ŞERTLENDIRILMEK [şertlennirilmek], işl.
Şert goýlan, şert esasynda ýerine ýetirilmeli edilen.
ŞERTLENDIRMEK [şertlennirmek], işl. Şert
döretmek, şert goýmak.
ŞERTLEŞIKLI, syp., ser. Şertli.
ŞERTLEŞILMEK, işl. Özara şert edilmek,
wadalaşylmak. Ol şertleşilen sagatda duşuşyk ýerine
geldi.
ŞERTLEŞIŞ, iş ady. Şertleşmek ýagdaýy.
ŞERTLEŞME, iş ady. Şertleşmek ýagdaýy.
ŞERTLEŞMEK, işl. Bir işi, meseläni ýerine
ýetirmek, çözmek, amala aşyrmak üçin özara şert
edişmek, wadalaşmak. Dowul turuzmaly däl diýip,
öňden şertleşipdik ahyry (N. Jumaýew).
ŞERTLEŞMEKLIK,
iş
ady.
Şertleşmek
ýagdaýy.
ŞERTLEÝIN, syp. Belli şerte daýanýan, şerte
bagly.
ŞERTLI, syp. Öňünden şert edişilen we şertiň
nämeden ybaratdygyny bilýän üçin düşnükli. Şertli
gysgaltma. Şertli dil (mysal üçin, esperanto dili).
Şertli belgi.
ŞERTNAMA [şertna:ma], at. Iki taraplaýyn ýa-
da köp taraplaýyn borçnamalar hakda, esasan, hat
üsti bilen baglaşylýan ylalaşyk.
ŞEŞMER, at, k.d. Gamçy. Ineriň ýagyrnysyna
şeşmer bilen bir gondursam, inerem boýnuňy üzüp
gidýä seniň (
Görogly
).
ŞEŞPER, at, kön.s. Ujy diş-diş tommaýly, gysga
sapy gol gaýyşly, demirden edilen sowuk ýarag.
Şeşper aýdar meniň işim, On iki paradyr başym
(
Görogly
).
ŞETDALY [şetda:ly], at. 1. Bägül güllüler
maşgalasyndan bolan miweli agaç. 2. Şol agajyň
şänikli, etlek, iri, süýji miwesi. 3. Şetdaly
miwesinden gaýnadylan. Şetdaly mürepbesi.
ŞETDALYGÜL [şetda:lyğül], at. Şetdalynyň
gülüne meňzedilip, el işlerine salynýan nagyş.
Menem sary keteniden
şetdalygül
nagyşly çyrpy
edindim (A. Gowşudow).
ŞETDAT [şetda:t], at. Kese agajyň gyrasyna
berkidilip, agzyna işlenýän, ýasalýan önüm
gysdyrylyp berkidilýän enjam, şetdat.
Do'stlaringiz bilan baham: |