Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet490/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   486   487   488   489   490   491   492   493   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

SUWUK, syp. 1. Akmaga, guýulmaga ukyby 
bolan, ergin. Biziň gözümiz ýody suwuk görnüşinde 
görmäge öwrenişipdir. 2. Goýy däl, köp suw garylan. 
Suwuk gatyk3göç.m.,ser. SuwjukSuwuk adam
Suwuk ýangyç nebit önümleri. Her gije-
gündizde ýüzlerçe tonna suwuk ýangyç çykarylýar. 
SUWUKLYK [suwukluk], at. 1. Jisimiň akyp, 
guýlup bilijilik ýagdaýy, erginlik. Suwuklyk läbige 
öwrüldi. 2.Suwuk ýagdaýda bolmaklyk, goýy dällik. 
Laýyň suwuklygy. 3.göç.m., ser. Suwjuklyk
Suwuklyk ýaramaz gylyk
SUWULGAN [suwulğa:n], at. Hažžyk pisint 
uzyndan inçe guýrukly süýreniji. 
SUWULMA [suwulmo], iş ady. Suwulmak 
ýagdaýy. 
SUWULMAK [suwulmok], işl. Ýeriň ýüzünden 
süýnüp gitmek. Ýylan suwlup geçdi. 
SUWUMSYZ [suwumsuz], syp., ser. Süwümsiz
SUWUMSYZLYK [suwumsuzluk], at, ser. 
Süwümsizlik.Şunuň suwumsyzlygy aýryljak däl. 
SUWUMSYZRAK [suwumsuzura:k], syp., ser.
Süwümsizräk
SÜBSE [süvsö], at. Öý, düşek we ş.m. süpürmek 
üçin sübselikden we ş.m. boglup taýýarlanýan enjam. 
Sübse bogmak haýsy hem bolsa bir mesele 
boýunça belli bir netijä gelmek. Bogan sübsesi 
bolmazlyk ýüze tutar ýaly iş bitirip bilmezlik, 
elinden zat gelmezlik. Näçe öwünse-de, bogan 
sübsesi bolmady. 
SÜBSEGÄR [süvsöğä:r], at, gepl.d. Sübse bilen 
ýer süpürip işleýän adam. Sübsegär biziň üçinem 
alada etme kemini goýmady (

Edebiýat we sungat


SÜBSEGÄRLIK 
[süvsöğä:rlik], 
at,gepl.d. 
Sübsegäriň ýagdaýy, käri. 
SÜBSELEME [süvsölömö], iş ady. Sübselemek 
ýagdaýy. 
SÜBSELEMEK [süvsölömök], işl. Sübse bilen 
süpürmek, sübse çalmak. Oturjak ýeriňi sübseledi. 
SÜBSELEMEZLIK [süvsölömözlük], iş ady. 
Sübse bilen süpürmezlik, sübse çalmazlyk. 
SÜBSELENMEK [süvsölönmök], işl. Sübse 
bilen süpürilmek, sübse çalynmak. 
SÜBSELEŞMEK 
[süvsölöşmök], 
işl. 
1
Sübselemäge kömekleşmek. Howlyny suwlaşdyk, 
sübseleşdik. 2. Birnäçe bolup sübselemek. Gyzlar 
howlyny sübseleşip ýör
SÜBSELETMEK 
[süvsölötmök], 
işl. 
Sübselemek işini başga birine etdirmek. 
SÜBSELEÝIŞ [süvsölöýüş], iş ady. Sübselemek 
ýagdaýy. 
SÜBSELÄBERMEK 
[süvsölä:vermek], 
işl. 
Sübseläp başlamak. 
SÜBSELIK [süvsölük], at. Mekgejöwenler 
maşgalasyndan bolan, başy seçelenip duran däneli, 
uzyn-uzyn inçe baldakly sübse edilýän ösümlik. 
Sübselik ekmek. 
SÜDENEKLEMEK [südönöklömök], işl., ser. 
Südürlemek
SÜDENEKLETMEK [südönöklötmök], işl., ser. 
Südürletmek. Çyk, how, şu taýdan, ýeňsäňden 
südenekletmejek bolsaň (

