Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ŞÖHLESIZ [şöhlösüz], syp. 1


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet554/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   550   551   552   553   554   555   556   557   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ŞÖHLESIZ [şöhlösüz], syp. 1. Şöhle saçmaýan, 
ýiti ýagtylyk bermeýän, öçügsi. Şöhlesiz çyra. 2
göç.m. Nursuz, ýalkymsyz, nury gaçan, şöhlesi giden. 
Şöhlesiz göreçler. 
ŞÖHRAT [şöhra:t], at. 1. At-abraý. Nepis türkmen 
halylarynyň şöhraty gün geldikçe artýar (

Edebiýat 
we sungat

). 2. Üstünlik gazanmak arzuw edilip 
aýdylýan alkyş sözi; gazanylan üstünligi, görkezilen 
mertlik 
mübäreklenip, 
gutlanyp 
aýdylýan 
ruhlandyryjy söz. Watan üçin şirin janyny aýaman, 
Gaýduwsyz söweş edýän mertlere şöhrat! (B. 
Kerbabaýew). 3. Oglana dakylýan at. 
ŞÖHRATLANDYRMAK 
[şöhra:tlannyrmak], 
işl. Şöhratyny dünýä ýaýmak.  
ŞÖHRATLANMA [şöhra:tlanma], iş ady. 
Şöhratlanmak ýagdaýy. 
ŞÖHRATLANMAK 
[şöhra:tlanmak], 
işl. 
Şöhrata eýe bolmak. Onuň özi-de, bir wagtlar gowy 
sportsmen bolup şöhratlanypdy (R. Alyýew). 
ŞÖHRATLANMAKLYK [şöhra:tlanmaklyk], iş 
ady. Şöhratlanmak ýagdaýy. 
ŞÖHRATLANYŞ 
[şöhra:tlanyş], 
iş 
ady. 
Şöhratlanmak ýagdaýy. 
ŞÖHRATLY [şöhra:tly], syp. Şöhrata mynasyp, 
şöhrat gazanan. Gadamyňyz batly bolsun, şöhratly 
pagtaçylar! 
ŞÖHRATLYLYK [şöhra:tlylyk], at. Şöhraty 
barlyk, şöhrata mynasyp bolmaklyk, şöhrat 
gazanmaklyk. 
ŞÖHRATPARAZ [şöhra:tparaz], syp. Şöhrata 
kowalaşýan, ada, derejä, wezipä çapýan. Şöhratparaz 
adam. 
ŞÖHRATPARAZLYK [şöhra:tparazlyk], at. 
Şöhrata kowalaşmaklyk, ada, derejä, wezipä 
çapmaklyk. Şöhratparazlyk gizläp bolýan gylyk däl-
dä! (N. Jumaýew). 
ŞÖWKET [şöwköt], at. 1. Dabara, mertebe, şan.
Süleýmandan artyk bolsa şöwketiň, Lerzana getirse 
gökni haýbatyň (Magtymguly). 2. Oglana dakylýan 
at.
ŞÖWÜR: şöwür çekmek 1) gijesine ýol geçmek, 
gije ýöremek, ilkagşamdan ertire çenli ýol ýöremek. 
Agşam şöwür çeken, garny hepbik ýaly atlar darym 
edýärdi (B. Kerbabaýew). 2) uklamazlyk. Alleý-alleý 
aragy, Gül başynyň daragy, Gije şöwürler çeksem, 
Gündiz gözümiň çyragy (Hüwdi). 
ŞPAL, [şpa:l] at. Agaçdan ýa-da betondan 
relsleriň aşagyndan keseligine düşelýän ýasy 
düşeklik. 
ŞPRIS [işpiri:s], at. Suwuklyklary pürkmek ýa-da 
sorup almak üçin porşenli we iňňeli silindrjik, kiçijik 
silindr.
 
 
ŞTANGA [yşta:nga / yşda:nga], at, sport. Agyr 
atletikada: iki gapdalyndaky dürli agramdaky tigirlegi
ortadan gelýän 2 m çenli uzynlykdaky demir hada 
oturdylýan enjam.
ŞU, Ýakyn aralygy, wagty we ş.m. görkezmek 
üçin bu sözüniň manysynda gelýän görkezme 
çalyşmasy. 

Kim men?

Jogap tapman şu günlere 
çen, Seni söýüp, kimdigimi bildim men(G. Ezizow).


335 
ŞUBELA [şuvela: / şüvela:], hal. Jan edip
ençeme gezek, şunça, her näçe. Horasan tilkisi şubela 
urundy weli, urundygyça gapan onuň aýagynda 
gaýymlandy (Ertekiler). Maşyn şubela arlasa-da, 
tigirleri diýen etmedi. 
ŞUGLA [şuğlo], at, şahyr. Şöhle, ýalkym, 
ýalpyldy, ýagty, lowurdy. Görki – gün, şuglasy älemi 
ýakar, Aga jan Arabyň gyzyn bereýin (

Görogly

). 
Ýüzi aý dek şugla salar, Husny pelekden paç alar 
(

Zöhre – Tahyr

). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   550   551   552   553   554   555   556   557   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling