Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ŞYHMÜTÜR [şy:hmütür], at. Daňlan, baglanan  malyň ýüpi çolaşmazlyk üçin demirden ýasalan  enjam (ser. Jykyryk


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet559/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   555   556   557   558   559   560   561   562   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ŞYHMÜTÜR [şy:hmütür], at. Daňlan, baglanan 
malyň ýüpi çolaşmazlyk üçin demirden ýasalan 
enjam (ser. Jykyryk). Zynjyrlaryň şyhmütüri 
bolmasa, kä itleriň zynjyry towlap-towlap, ahmal 
edip goýmasy bardy (

Edebiýat we sungat

). 

 Şyhmütürini towlamak etmesiz zady gaýdyp 
etmez ýaly etmek. Baý, men olaryň dilini tapyp
şyhmütürini towlamaga ökdedirin-ä – diýip, Nurbibi 
onuň egnine kakyp, jak-jaklap güldi (N. Pomma).
ŞYKGY Iat. Düzüminde toýun garyndysy bolan 
gaty toprak, toýun. Ýabyň içine böküp girende, şykgy 
gatyşykly mäzleşik laý onuň aýagynyň aşagynda 
moýmuldady (B. Öwezow).
ŞYKGY IIat. Doly gatamadyk ýumşak pile. 
ŞYKGYLDAMA 
[şykgyllama], 
iş 
ady. 
Şykgyldamak ýagdaýy. 


338 
ŞYKGYLDAMAK [şykgyllamak], işl. Bir zat
ikinji bir zada çala degende, uly sagat ýörände we 
ş.m. ýagdaýda şykgyldyly ses çykmak. 
ŞYKGYLDAMAKLYK [şykgyllamaklyk], iş 
ady. Şykgyldamak ýagdaýy.
ŞYKGYLDAŞMAK [şykgyllaşmak], işl. Birnäçe 
zat şykgyldyly ses çykarmak. 
ŞYKGYLDATMAK [şykgyllatmak], işl. Şyk-
şyk edip ses döretmek. – Garaz, bir zat hasaplasaň 
bolar-da – diýip, şykgyldadyp, çalt-çalt çot kakmaga 
başlady (N. Jumaýew).
ŞYKGYLDAÝYŞ 
[şykgyllaýyş], 
iş 
ady. 
Şykgyldamak ýagdaýy. 
ŞYKGYLDY [şykgylly], at. Bir zat ikinji bir 
zada çala degende, uly sagat ýörände we ş.m. 
ýagdaýda döreýän sesiň ady. Gadymy asma sagadyň
diliniň şykgyldysy. 
ŞYK-ŞYK-ŞYK, s.ş.aňl.söz. Uly sagat ýörände, 
çot kakylanda yzly-yzyna çykýan sesler. Gazaply 
kazy deý mydam başymda, Sagat çot kakyp dur şyk-
şyk-şyk (G. Ezizow). 
ŞYKYRDAMAiş ady. Şykyrdamak ýagdaýy. 
ŞYKYRDAMAK, işl. Şykyrdawuk zatlar 
ellenende, gutynyň içindäki gaty zatlar biri-birine 
degende ş.m. ýagdaýlarda şykyrdyly seslenmek. Şol 
wagt gapynyň kiçijik gapyjygy çalaja şykyrdady (B. 
Kerbabaýew). Şykyrdap duran onluk manat.
ŞYKYRDAMAZLYK, iş ady. Şykyrdyly 
seslenmezlik. 
ŞYKYRDAŞMAK, işl. Birnäçe zat şykyrdyly 
seslenmek. 
ŞYKYRDATDYRMAK, işl. Şykyrdatmaga ýol 
bermek. 
ŞYKYRDATMAKişl. Şykyrdyly ses döretmek. 
Ol öňünde duran çäýnegiň gapagyny oýnap, 
şykyrdadyp dymdy (A. Gowşudow).
ŞYKYRDAWUK [şykyrdowuk], syp. Ellenende, 
deglende şykyrdyly ses edýän, şykyrdap duran. 
Şykyrdawuk kagyz. 
ŞYKYRDAÝYŞiş ady. Şykyrdamak ýagdaýy. 
ŞYKYRDY, at. Şykyrdawuk zatlar ellenende, 
gutynyň içindäki gaty zatlar biri-birine degende ş.m. 
ýagdaýlarda döreýän sesiň ady. 
ŞYKYR-ŞYKYR, s.ş. aňl.söz. Şykyrdawuk 
zatlar ellenende, gutynyň içindäki gaty zatlar biri-
birine degende ş.m. ýagdaýlarda yzly-yzyna çykýan 
sesler. 
ŞYKYRTs.ş.aňl.söz. Gutynyň içindäki gaty zat 
başga bir gaty zada ýa-da gabyň özüne degende ş.m. 
ýagdaýda çykýan ses. Şaýylyk pul şykyrt edip ýere 
gaçdy
ŞYLHAat. Sary gaçan, ýyrtylan, köne-sana, sal-
sal (geýim). Kimden galan şylha sen, şeýle mazaly 
içmek (Kemine). 
ŞYLHA-ŞYLHA, syp. Ýyrtyk-ýyrtyk, sal-sal, 
eleşan bolan (geýim). 
ŞYLTAK, at. Birine nähak ýerden atylýan 
töhmet, ýalan günä. Barlag geçirilenden Hoja 
ýapylan şyltaklar puç boldy (K. Berdiýew).

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   555   556   557   558   559   560   561   562   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling