Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ŞYGLATMAK [şyğlatmak], işl. Şyglamak  derejesine ýetirmek, şyg-şyg etdirip seslendirmek.  Semawary şygladyp goýmak.  ŞYGLAÝYŞ


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet558/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   554   555   556   557   558   559   560   561   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ŞYGLATMAK [şyğlatmak], işl. Şyglamak 
derejesine ýetirmek, şyg-şyg etdirip seslendirmek. 
Semawary şygladyp goýmak. 
ŞYGLAÝYŞ [şyğlaýyş], iş ady. Şyglamak 
ýagdaýy. 
ŞYGRYÝET [şyğryýet], at. Şygyr bilen ýazylan 
eserler.  
ŞYGYR [şyğyr], at. Belli bir ölçegde ýazylýan 
şahyrana çeper eser, goşgy. Bir şygyr döretdim seniň 
yşkyňa, Ýene ýüz şygyrlyk sözlerim gurban (M. 
Seýidow). 

Ak şygyr setirleriniň kapyýalaşmagy hökmany 
bolmadyk goşgy şekili. 
ŞYGYRDAMA 
[şyğyrdama], 
iş 
ady. 
Şygyrdamak ýagdaýy. 
ŞYGYRDAMAK [şyğyrdamak], işl. Şygyrdyly 
ses çykmak, şygyrdyly ses etmek, şygyrdyly 
seslenmek. Şemala üzümiň ýapraklary şygyrdady. 
ŞYGYRDAMAKLYK [şyğyrdamaklyk], iş ady. 
Şygyrdamak ýagdaýy. 
ŞYGYRDAŞMAK [şyğyrdaşmak], işl. Birnäçe, 
köp zat köpçülikleýin şygyrdamak. Beýik erik 
agajynyň ýapraklary şygyrdaşyp seslenýär, şemalyň 
ugruna gaýyşyp düşýärdiler (A. Gowşudow).
ŞYGYRDATDYRMAK [şyğyrdatdyrmak], işl. 
Şygyr-şygyr etdirtmek. 
ŞYGYRDATMAK 
[şyğyrdatmak], 
işl. 
Şygyrdamaga mejbur etmek, şygyrdamak katdyna 
ýetirmek, şygyrdyly ses döretmek. Öwsen şemal 
guran gamyşlary şygyrdatdy.
ŞYGYRDAÝYŞ 
[şyğyrdaýyş], 
iş 
ady. 
Şygyrdamak ýagdaýy. 
ŞYGYRDY [şyğyrdy], at. Bir zadyň başga bir 
zada degmegi, hereket, gymyldy we ş.m. sebäpli 
döreýän sesiň ady. Gijeleri hem şol tamyň üstünde 
oturyp töweregine ser salýardylar, şygyrdylara gulak 
asýardylar (A. Gowşudow). 
ŞYH [şy:h], at. 1. Ýokary musulman 
ruhanylarynyň wekili, diniň taglymatçysy we 
kanunçysy. 2. Oglana dakylýan at. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   554   555   556   557   558   559   560   561   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling