328
sen? (Magtymguly).
Gülüň ysyn şeýda bilbil bilmese,
Garga pahyr bilsin ony nireden? (M. Seýidow).
ŞEÝDIP,
hal. Şunuň ýaly görnüşde.
Ýaşuly
agtygyna ýerin depilişini görkezip:
Indi senem
şeýdip depiber
diýdi.
ŞEÝDIŞ,
iş ady. Şeýtmek ýagdaýy.
Ol seniň
şeýdişiňi ýadyndan çykarmasa gerek.
ŞEÝDIŞMEK,
işl., gepl.d., ser. Birnäçe
bolup
şeýdip ýörmek, durmak.
Olar indi şeýdişip selkildeşip
ýörmelimikä?
ŞEÝHINLI: şeýhinli terezi leňňerli terezi.
Söwdagäriň ogly eýýäm şeýhinli terezisini gurup
ýatyr (B. Kerbabaýew).
ŞEÝKEL,
syp. Kyn, kynçylykly; ýaramaz, pes;
hata.
Işiň şeýkel bolsa, wagtyň hoş bolanok (B.
Kerbabaýew).
ŞEÝKELLIK,
at. Kynçylykly ýagdaý, şeýkel
bolmaklyk.
Umuman, şu şeýkelligiň özi bäş günden
artyk wagt alar öýdemok (B. Kerbabaýew).
ŞEÝLE,
çal. 1. Şonuň ýaly, şuňa meňzeş, şu hili.
2. Hiç
bir maksatsyz, ýöne.
Ol bu suraty şeýle
çekäýipdir. 3. Soňundan -
de baglaýjysy goşulanda
şeýle manyda ulanylýar:
şonsuz hem, bolmanda-da,
ýöne-de.
Sen maňa azar berme, men şeýle-de
aljyraýaryn.
Şeýle bir örän, gaty, juda.
Bu gawun şeýle bir
süýji eken.
Do'stlaringiz bilan baham: