Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ŞOH [şo:h], syp. Degişgen, bälçik, alaýaz. Ýigit  ýa şoh gerek, ýa –ýok (Nakyl). ŞOHLANMAK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet551/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   547   548   549   550   551   552   553   554   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ŞOH [şo:h], syp. Degişgen, bälçik, alaýaz. Ýigit 
ýa şoh gerek, ýa ýok (Nakyl).
ŞOHLANMAK [şo:hlonmok], işl. Şohluk 
etmek, 
ruhy 
göterilmek, 
keýpi 
kökelmek. 
Annataganyň 
meňzetmeleri 
bilen 
şohlanan 
Gubaýdullin oňa soragly göz bilen çiňerildi (B. 
Kerbabaýew).
ŞOHLUK [şo:hluk], at. Degişgenlik, wäşilik, 
bälçiklik, alaýazlyk. Derýaguly aga şohluk bilen 
ýuwmarlamaga çalyşdy (N. Jumaýew).
ŞOKURDAMA 
[şokurdomo], 
iş 
ady. 
Şokurdamak ýagdaýy. 
ŞOKURDAMAK [şokurdomok], işl. Şokur-
şokur etmek, gatap, şokurdyly ses çykarmak, 
şokurdyly seslenmek. Eden işim bilmedim, aklym 
başymdan çaşdy, Şokurdap il ürküzer, ogşuk bahaly 
içmek (Kemine).
ŞOKURDAMAKLYK [şokurdomokluk], iş ady. 
Şokurdamak ýagdaýy. 
ŞOKURDAŞMAK 
[şokurdoşmok], 
işl. 
Şokurdyly ses edişmek. 
ŞOKURDATMAK 
[şokurdotmok], 
işl. 
Şokurdyly ses etdirmek, şokurdy döretmek. Şeý 
diýdi-de içmegin, şokurdadyp başlady (M. Seýidow).
ŞOKURDAWUK [şokurdowuk], syp. Şokurdap 
duran, şokurdyly ses çykarýan, şokurdyk. Aýagyňa 
bir şokurdawuk mesini geý (

Görogly

). 
ŞOKURDAÝYŞ 
[şokurdoýuş], 
iş 
ady. 
Şokurdamak ýagdaýy. 


332 
ŞOKURDY, at. Gaty deriden, kirläp gatan 
geýim-gejimden we ş.m. çykýan sesiň ady. Gaty 
deriniň şokurdysy. Köne içmegiň şokurdysy. 
ŞOKURDYK 
[şokurduk], 
syp., 
ser. 
Şokurdawuk. Ol şokurdyk ak possunyny ýeňlenip, 
myhmanlaryň atyny tutuşdy, getiren söwüşlerini 
daňyşmaga kömek etdi (N. Pomma).
ŞOL, Bir şahsy, bir zady we ş.m. görkezmek 
hyzmatyny ýerine ýetirýän görkezme çalyşmasy (şol 
sözüniň düşümlerde ulanylyşy: şol, şonuň, şoňa, 
şony, şonda, şondan). 
ŞONÇA [şonço], hal. Şol derejede, şoňa barabar, 
şonuň ýaly. Ýabysy näçe gulagyny salpardyp barsa
onuň şonça hem keýpi kökdi (A. Durdyýew). Säher 
turup, syl ýüzüňe çagaňy, Päkligiňde bolup bilseň 
sonça bol (G. Ezizow).
ŞONLUGYNA [şonluğna], hal. Şol durşuna, 
bolşy ýaly, durşy ýaly, öňküligine. Gürrüň şonlugyna 
galdy. 
ŞOR, at. Derlemek netijesinde köýnege we ş.m. 
ýere çykýan ak eňez, duz. 
ŞOR [şo:r], syp. 1. Tagamy duzly, duzy köp, duzy 
artyk düşen, duzy agdyk (nahar hakynda). 2. Duzy 
ýüzüne çykyp, agaryp ýatan (ýer hakynda). Şor 
doňmaz, ýaman oňmaz (Nakyl). Şor ýer

Şor maňlaý bagtsyz, hemişe işi şowsuz, işi 
oňmaýan. Şor toýnak baran ýerinde bereket gaçýan, 
aýagy düşmeýän, kemrysgal, gaty toýnak. Şory 
depesine çykan erbet, bihaýa. Şor ykbal täleýi ters 
gelen, gara maňlaý, bagty gara, bagtsyz. 
ŞORA [şo:ro], at. Şorlukda bitýän pür ýaprakly 
we baldagy şorumtyk suwluja gyrymsy ösümlik. Ol 
bu gün däri ýasamak üçin şora ýygmaga gidipdi (A. 
Gowşudow).
ŞORALYK [şo:roluk], at. Köp şora gögeren ýer, 
şora bilen örtülen ýer. Ol wagt bu şäheriň giň 
meýdany her ýerde bir düýp garagan hem gyrymsyja 
şoralyk düzdi (B. Gurbanow). 
ŞORÇAÝYR 
[şo:rçaýyr], 
at. 
Gyrtyçlar 
maşgalasyna degişli, esasan, suwsuz ýatan şor 
meýdanda bitýän, iri we gaty baldakly, ýere ýazylyp 
ösýän haşal ot. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   547   548   549   550   551   552   553   554   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling