Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet497/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   493   494   495   496   497   498   499   500   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

SÜÝREKLETMEK 
[süýröklötmök], 
işl. 
Süýreklemek işini başga birine etdirmek. 
SÜÝREKLEÝIŞ 
[süýröklöýüş], 
iş 
ady. 
Süýreklemek ýagdaýy. 
SÜÝREKLÄBERMEK [süýröklä:vermek], işl. 
Süýrekläp başlamak. 
SÜÝRELIBERMEK [süýrölüvermek], işl. Süýri 
görnüşe geçibermek, süýnmek bolubermek. 
SÜÝRELIŞMEK [süýrölüşmök], işl. Süýri, 
süýnmek bolup başlamak. 
SÜÝRELMEK [süýrölmök] Iişl. Süýri görnüşe 
geçmek, süýnmek bolmak. Onuň çagajyk wagtynda 
saralan kellesi süýrelip durdy (A. Gowşudow).
SÜÝRELMEK [süýrölmök] IIişl. 1. Ýeriň ýüzi 
bilen çekilip alnyp gidilmek. 2. Zorluk edilip alnyp 
gidilmek, güýç bilen çekilmek. Urulyp, süýrelip atyň 
yzynda, Essi aýlyp, ysgyn ýokdy özünde (N. Pomma). 
3. Köp geýlip köneldilmek. Onuň keltekçesi süýrelip, 
takyry çykypdyr. 3göç.m. Hemaýat edilmek, kömek 
berilmek, goldanmak, arka durulmak. 4göç.m. Bir iş 
üçin köp gatnadylmak, köp çagyrylmak. 5. Zorluk 
bilen alnyp gaçylmak (gyz hakynda). 
SÜÝRELMEKLIK [süýrölmöklük], iş ady. 
Süýrelmek ýagdaýy. 
SÜÝRELMEZLIK [süýrölmözlük], iş ady. Süýri 
görnüşe eýe bolmazlyk, süýnmezlik. 
SÜÝRELTMEK [süýröltmök], işl. 1. Süýri 
görnüşe eýe boldurmak, süýnmek etmek. 2. gepl.d. 
Öňe uzatmak (uzadyp bolýan zat hakda). Soň ol elini 
süýreldip, baryp: – Salam, Çary mugallym, men seni 
görmändirin, bagyşlarsyň – diýdi, görüşdi (A. 
Durdyýew).
SÜÝREME [süýrömö], iş ady. Süýremek 
ýagdaýy. 


299 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   493   494   495   496   497   498   499   500   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling