Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ŞILDIREME [şillireme], iş ady. Şildiremek  ýagdaýy.  ŞILDIREMEK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet549/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   545   546   547   548   549   550   551   552   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ŞILDIREME [şillireme], iş ady. Şildiremek 
ýagdaýy. 
ŞILDIREMEK [şilliremek], işl. Suw ýuwaşja 
akanda şildirdili seslenmek. Şildiräp akýan suw 
wagty bilen joýajyklary dolduryp bilmedi (N. 
Esenmyradow). 
ŞILDIREMEKLIK [şilliremeklik], iş ady. 
Şildiremek ýagdaýy. 
ŞILDIREMEZLIK [şilliremezlik], iş ady. Şildir-
şildir edip seslenmezlik. 
ŞILDIREŞMEK [şillireşmek], işl. Şildir-şildir 
edip seslenişmek. Suwlaryň şildireşýän seslerinden 
başga ses-üýn ýok. 
ŞILDIRETMEK [şilliretmek], işl. Şildir-şildir 
edip seslendirmek; çala akdyrmak. Suwy ekinlere 
şildiredip goýbergin.
ŞILDIREÝIŞ [şillireýiş], iş ady. Şildiremek 
ýagdaýy. 
ŞILDIRIM [şillirim], at. Suwly ýapda suwa 
düşülende, suwdan iň ilki ýa soňky çykana suw 
sepilip oýnalýan çaga oýny. Häzir şildirim atýan 
diýip, suwuň düýbüne çümdi (H. Meläýew). 
ŞILDIRIM-ŞIP [şillirim-şip], at, ser. Şildirim
ŞILDIR-ŞILDIR 
[şillir-şillir], 
s.ş.aňl.söz. 
Şildiräp akyp duran suwuň sesi, şildirdi. 
ŞILLIŇ, syp. Inçe uzyn, uzyndan gelen hor
arryk.
ŞINDI [şinni], hal. Şu çaka çenli, şu wagta deňiç, 
entek, häzir, heniz, şindiz. Ogulhajadyň dakynan 
gyrmyzy gaşly ýüzüginiň ýylpyldysy şindi hem 
gözümiň öňünden gidenok (T. Gurbanow). 
ŞINDIKI [şinniki], syp. Şu wagtky, häzirki; 
bolup duran. Ol obadaşlarynyň şindiki bolup 
oturyşlary ýaly dymyp oturmak islemedi. 
ŞINDI-ŞINDILER [şinni-şinniler], hal. Entek-
entekler, henize-bu güne çenli, henize çenli. Onuň 
nurana ýüzi şindi-şindilerem gözümiň öňünden 
gidenok. 
ŞINDIZ [şinni:z], hal. Häzir, häzir hem; entek. 
Men şindiz hem aňk bolup, olaryň giden tarapyna 
seredip durdum (A. Gurbanow). 
ŞINE [şi:ne] I, at. Paltanyň, teşäniň we ş.m. 
gurallaryň sapyna berklik üçin kakylýan bir tarapy 
ýasyja agaç bölegi ýa-da demir. Diýdi şine: – Çekiç 
dost, Başarmarsyň mensiz kär (M. Garryýew).
ŞINE [şi:ne] II, at. Tohumyň gabygyny ýaryp 
ösüp başlan ilkinji ösüntgi. 


330 
ŞINELEME [şi:neleme] I, iş ady. Şinelemek 
ýagdaýy. 
ŞINELEME [şi:neleme] II, iş ady. Şinelemek 
ýagdaýy. 
ŞINELEMEK [şi:nelemek] I, işl. Paltanyň, 
teşäniň we ş.m. gurallaryň sapyna berklik üçin şine 
kakmak, şine kakyp berkitmek, pahnalamak. 
ŞINELEMEK [şi:nelemek] IIişl. 1. Şine ýaryp 
başlamak, gögerip başlamak. Bahar ýagşyndan soň, 
ýerdäki tohum şineleýär. 2. göç.m. Döremek, ýüze 
çykmak. Onuň aňynda çeper eseriň mazmuny 
şineleýärdi. 
ŞINELEMEKLIK [şi:nelemeklik] I, II, iş ady. 
Şinelemek ýagdaýy. 
ŞINELEMEZLIK [şi:nelemezlik] Iiş ady.  Şine 
ýarmazlyk. 
ŞINELEMEZLIK [şi:nelemezlik] II, iş ady. 
Şine kakmazlyk. 
ŞINELENMEK 
[şi:nelenmek], 
işl. 
Şine 
urulmak, şine kakylmak. Çekiçdir paltalaryň saplary 
şinelendi. 
ŞINELEŞMEK [şi:neleşmek], işl. Şinelemäge 
kömekleşmek. 
ŞINELETMEK 
[şi:neletmek], 
işl. 
Şine 
kakdyrmak. 
ŞINELEÝIŞ [şi:neleýiş] IIIiş ady. Şinelemek 
ýagdaýy. 
ŞIPJERMEKişl., gepl.d. Özüňe göwnüýetijilik 
bilen öte suwjaryp geplemek (aýallar tarapyndan 
ulanylýan söz). – Beýdip şipjerip oturmasana, gyz! 
ŞIPJEW [şipjöw], at, gepl.d. Öte suwjaryp 
gepleýän aýal (aýallar tarapyndan ulanylýan söz). – 
Pylany barypýatan şipjew eken
ŞIR [şi:r], at. 1. Pişikler maşgalasyndan bolan, 
boýny tüýlek, galan ýeri gytyk sary tüýli, iri, wagşy, 
süýdemdiriji haýwan, arslan. Şiriň şirligi  dişi bilen 
dyrnagy (Nakyl). Çöl ýerlerde tazy görmän tilkiler, 
Hyýal eder ýatan şiri atmaga (Magtymguly). 2
Oglana dakylýan at. 

Şir ýaly güýçli, daýaw. Üstüňe şir bolmak 
özüňden rüstem bolmak (ýüzüňe azgyrylýan, 
gygyrylýan ýagdaý bilen bagly ulanylýar). Şu gün-ä 
hemmäňiz, ony ýuwaş gördüňizmi, nämemi, üstüne 
şir bolduňyz.
ŞIRAZY [şi:ra:zy], syp. Çal garaköli bagananyň 
bir görnüşi. 
ŞIRÇAÝ [şi:rça:ý], at. Demlenen çaý bilen süýt 
garylyp, saryýag ýa-da mesge goşulyp taýýarlanýan 
ýokumly içgi. Maňa ...şirçaý içirýärdiler (M. 
Hydyrow).
ŞIRE [şi:re] I, at. Miweli agaçlarda, olaryň 
miwelerinde we ş.m. emele gelýän ýelmeşegen 
şepbik suwuklyk. 

Şire suwag gara suwagyň üstünden suwalýan 
ýuka suwag. 
ŞIRE [şi:re] Iat, ser. Şireje. 
ŞIREJE [şi:reje], at. Ekine, miweli agaçlara 
düşüp, zyýanly kesel döredýän möjejik. Şireje 
diýermiň, kekene-sarytüýli diýermiň, çyrmaşyk 
diýermiň, garaz, ekiniň müň dürli ýagysy bardyr (N. 
Esenmyradow).
ŞIREKE [şi:reke], at. Içirginiň üstünden, eýeriň 
aşagyndan ýazylýan, dürli nagyşlar salnyp dokalýan 
seçekli at julunyň bir görnüşi. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   545   546   547   548   549   550   551   552   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling