SÜÝREMEK [süýrömök], işl. 1. Ýeriň ýüzi bilen
çekip alyp gitmek. Bäş-alty adam Börini, onuň
ýoldaşlaryny süýräp äkitdi (B. Seýtäkow). 2. Tirkege
almak, tirkäp alyp gitmek, çekmek. Arabany maşyn
bilen süýräp, palçykdan çykardylar. 3. Köp geýip
köneltmek. Men bu köwşi köp süýredim. 4. göç.m.
Hemaýat etmek, kömek bermek, goldamak, arka
durmak. Durmuşda birek-biregi süýremeli hem
bolýar. 5. göç.m. Bir iş boýunça köp gatnatmak,
ondan-oňa çagyrmak. Ony üç aýlap süýränlerinden
soň, pugta käýinç beripdirler. 6. kön.s. Zorluk bilen
alyp gaçmak ( gyz hakynda). Bu gün gelip, obadan
gyz süýreseler, ertir gelip, heleý süýrärler (H.
Derýaýew).
SÜÝREMEKLIK
[süýrömöklük],
iş ady.
Süýremek ýagdaýy.
SÜÝREMEZLIK
[süýrömözlük],
iş
ady.
Süýremek hereketini etmezlik.
SÜÝRENDIRMEK
[süýrönnürmök],
işl.
Süýrenmäge mejbur etmek. Aý, meniň işim haýyr
weli, Sazagy şol süýrendirip ýörşüň bilen onuň
akylyna biraz kast edermikäň öýdýän (B.
Kerbabaýew).
SÜÝRENIJILER [süýrönüjülör], at. Esasan,
süýrenip, garynlaryny ýere berip hereket edýän
oňurgaly haýwanlar topary (ýylan, suwulgan, hažžyk
krokodil, zemzen we beýlekiler ).
SÜÝRENIŞMEK [süýrönüşmök], işl. Birnäçe
bolup süýrenmek. Bu ikisiniň yzda süýrenişini görüp,
olaryň ýanlaryna bardy (A. Durdyýew).
SÜÝRENJEŇ [süýrönjöň], syp. Işi wagtynda
ýerine ýetirmeýän, asgynjaklyk edýän, yzda galýan,
yzda süýrenýän. Süýrenjeň işgär.
SÜÝRENJEŇLIK
[süýrönjöňlük],
at.
1.
Süýrenjeň bolmaklyk. 2. Hysyrdy, alada. Ýola düşüp
gidiberýänçä, süýrenjeňligi köp bolýar (
Edebiýat
we sungat
)
Do'stlaringiz bilan baham: |