Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
SYMYŞLAMAK,işl.Gaty köp iýip oturmak, sygnamak. Gara dere batyp, şol symyşlap otyr (B. Öwezow). SYMYŞLAMAKLYK
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
SYMYŞLAMAK,işl.Gaty köp iýip oturmak,
sygnamak. Gara dere batyp, şol symyşlap otyr (B. Öwezow). SYMYŞLAMAKLYK,iş ady. Symyşlamak ýagdaýy. SYMYŞLAMAZLYK, iş ady. Symyşlap iýip oturmazlyk. SYMYŞLAŞMAK, işl. Birnäçe bolup symyşlamak, sygnamak, sümürmek. Iýmeli zat bolsa- ha Gurban ýadyňyza düşenok, ýeke özüňiz symyşlaşyp otyrsyňyz (A. Durdyýew). SYMYŞLAÝYŞ, iş ady. Symyşlamak ýagdaýy. SYN [sy:n] I, at, gepl.d., ser. Syý. Amanat don geýseň, synyňy silkeräk (Nakyl). ◊ Synyny suwdan saýlamak (çykarmak) il hatary bolmak. SYN [sy:n] II, at. 1. Birini ýa-da bir zady her tarapdan gözden geçiriş. Adamzady tanap bolmaz syn bilen (Magtymguly). 2. Bir işe, esere ýazuw üsti bilen berilýän ýazmaça baha. Ýazan synyny okap berdi. 3. Özara baglanyşykly wakalar, hadysalar hakynda gysgaça habar. Halkara ýagdaýyna syn. ◊ Synyň oturmak göwnüň ýetmek, öz ýanyňdan oňat diýip baha bermek, halamak. Dor atyň owadan syratyna syny oturdy. SYN [sy:n] III: syn etmezlik kemçilik hasap etmezlik, kemçilik saýmazlyk. Yzzat, hormat syn etmegin Görüm görülmegen ýerde (Magtymguly). SYNA [sy:na], at. Beden, göwre, ten. Ýar, synaňa synam degdi, Goýnuň jennetdir gümana ( Görogly ). Köňlümde ýanan otlar synamda sönmez gelin (Kemine). 306 ◊ Syna sagat beden agzalary sagat, sagdyn. SYNABERMEK [sy:na:vermek], işl. Synap başlamak. SYNAG [sy:nağ], at. 1. Tejribe maksady bilen geçirilýän barlag, derňew. Öz synagyny näme bilen başlajagyny oýlanyp-çenlenip başlady (A. Gowşudow). 2. Gözden geçiriş, barlag. Gurluşyk ýaşlar üçin uly synag mekdebi boldy.3. Okuw dowamynda jemleýji barlag. Soňky synpyň okuwçylary synaga taýýarlanýarlar. SYNAHOR [sy:naho:r], at. Düýäniň aýagyna çykýan çykuw. SYNALMAK [sy:nalmak], işl. Synag edilmek, barlanyp görülmek. Özüniň synalýandygyndan habarsyz Ylýas Töre elindäki dürre gamçyny tekepbirlik bilen öýlere baka uzatdy (A. Gowşudow). SYNAMA [sy:nama], iş ady. Synamak ýagdaýy. SYNAMAK [sy:namak], işl. Synag etmek, barlap görmek. Seni synamak üçin oýun edip aýtdym (B. Kerbabaýew). SYNAMAKLYK [sy:namaklyk], iş ady. Synamak ýagdaýy. SYNAMAZLYK [sy:namazlyk], iş ady. Synag etmezlik, barlap görmezlik. SYNANMA [sy:nanma], iş ady. Synanmak ýagdaýy. SYNANMAK [sy:nanmak], işl. Bir işi ýerine ýetirjek bolup synanyşyk etmek, çemeleşmek. Bu aralykda biri derwezäni açjak bolup synandy (B. Seýtäkow). SYNANMAKLYK [sy:nanmaklyk], iş ady. Synanmak ýagdaýy. SYNANMAZLYK [sy:nanmazlyk], iş ady. Bir işi ýerine ýetirjek bolmaga çemeleşmezlik. SYNANYBERMEK [sy:nanyvermek], işl. Synanyp başlamak. SYNANYLMAK [sy:nanylmak], işl. Bir iş ýerine ýetiriljek bolnup synanyşyk edilmek. SYNANYŞMAK [sy:nanyşmak], işl. Synanyp görmek. Ol ýene-de işlemäge synanyşdy. SYNANYŞYK [sy:nanşyk], at. 1. Bir zady amala aşyrmak maksady bilen edilýän hereket. Haýsydyr bir sosial, syýasy ýa-da ykdysady meseläni bir gezekde we hemişelik çözmek synanyşyklary diňe bulam- bujarlyga hem-de durnuksyzlyga getirýär (Gurbanguly Berdimuhamedow, Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr). 2. Ýaryşlaryň käbir görnüşinde ýaryşa gatnaşýanyň birnäçe gezek synanyp gaýtalaýan çykyşy. Ol üçünji synanyşykda iň ýokary netijäni gazandy. SYNAŇKYRLAMAK [sy:naňkyrlamak], işl. 1. Synmaga ýakynlamak, ýykylaňkyrlamak. 2. Gaýnap duran zadyň gaýnamasy kesilmäge, gaýnamasy galmaga golaýlamak. SYNAŞMAK [sy:naşmak], işl. Birek-biregi synamak. Adamzady tanap bolmaz syn bilen, Synaşmagan bilmez kişi kişini (Magtymguly). SYNATMAK [sy:natmak], işl. Synag etdirmek, barladyp gördürmek. SYNAÝYŞ [sy:naýyş], iş ady. Synamak ýagdaýy. SYNÇGABERMEK [synçğa:vermek], işl. Synçgap ugramak. SYNÇGALAMAK [synçğalamak], işl., ser. Synçgamak. Otluçöpden bir til ýolup Synçgylady dişlerini (K. Gurbannepesow). SYNÇGALANMAK [synçğalanmak], işl. 1. Dikilen, oturdylan agajyň we ş.m. düýbi agaç ýa-da demir çiş sünjülip yzly-yzyna berkidilmek. 2. Dişiň arasynda galan zatlar kiçijik çöp bilen arassalanmak. SYNÇGAMA [synçğama], iş ady. Synçgamak ýagdaýy. SYNÇGAMAK [synçğamak], işl. 1. Dikilen, oturdylan agajyň we ş.m. düýbüni agaç ýa-da demir çiş bilen gaýta-gaýta sokup berkitmek. Hiňňildik üçin dikilen agaçlaryň düýbüne daşdyr gum guýup, synçgap berkitdiler. 2. Esasan, dişiň arasynda galan zatlary inçejik çöp sokup aýyrmak, arassalamak. SYNÇGAMAKLYK [synçğamaklyk], iş ady. Synçgamak ýagdaýy. SYNÇGAMAZLYK [synçğamazlyk], iş ady. Synçgamak işi edilmezlik. SYNÇGAŞMAK [synçğaşmak], işl. 1. Synçgamaga kömekleşmek. 2. Bilelikde synçgamak. SYNÇGATMAK [synçğatmak], işl. 1. Dikilen, oturdylan agajyň we ş.m. düýbüni agaç ýa-da demir çiş bilen gaýta-gaýta sokup berkitdirmek. 2. Dişiň arasynda galan zatlary inçejik çöp sokup aýyrtmak, arassalatmak. SYNÇGAÝYŞ [synçğaýyş], iş ady. Synçgamak ýagdaýy. SYNÇGYLAWUK [synçğylowuk], at, ser. Hynçgylawuk. SYNÇGYRMA [synçğyrma], iş ady. Synçgyrmak ýagdaýy. SYNÇGYRMAK [synçğyrmak], işl. Synçgylawuk tutmak. Synçgyryp oturyşyna, suw guýjak bolýardy. SYNÇGYRTMAK [synçğyrtmak], işl. Synçgyrmaga mejbur etmek. Näme üçindigini bilemok, synçgyrdyp başlady. SYNÇGYRYBERMEK [synçğyryvermek], işl. Synçgyryp başlamak. SYNÇGYRYŞ [synçğyryş], iş ady. Synçgyrmak ýagdaýy. SYNÇGYRYŞMAK [synçğyryşmak], işl. Birnäçe bolup synçgyryp durmak. SYNÇY [sy:nçy], at. 1. Gelinlik gyza, öýlenjek ýigide syn etmäge gelýän adam. Sen özüňi synlamaga synçy gelenini bilip dursuň, kelläňe telpegiňi geý (A. Gowşudow). 2. Syn edip bilýän, ýiti, görgür. Ýazyjy synçy bolmalydyr. 3. Esasan, syýasy wakalara seslenip syn ýazýan ýa-da radio-telewideniýede çykyş edýän adam. SYNÇYLYK [sy:nçylyk], at. Synlamaga ökdelik, syn edip, baha berip bilmek häsiýeti. SYNDY [synny], at. Haly çitiminiň ösüntgi ýüpüni gyrkmak, halynyň ýüzüni tekizlemek üçin gaýça, gyrkylyga meňzeş uzyn demir gural. Sen biziň syndylarymyzy çalyp ber (A. Durdyýew). SYNDYRMAK [sy:nnyrmak], işl. 1. Bütinleý heläkçilige uçratmak, ýykmak. 2. Ruhdan düşürmek. 307 3. Gaýnap duran zadyň gaýnamasyny kesdirmek, gaýnamasyny galdyrmak. 4. göç.m. Biderek adam hasaplamak, gowularyň hataryna goşmazlyk. Bir göreniňi öwme-de, syndyrma-da (Atalar sözi). SYNJA [synja:]: synja gylmak namaz okamak üçin iniňi arassalamak. SYNLABERMEK [sy:nla:vermek], işl. Synlap ugramak. SYNLAMA [sy:nlama], iş ady. Synlamak ýagdaýy. SYNLAMAK [sy:nlamak], işl. Birine ýa-da bir zada içgin, her taraplaýyn syn etmek, gözden geçirmek. Yzyna öwrüldi-de, Isgenderi siňe synlady (B. Seýtäkow). SYNLAMAKLYK [sy:nlamaklyk], iş ady. Synlamak ýagdaýy. SYNLAMAZLYK [sy:nlamazlyk], iş ady. Birine ýa-da bir zada içgin, her taraplaýyn syn etmezlik, gözden geçirmezlik. SYNLANMAK [sy:nlanmak], işl. Birine ýa-da bir zada içgin, her taraplaýyn syn edilmek. SYNLAŞMAK [sy:nlaşmak], işl. 1. Synlamaga kömek, ýardam etmek. 2. Birnäçe bolup bilelikde synlamak. Biri-biriniň bitiren işlerini synlaşdylar. SYNLATMAK [sy:nlatmak], işl. Syn etdirmek, gözden geçirtmek. Men özümi synlatmaga gelemok (B. Kerbabaýew). SYNLAÝYŞ [sy:nlaýyş], iş ady. Synlamak ýagdaýy. SYNMA [sy:nma], iş ady. Synmak ýagdaýy. SYNMAK [sy:nmak], işl. 1. ser. Döwülmek. Suw küýzesi suwda synar (Nakyl). Aýagynyň synmagyna seniň ynsabyň nähili çydar (B. Kerbabaýew). 2. Bütinleý heläkçilige uçramak, ýykylmak. 3. Gaýnamy kesilmek, gaýnandan soň ýene sowap ugramak. Aýallarynyň goýýan tüňçesi birnäçe mertebe gaýnap syndy (A.Gowşudow). Gaýnamy synmak. SYNMAKLYK [sy:nmaklyk], iş ady. Synmak ýagdaýy. SYNP,at. Orta bilim berýän mekdebiň okuwçylar topary. Bäşinji synpyň okuwçysy. SYNTGY [sy:ntgy], at. 1. Täze işilen ýüpüň, ýüplügiň, kirşiň daşyndaky übtükleri syryp aýyrma, towuny ýylmama. Onsoň ýene-de kirşe syntgy berjek boldy (N. Saryhanow). 2. göç.m. Ýalňyşlyklary, nädogry ýazylanlary düzetme, ýylmama, timarlama, taraşlama. Emma onuň entek kämilleşmedik ylhamyndan döreýän setirler syntga mätäçdi ( Edebiýat we sungat ). SYNTGYLABERMEK [sy:ntgyla:vermek], işl. Syntgylap başlamak. SYNTGYLAMA [sy:ntgylama], iş ady. Syntgylamak ýagdaýy. SYNTGYLAMAK [sy:ntgylamak], işl. 1. Täze işilen ýüpüň, ýüplügiň, kirşiň daşyny öl zat bilen syhap towuny ýylmamak, düzlemek, üpür-çüpürini aýyrmak. Ol sazyň kirşini ýaglygynyň ujuny ölläp, birnäçe gezek syntgylady. 2.göç.m. Äheňini, ýalňyşlyklaryny düzedip ýylmamak, timarlamak, taraşlamak. Käbir sözlemleri syntgylamaly. Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling