Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet500/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   496   497   498   499   500   501   502   503   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

SÜÝŞENEKLEMEZLIK [süýşönöklömözlük], 
iş ady. Ýatyp ýa-da oturyp ýuwaşjadan bir tarapa 
süýşmezlik, süýşüp öňe hereket etmezlik. 
SÜÝŞENEKLEŞMEK [süýşönöklöşmök], işl. 
Birnäçe bolup ýatyp ýa-da oturyp ýuwaşjadan bir 
tarapa hereket etmek. 
SÜÝŞENEKLETMEK [süýşönöklötmök], işl. 
Ýatyryp ýa-da oturdyp ýuwaşjadan bir tarapa hereket 
etdirmek. 
SÜÝŞENEKLEÝIŞ [süýşönöklöýüş], iş ady. 
Süýşeneklemek ýagdaýy. 
SÜÝŞENEKLÄBERMEK [süýşönöklä:vermek], 
işl. Süýşenekläp ugramak. 
SÜÝŞME [süýşmö], iş ady. Süýşmek ýagdaýy. 
SÜÝŞMEK [süýşmök] I, işl. 1. Garnyňy ýere 
berip hereket etmek, süýşeneklemek. Serhetçi süýşüp 
ugrady. 2. Ýeriň ýüzi bilen typyp gaýtmak. Dagyň 
eräp ugran garlary süýşüp, ýoly baglady. 3
Ýuwaşlyk bilen bir tarapa hereket etmek. Ol ýuwaşja 
süýşüp gelýän gämileri gördi. 4. Oturan ýeriňden 
gozganmak, oturan ýeriňi azajyk üýtgetmek. Azajyk 
gyrarak süýşsene5. Gaty köp adam gelmek, barmak. 
Toýa aýal-erkek, uly-kiçi diýmän hemmesi süýşüp 
barypdyr.
SÜÝŞMEK [süýşmök] II, işl. Gereginden artyp 
galmak, tygşytlanyp galmak. Gaýnag suwumyz 
süýşse, siziň hem çäýnegiňizi demläris! Pul süýşse, 
aljak zadym kop
SÜÝŞMEKLIK [süýşmöklük] I, iş ady. Süýşmek 
ýagdaýy. 
SÜÝŞMEKLIK [süýşmöklük] II, iş ady. 
Süýşmek, artyp galmak ýagdaýy. 
SÜÝŞMEZLIK [süýşmözlük], iş ady. Süýşmek 
hereketini etmezlik. 
SÜÝŞÜBERMEK [süýşüvermek], işl. Ýuwaşlyk 
bilen bir tarapa hereket edibermek, ýeriňden 
gozganybermek. 
SÜÝŞÜLMEK [süýşülmök], işl. Ýuwaşlyk bilen 
bir tarapa hereket edilmek. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   496   497   498   499   500   501   502   503   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling