Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


SYKAÇ, at. Miweleriň suwuny sykyp almak üçin  gural, enjam.  SYKAJAK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet507/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   503   504   505   506   507   508   509   510   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

SYKAÇ, at. Miweleriň suwuny sykyp almak üçin 
gural, enjam. 
SYKAJAK: 
sykajaga 
salmak 
käýemek, 
gysmak, daşyna geçmek, gyssamak. 

Päleli, päläňi 
ugrat

 – diýip, sykajaga salýarlar (B. Kerbabaýew). 


304 
SYKALMA, iş ady. Sykalmak ýagdaýy. 
SYKALMAK, işl. Gitdigiçe syk bolmak. 
SYKALMAZLYK, iş ady. Syk bolmazlyk. 
SYKALTMAK, işl. Syk görnüşe getirmek, syk 
bolar ýaly etmek. 
SYKALYBERMEK 
[sykalyvermek], 
işl. 
Gitdigiçe syk bolmak. 
SYKALYŞ, iş ady. Sykalmak ýagdaýy. 
SYKDYRMAK işl. Sykmak işini başga birine 
etdirmek. Naryň suwuny sykdyrmak. 
SYKLYK, at. Syk bolmaklyk, çal dällik. Halynyň 
syklygy onuň hilini gowulandyrýar. 
SYKMA, iş ady. Sykmak ýagdaýy. 
SYKMAK, işl. 1. Gysyp suwuny çykarmak 
(ýuwlan eşik hakynda). 2. Gysyp, mynçgap, suwuny 
almak (miwe hakynda). Sykyp üzümiň suwuny almak
SYKMAKLYK, iş ady. Sykmak ýagdaýy. 
SYKMAN, at. Peýnir, sargan ýaly süýtden 
taýýarlanýan iýmit. 
SYKMAZLYK, iş ady. Sykmak işini etmezlik. 
SYKRAK [sykyra:k], syp. Berkräk edip dokalan, 
dokalyşy gaty gowşak däl, azda-kände syk. 
SYKYBERMEK [sykyvermek], işl. Sykyp 
başlamak. 
SYKYLMAK, işl. 1. Bir zady gysyp, towlap 
şiresi, suwy çykarylmak. Naryň suwy sykylyp alyndy. 
Ýuwlan geýimler sykylyp serildi. 2. göç.m. Inçelmek, 
arryklamak, horlanmak. Göze dolmuş göwräň 
birneme sykylan ýaly boldy (R. Gelenow). 
SYKYLYK [sy:kylyk], at. 1. Gysylan, batly 
howa akymy arkaly agyz boşlugunda döreýän ýiti 
owaz. Mawyň sykylygyna-da bakman, ondan soň 
başyny aşak egip, dyzyny gaşamaga durdy (B. 
Kerbabaýew). 2. gepl.d. Ýeliň, okuň we ş.m. 
hereketinden emele gelýän ses. Oklaryň sykylygynyň 
astynda düýrülip, ýygrylyp, hüwdülenen ýaly bolup 
uka gitdi (H. Ysmaýylow). 
SYKYLYKÇY [sy:kylykçy], at. 1. Sykylyk
atmaga endik edinen (adam, çaga). 2. Ördegiň 
sykylyk atýan ýaly ses çykarýan, mele reňkli, 
gursagy ak görnüşi. 
SYKYLYKLABERMEK [sy:kylykla:vermek], 
işl. Sykylyklap başlamak. 
SYKYLYKLAMA [sy:kylyklamaj, iş ady. 
Sykylyklamak ýagdaýy. 
SYKYLYKLAMAK [sy:kylyklamak], işl. 1
Sykylyk çalmak, sykylyk atmak. Ol aýdym bilmese-
de, legenini dep edinip, hiňlenip, sykylyklan bolýar 
(N. Pomma). 2. gepl.d. Sykylyk çalýan ýaly 
şuwwuldyly ses etmek, ses döretmek. Oklaryň 
sykylyklaýan sesleri. 
SYKYLYKLAMAKLYK [sy:kylyklamaklyk], iş 
ady. Sykylyklamak ýagdaýy. 
SYKYLYKLAMAZLYK [sy:kylyklamazlyk], iş 
ady. Sykylyk atmazlyk. 
SYKYLYKLAŞMAK [sy:kylyklaşmak], işl. 
Biri-birine sykylyk atmak. Olar tokaýyň içi bilen 
barýarkalar, 
kämahal 
bir 
sykylyklaşyp 
habarlaşýardylar. 
SYKYLYKLATMAK [sy:kylyklatmak], işl. 
Sykylyk atmaga mümkinçilik döretmek. 
SYKYLYKLAÝYŞ [sy:kylyklaýyş], iş ady. 
Sykylyklamak ýagdaýy. 
SYKYM, at. Gysym. 
Bir sykym (gysym) bolmak gaty horlanmak, 
inçelip galmak. 
SYKYŞ, iş ady. Sykmak ýagdaýy. 
SYKYŞMAK, işl. 1. Sykmaga kömek bermek. 2. 
Bilelikde sykmak. Olar toşap gaýnadyljak üzümi 
sykyşyp otyrdy. 
SYLABERMEK [sy:la:vermek], işl. Birine 
sylag-hormat goýubermek, sarpa goýubermek. 
SYLAÇA, at. Külbike (barmak). 
◊ Sylaça ýaly kiçijik, keltejik (adam). Sylaça ýaly 
gyzyň pikirini gowy gördüňiz? (R. Gelenow). 
SYLAG [sy:lağ], at. 1. Özüňden ula ýa-da kiçä 
goýulýan hormat, sarpa. 2. Bir işde, zähmetde 
gazanylan üstünlik üçin berilýän pul ýa-da 
gymmatbaha zat, sowgat. 
SYLAGLABERMEK [sy:lağla:vermek], işl. 
Sylaglap başlamak; sylag bermegi dowam etdirmek. 
SYLAGLAMA [sy:lağlama], iş ady. Sylaglamak 
ýagdaýy. 
SYLAGLAMAK [sy:lağlamak], işl. Sylag 
bermek. Meni ýokary sylag bilen sylagladylar. 
SYLAGLAMAKLYK [sy:lağlamaklyk], iş ady. 
Sylaglamak ýagdaýy.  
SYLAGLAMAZLYK [sy:lağlamazlyk], iş ady. 
Sylag bermezlik.
SYLAGLANMAK [sy:lağlanmak], işl. Sylag 
berilmek. Ol ençeme gezek sylaglanypdy. 
SYLAGLAŞMAK [sy:lağlaşmak], işl. Sylag 
berişmek. 
SYLAGLATMAK [sy:lağlatmak], işl. Sylag 
berdirmek. Ökde ýygymçylary gymmat bahaly zatlar 
bilen sylaglatdylar. 
SYLAGLAÝYŞ 
[sy:lağlaýyş], 
iş 
ady. 
Sylaglamak ýagdaýy. 
SYLAGLY [sy:lağly], syp. 1. Sylag berilýän, 
sylaga degişli. Sylagly orun. 2. Hormat-sylag 
goýulýan, hormatly, sarpaly. Garry molla obanyň 
sylagly adamsy (G. Kulyýew). 
SYLAGLYLYK [sy:lağlylyk], at. Sylagy, 
hormaty barlyk, hormatlylyk, sarpalylyk. Ýaşlaryň 
arasynda sylaglylyk hem gowy zat. 
SYLAGLYRAK [sy:lağlyra:k], syp. Azda-kände 
sylagly; sylag-hormaty köpräk. 
SYLAGSYZ [sy:lağsyz], syp. 1. Sylagy ýok, 
sylagy bolmadyk, sylag almadyk. 2. Hormat-sylag 
edilmeýän, hormatsyz, sarpasyz. 
SYLAGSYZLYK [sy:lağsyzlyk], at. Sylagy 
ýokluk, sylagly dällik, hormatsyzlyk, sarpasyzlyk. 
SYLAMA [sy:lama], iş ady. Sylamak ýagdaýy.
SYLAMAK [sy:lamak], işl. 1. Birine sylag-
hormat goýmak, sarpa goýmak. Ony hemmeler 
sylaýar. 2. gepl.d., ser. Sylaglamak. 
SYLAMAKLYK [sy:lamaklyk], iş ady. Sylamak 
ýagdaýy. Çagalara dogruçyllygy, özüňden ulyny 
sylamaklygy ündemeli. 


305 
SYLAMAZLYK [sy:lamazlyk], iş ady. Birine 
sylag-hormat etmezlik, hormat goýmazlyk. 
SYLANMAK [sy:lanmak], işl. 1. Birine sylag-
hormat edilmek, hormat goýulmak. Ol gülküler 
sazanda gaty görýär diýlip, myhman sylanyp 
goýulýan-a bolmasyn (N. Saryhanow). 2. gepl.d., ser. 
Sylaglanmak. 
SYLAŞMAK [sy:laşmak], işl. 1. Biri-biriňi 
sylamak, biri bilen sylaşykly bolmak. Ýeke özüň 
dälsiň olaň diregi, Gowsy sylaşaly birek-biregi (M. 
Seýidow). 2.Birnäçe bolup sylamak. 
SYLAŞYK [sy:laşyk], at. Biri-biriňe goýulýan 
hormat, edilýän sylag-hormat, sarpa. 
SYLAŞYKLY [sy:laşykly], at. Birek-birege 
sylaşyk edýän, biri-birini sylaýan. Sylaşykly bolmak
SYLATMAK [sy:latmak] işl. 1. Sylamagyny 
gazanmak, sylar ýaly etmek, hormatlatmak. 2. 
gepl.d., ser. Sylaglatmak. 
SYLAÝYŞ [sy:laýyş], iş ady. Sylamak ýagdaýy. 
SYLGYM [sy:lğym]
sylgymyny 
bermek
bolmaly zady, wakany bilşine görä çalaja dyýdurmak. 
SYLMA [sy:lma], iş ady. Sylmak ýagdaýy. 
SYLMAK [sy:lmak], işl. 1. Esasan, ýüzüňi eliň iç 
ýüzi bilen süpürmek. Eli bilen maňlaýynyň derini 
syldy 2. 

Bize-de miýesser etsin, oňat zat

diýip, eliňi 
ýa-da toý ýaglygyny ýüzüňe, maňlaýyňa degirmek. – 
Bir oňatja, aýyň bölegi ýalyjak gyz – diýip, ýüzüne 
sylypdyr (A. Durdyýew). 3. Iki eliňi öňe uzadybrak 
açyk halynda iç ýüzüni täze dogan çaga, täze dogan 
aýa we ş.m. tarap tutup, soňundan hem iç tarapyny 
açylgylygyna maňlaýyňa degirmek (bu hereket yzly-
yzyna birnäçe gezek gaýtalanýar). – Işiňiz şow alsyn 
– diýip, olaryň giden ugruny ýüzüne syldy (R. 
Gelenow). 
SYLMAKLYK [sy:lmaklyk], iş ady. Sylmak 
ýagdaýy. 
SYLYBERMEK [sy:lyvermek], işl. Sylyp 
başlamak. 
SYLYŞMAK [sy:lyşmak], işl. Köpçülik bolup 
sylmak. Derläp gara suw bolan suwçular derlerini 
sylyşyp, düşelgä özlerini atdylar
SYMALY [sy:ma:ly], syp. Görkli, sypatly. 
Maňlaýy bir garyş, bolsun at ýüzli, Tawus guş symaly, 
ütelgi gözli (Magtymguly). 
SYMGYLT [symğylt], syp. Öçügsi gyzyl reňk. 
Göze görünmän ýaşan günüň yzyndaky symgylt bulut 
gyzgylt reňke aýlandy (B. Kerbabaýew).
SYMRUG 
[symru:ğ], 
at. 
Erteki-dessan 
gahrymanlaryny agyr ýagdaýlardan halas edýän 
hyýaly guş. Symrugyň ryzky ýetişen, Uçmaga 
mydarasy ýok (

Nejep oglan

). 
SYMSYK, at. Çalarak düwlen ýumrugyň 
barmaklar tarapy. Ol onuň owurdyna ýumruklady, 
böwrüne symsyk urdy (B. Kerbabaýew). 
SYMSYKLABERMEK [symsykla:vermek], işl. 
Symsyklap başlamak. 
SYMSYKLAMA, iş ady. Symsyklamak ýagdaýy. 
SYMSYKLAMAK, işl. Biriniň böwrüne yzly-
yzyna symsygyň bilen hürseklemek, urmak. Ol meni 
bir syhly symsyklap otyr – diýip, aýtdy (A. 
Durdyýew). 
SYMSYKLAMAKLYK, iş ady Symsyklamak 
ýagdaýy. 
SYMSYKLAMAZLYK, iş ady. Biriniň böwrüne 
yzly-yzyna 
symsygyň 
bilen 
hürseklemezlik, 
urmazlyk. 
SYMSYKLANMAK, işl.Symsyk urulmak. 
SYMSYKLAŞMAK, 
işl. 
Biri-biriňi 
symsyklamak. 
Olar 
biri-biriniň 
böwrüne 
symsyklaşyp, gülşüp otyrdylar.  
SYMSYKLATMAK, işl. Symsyklamaga 
mümkinçilik bermek, ýol bermek. Sen näme özüňçe 
bara-ýoga symsykladyp otyrsyň? 
SYMSYKLAÝYŞ, 
iş 
ady. 
Symsyklamak 
ýagdaýy. 
SYMYLJYK, syp. Ýürege düşüp, çala agyryp 
duran agyry. Ýöne weli, içinden tutýan symyljyk agyry 
ony öz erkine goýmazdy (B. Kerbabaýew).
SYMYLJYRAMA, iş ady. Symyljyramak 
ýagdaýy. 
SYMYLJYRAMAK, işl. Bir hili symyljyk 
agyrmak. Ertirden bäri kelläm symyljyrap durandan 
soň, bir azajyk gyşaraýypdym (B. Kerbabaýew). 
SYMYLJYRAMAKLYK, iş ady. Symyljyramak 
ýagdaýy. 
SYMYŞLABERMEK [symyşla:vermek], işl. 
Symyşlap başlamak. 
SYMYŞLAMA,iş ady. Symyşlamak ýagdaýy. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   503   504   505   506   507   508   509   510   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling