Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ŞORJA [şo:rjo], syp. Şorrak, duzlurak. Birje  çemçe şorja serçe çorbasy (Ýaňlytmaç).  ŞORLAMA


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet552/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   548   549   550   551   552   553   554   555   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ŞORJA [şo:rjo], syp. Şorrak, duzlurak. Birje 
çemçe şorja serçe çorbasy (Ýaňlytmaç). 
ŞORLAMA [şorlomo], iş ady. Şorlamak 
ýagdaýy. 
ŞORLAMA [şo:rlomo], iş ady. Şorlamak 
ýagdaýy. 
ŞORLAMAK [şorlomok], işl. Günüň aşagynda 
işläp derlemek netijesinde geýimiň ýüzüne ajy der 
çykmak. Ol şorlan köýnegini çykardy. 
ŞORLAMAK [şo:rlomok], işl. Bir zadyň şory 
ýa-da duzy ýüzüne çykmak, şor döremek, şor 
çykmak. Ýollaryň iki tarapy-da zeýläp, ýüzi şorlap 
ýatan meýdanlyk (B. Seýtäkow). 
ŞORLAMAKLYK [şorlomokluk], işl. Şorlamak 
ýagdaýy. 
ŞORLAMAKLYK [şo:rlomokluk], iş ady. 
Şorlamak ýagdaýy. 
ŞORLAMAZLYK [şorlomozluk], iş ady. 
Geýimiň ýüzüne ajy der çykmazlyk. 
ŞORLAMAZLYK [şo:rlomozluk], iş ady. Ýeriň 
şory ýüzüne çykmazlyk. 
ŞORLANMAK [şo:rlonmok], işl. Şory çykmak. 
Ýerleriň şorlanmagynyň öňüni almak üçin köp 
çäreler durmuşa geçirilýär. 
ŞORLATMAK [şorlotmok], işl. Günüň aşagynda 
işläp derlemek netijesinde geýimiň arkasyna ajy der 
çykarmak, şorlamak derejesine ýetirmek. Endamynyň 
ajy deri köýnegini şorladýardy (B. Kerbabaýew). 
ŞORLATMAK [şo:rlotmok], at. Şoruny ýüzüne 
çykarmak. Topragy şorlatmak. 
ŞORLAÝYŞ [şo:rloýuş], iş ady. Şorlamak 
ýagdaýy. 
ŞORLUK [şo:rluk], at. 1. Giden şor toprakly 
meýdan, şor bilen örtülen ýer. 2. Tagamy şor 
bolmaklyk, duzy agdyk bolmaklyk, duzlulyk. Deňiz 
suwunyň şorlugy. 
ŞORPULDAMA 
[şorpullomo], 
iş 
ady. 
Şorpuldamak ýagdaýy. 
ŞORPULDAMAK [şorpullomok], işl. Çorba, 
unaş we ş.m. içilende, şorpuldyly ses çykmak. 
ŞORPULDATMAK [şorpullotmok], işl. Bir 
zady içeniňde şorpuldyly ses çykarmak. Şorpuldadyp 
aş içmek gelşiksizdir. 
ŞORPULDAÝYŞ 
[şorpulloýuş], 
iş 
ady. 
Şorpuldamak ýagdaýy. 
ŞORPULDY [şorpully], at. Suwuk nahar 
iýlende, çaý we ş.m. içilende, agyz boşlugynda 
döreýän sesiň ady. Şol gürrüňler arasynda 
çekdirmäniň şorpuldysy hem dowam etdi (B. 
Kerbabaýew). 
ŞORSAW [şo:rsow], syp. 1. Tagamy şor bolan, 
duzy agdygrak düşen. Şorsaw tagamly çorba. 2
Topragy birneme şor bolan, şorrak ýer, şortaň. 
Şorsaw ýerler. 
ŞORSURAMA [şo:rsuromo], iş ady. Şorsuramak 
ýagdaýy. 
ŞORSURAMAK [şo:rsuromok], işl. Şor tagamly
zatlary küýsemek, şorja etli nahar iýesiň gelmek. Bir 
gün ikisi: 

Gel, şu gün bir guýrujak gözläli, 
şorsuradyk

diýşip, maslahat edip, ýola düşüp 
ugrapdyrlar (

Türkmen halk ertekileri

). 
ŞORSURAMAKLYK [şo:rsuromokluk], iş ady. 
Şorsuramak ýagdaýy. 
ŞORSURAMAZLYK [şo:rsuromozluk], iş ady. 
Şorsurap durmazlyk. 
ŞORSURAŞMAK [şo:rsuroşmok], işl. Birnäçe 
bolup şorja etli nahar iýesiň gelmek. 
ŞORSURAÝYŞ 
[şo:rsuroýuş], 
iş 
ady. 
Şorsuramak ýagdaýy. 
ŞORSUW [şo:rsuw], at. 1. Gowrulyp ýaga 
durmadyk etiň şor suwy. Şorsuw bilen etden gerk-
gäbe doýdular (N. Pomma). 2serBörtme
ŞORTA [şorto], syp. Wäşi, degişgen, alçak, şoh.

Şorta söz esasy wakany gülküli, täsin beýan 
edýän gysgajyk çeper kyssa. Bu häsiýet ylaýta-da 
Keminäniň, Aldarkösäniň, Esenpoladyň, Japbaklaryň 


333 
ady bilen baglanyşykly dörän şorta sözlerde ýiti 
duýulýar (

Mugallymlar gazeti

). 
ŞORTAŇ [şo:rtoň], syp., ser. Şorsaw. Aňyrsyna 
göz ýetmeýän şortaň düzde wyşkalar hatarlanyp 
galýança, ençeme kynçylyklar, aýylganç howplar 
bukup ýatyrdy (B. Kerbabaýew).
ŞOTLANDIÝALY [şotla:ndiýaly], syp., ser. 
Şotlandiýalylar
ŞOTLANDIÝALYLAR [şotla:ndiýalylar], at. 
Şotlandiýanyň ýerli halky. 
ŞOW I, at. Işiň gerekli ýa-da islenýän netijesi, 
üstünlik. Her bir zat şow işidir 

Şow almak rowaçlanmak, ugruna bolmak, oňat 
netije bermek, üstünlik getirmek, şowuna düşmek. 
– Işiňiz şow alsyn – diýip, olaryň giden ugruny 
ýüzüne syldy (R. Gelenow). Şowuna düşmek 
(bolmak) ser. Şow almak. Bu gezek olaryňky 
turuwbaşdan şowuna boldy (

Edebiýat we sungat

). 
ŞOW II, syp. Göni, düz, tekiz. Şow akýan 
ýapdaky gamyş mysaly, Titreýärdi degip yşkyň şemaly 
(A. Kekilow).
ŞOW IIIat. Suw degirmeniniň suwuny sowmak 
üçin ulanylýan kese ýap. Men suw harazynyň 
şowuna, köne obamyza tarap omuz berip, golaý 
bardym (R. Gelenow).
ŞOWA [şowo], syp. 1. Bir gapdala gyşaryp duran, 
egri. Onuň baýtaly akýal, gözleri çakan, guýrugy 
bolsa şowady (B. Kerbabaýew). 2. Gözi daşdan gowy 
görmeýän. Şowa gözli.

Şowa kör uzakdan görmeýän, dar düşünjeli, 
gözýetimi dar.
ŞOWALYK [şowoluk], at. Şowa bolmaklyk. 
ŞOWHUN, at. Joşgunly, hyjuwly ses, dabara. 
Görogly dagy uly şowhun bilen gelýändirler 
(

Görogly

). Ýatmazak şeýda bilbiller şowhun edip, 
baglarda bazar gurdular (B. Soltannyýazow).
ŞOWHUN-DABARA [şowhun-davara], at, ser. 
Şowhun
ŞOWHUNLANMA [şowhunlonmo], iş ady. 
Şowhunlanmak ýagdaýy. 
ŞOWHUNLANMAK 
[şowhunlonmok], 
işl.  
Şowhun artyp başlamak, şagalaňly ýagdaýa 
öwrülmek. Meniň göwnüme bolmasa, häliden dymyk 
otagyň içi birdenkä şowhunlanyp başlana döndi 
(

Edebiýat we sungat

). 
ŞOWHUNLANMAKLYK [şowhunlonmokluk], 
iş ady. Şowhunlanmak ýagdaýy. 
ŞOWHUNLANYŞ [şowhunlonuş], iş ady. 
Şowhunlamak ýagdaýy. 
ŞOWHUNLYsyp. Joşgunly, hyjuwly, dabaraly; 
şagalaňly. Saz bolsa gitdigiçe şowhunly ýaňlanýardy 
(

Edebiýat we sungat

).
ŞOWHUNLYK 
[şowhunluk], 
at, 
ser. 
ŞowhunlylykDurmuşy hoş geçirmek, şadyýanlylyk, 
şowhunlyk, gülüşmek, oýnaşmak, söýüşmek – biziň 
döwrümiziň hakly talaby (B. Kerbabaýew). 
ŞOWHUNLYLYK 
[şowhunluluk], 
at
Dabaralylyk, şagalaňlylyk. 
ŞOWHUN-ŞAGALAŇ [şowhun-şağalaň], at, 
ser. Şowhun. Myhmanlary şowhun-şagalaň bilen 
garşy aldyk. 
ŞOWK, at, k.d. Keýpi-sapa, lezzet, hezillik, 
wagtyhoşluk. Şowkuň şerabyndyn bolmuşam däli, 
Bilmen 
niçik 
geçer 
çäştim 
hem 
şamym 
(Magtymguly). 
ŞOWLAMA [şowlomo], iş ady. Şowlamak 
ýagdaýy. 
ŞOWLAMAK 
[şowlomok] 
I
işl., 
ser. 
Şowwuldamak. Sözleseň, her ýana öwser bu tiller
Ýol urpakdan aşsa, şowlar şemallar (Magtymguly). 
ŞOWLAMAK [şowlomok] II, işl. Şowuna 
düşmek, bir iş, hereket ugruna bolup başlamak, 
şowly bolmak. Bu gün-ä işimiz şowlaýsa-da ahmal. 
ŞOWLAMAKLYK [şowlomokluk] I, iş ady. 
Şowlamak ýagdaýy. 
ŞOWLAMAKLYK [şowlomokluk] II, iş ady. 
Şowlamak, şowuna düşmek ýagdaýy. 
ŞOWLAŞMAK 
[şowloşmok], 
işl., 
ser. 
Şowwuldaşmak
ŞOWLAÝYŞ [şowloýuş], iş ady. Şowlamak 
ýagdaýy. 
ŞOWLULYK [şowluluk], at. Şowly bolmaklyk, 
şowuna, ugruna bolmaklyk, oňat netijelilik. Bu 
şowlulygy her kim öz beren kömeginiň netijesi diýip 
düşündirýärdi (B. Gurbanow).
ŞOWLYsyp. Şowuna düşen, ugruna bolan, oňat 
netijeli, üstünlikli. Şeýle bolsa, ussa aga, işiň şowly 
bolsun, ýasaber! (H. Ysmaýylow).
ŞOWSUZ, syp. Şowly bolmadyk, şowuna 
düşmedik, ugruna bolmadyk. Ozal hem Baýram bilen 
Selbiniň şowsuz söýgüsi hakyndaky myş-myş onuň 
gulagyna çalarak ilipdi (N. Jumaýew).
ŞOWSUZLYK [şowsuzluk], syp. Şowly dällik, 
şowuna düşmezlik, ugruna bolmazlyk, oňat netije 
bermezlik. Emma nätjek, uly işde şowsuzlyklara hem 
döz gelmeli bolýar (Ş. Borjakow). 
ŞOWURDAMAK [şowurdomok], işl. Ýörän 
wagty peti gitmedik dik duran keteni köýnegi 
şowurdyly seslenmek. Köçämizden gyz geçende 
şowurdap, Ýüregimde ýandy ataş lowurdap (M. 
Seýidow).
ŞOWURDAMAKLYK [şowurdomokluk], iş 
ady. Şowurdamak ýagdaýy. 
ŞOWURDAMAZLYK [şowurdomozluk], iş ady. 
Şowurdap seslenmezlik. 
ŞOWURDAŞMAK [şowurdoşmok], işl. Dik 
duran keteni köýnekler şowurdyly seslenmek.
ŞOWURDATMAK 
[şowurdotmok], 
işl. 
Şowurdyly seslendirmek. Bularyň öňünden gyrmyzy 
köýnegini şowurdadyp pete-pet çykan Bahardy (A. 
Gowşudow). 
ŞOWURDAÝYŞ 
[şowurdoýuş], 
iş 
ady.
Şowurdamak ýagdaýy. 
ŞOWURDY, at. Keteni ýaly käbir ýüpek 
matalardan tikilen geýimleriň we ş.m. pasyrdamagy 
netijesinde döreýän sesiň ady.
ŞOWWULDAMA [şowwullomo], iş ady. 
Şowwuldamak ýagdaýy. 


334 
ŞOWWULDAMAK [şowwullomok], işl., ser. 
Şuwwuldamak. Çalasyn salynýan orak sesi 
şowwuldap ses edýärdi (B. Kerbabaýew).
ŞOWWULDAMAKLYK [şowwullomoklyk], iş 
ady. Şowwuldamak ýagdaýy. 
ŞOWWULDAŞMAK 
[şowwulloşmok], 
işl. 
Şowwuldyly ses edişmek. Gara ýoldan maşynlar 
şowwuldaşyp geçýärdi. 
ŞOWWULDAÝYŞ [şowwulloýuş], iş ady. 
Şowwuldamak ýagdaýy. 
ŞOWWULDY [şowwully], at. Güýçli ýeliň ýa-da 
bir zadyň hereketiniň güýçli bady, ýelgini we ş.m. 
sebäpli döreýän sesiň ady, şuwwuldy. Aýna synnysyny 
şowwuldadyp, 
çitimini 
gyradeň 
gyrdy 
(B. 
Kerbabaýew). Güýçlenip başlan sowuk şemalyň 
badyna çaly-çetileriň şowwuldysyny eşidýärdiler (A. 
Gowşudow). 
ŞÖHLAT [şöhla:t], at. Ownuk dogralan 
bagröýkene we ete sogan, duz, burç garylyp, içýagyň 
ýa-da böweniň içine salnyp, ýörmelip, gaýnatma 
çorbasynda bişirilýän nahar.

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   548   549   550   551   552   553   554   555   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling