞULHA [şulho], at. Mal iými üçin pagta çigidiniň
gabyklaryndan,
galyndylaryndan taýýarlanylýan
önüm. Mallara gyşyna şulha, silos, sarun, kepek
berilýär.
ŞULLARMA [şullormo], iş ady. Şullarmak
ýagdaýy.
ŞULLARMAK [şullormok], işl. Şully bolmak,
agyry, kesellilik zerarly suwjaryp durmak (göz
hakynda). Şally bolsa eliniň aýasy bilen şullaran
körmüş gözlerini syryp:
Çöregi bitin eken
diýdi
(
Edebiýat we sungat
).
ŞULLARMAKLYK [şullormokluk], iş ady.
Şullarmak ýagdaýy.
ŞULLARTMAK [şullortmok], işl. Gözüňi
gyzardyp, suwjardyp ýörmek. Gözüni şullardyp, dört
tarapa hat ýazyp, zyňyp otyr (A. Durdyýew).
ŞULLARYŞ [şulloruş], iş ady. Şullarmak
ýagdaýy.
ŞULLY, syp. Şul keseli degen, şul keselli. Ýaşuly
oňa şully gözüniň gytagyny aýlady (B. Kerbabaýew).
ŞUM, syp. Erbet, ýaramaz, ýaman, pis. Ogry
şum, orramsy şum, belki ol şumdan beter (Kemine).
Ol şum habara ynanjagyny-da bilmändir (Ý.
Durdyýew).
ŞUMJARMA [şumjormo], iş ady. Şumjarmak
ýagdaýy.
ŞUMJARMAK
[şumjormok],
işl.
Çala
aglamjyramak, şumjarylmak. Abdyryzagyň bolup
durşy-da, aýdan sözi-de, ýeňsesine çalanda şumjaryp
ötägitjek oglan däldigini açyk görkezip durdy (B.
Kerbabaýew).
Do'stlaringiz bilan baham: |