Edebiýat we sungat

). 
SÜDÜRDIKLEME [südürdüklömö], iş ady. 
Südürdiklemek ýagdaýy. 
SÜDÜRDIKLEMEK [südürdüklömök], işl. Itip, 
çekip ýöretmek, süýräp, iteläp äkitmek. 
SÜDÜRDIKLEMEZLIK [südürdüklömözlük], 
iş ady. Itip, iteläp, öňe ýöretmezlik, öňe itermezlik. 
SÜDÜRDIKLENMEK [südürdüklönmök], işl. 
Itilip, çekilip ýöredilmek, süýrelip, itelenip 
äkidilmek. 
SÜDÜRDIKLETMEK [südürdüklötmök], işl., 
ser. Südürdiklemek
SÜDÜRDIKLEÝIŞ [südürdüklöýüş], iş ady. 
Südürdiklemek ýagdaýy. 
SÜDÜRLEMEK[südürlömök],işl.,ser. 
Südürdiklemek. 
SÜDÜRLEMEZLIK [südürlömözlük], iş ady. 
Itip, çekip ýöretmezlik, süýrelip, itelenip äkitmezlik. 
SÜDÜRLETMEK 
[südürlötmök], 
işl. 
Südürlemäge ýol bermek. Südürletmejek bolsaň, 
garaň görünmesin. 
SÜDÜRLEÝIŞ [südürlöýüş], iş ady. Südürlemek 
ýagdaýy. 
SÜLÇI [sülçü], at. Jenaýatlaryň üstüni açmak 
üçin deslapky derňew geçirýän wezipeli adam. 
SÜLÇÜLIK [sülçülük], at. Sülçiniň käri, 
ýagdaýy. 
SÜLE [sülö] Iat. Dänesi iým ýa-da ýarma üçin 
peýdalanylýan ýazlyk ak ekin. Ekerançylar bugdaý, 
arpa, şaly, süle, jöwen ekýärler. 
SÜLE [sülö] II: sülä gelmek (getirmek) delil 
bolar ýaly etmek, delile getirmek. Sülä geler ýaly 
edip aýdan bolsaň bolýar. 
SÜLEKEÝ [sülököý], at. Agyz, bokurdak 
mäzleriniň gatnaşmagynda döreýän suwuklyk. 
SÜLELIK [sülölük], at. Süle ekilen meýdan. 
SÜLGÜN 
[sülğün], 
at. 
1
Towuklar 
maşgalasyndan bolan meýdan guşy, ýabany towuk. 
Birdenkä, sülgün güsürdäp galdy. 2. Gyza dakylýan 
at. 


290 
SÜLLERIBERMEK[süllörüvermek], 
işl. 
Süllerip başlamak. 
SÜLLERIŞ [süllörüş], iş ady. Süllermek 
ýagdaýy. 
SÜLLERIŞMEK [süllörüşmök], işl. Süllermek 
katdyna ýetmek (köp zat, köp adam hakynda). 
SÜLLERME [süllörmö], iş ady. Süllermek 
ýagdaýy. 
SÜLLERMEK [süllörmök], işl. 1. Suwsuzlyk, 
yssylyk sebäpli ösümlikleriň terligi gaçyp, ýapraklary 
sallanmak. 
Günortanlar 
ýapraklar 
birneme 
süllerýärdi. 2. göç.m. Güýçden, kuwwatdan gaçyp 
gowşamak, ysgyndan düşmek. 3. Keýpsizlik, 
ýarawsyzlyk zerarly ýüzüňi sallamak. Näme, beýdip 
süllerip otyrsyň? 
SÜLLERMEKLIK [süllörmöklük], iş ady. 
Süllermek ýagdaýy. 
SÜLLERMEZLIK [süllörmözlük], iş ady. 
Süllermek katdyna ýetmezlik. 
SÜLLERTMEK [süllörtmök], işl. 1. Suwsuzlyk, 
yssylyk sebäpli ösümlikleriň terligini gaçyrtmak. Suw 
tutman, gowaçany süllerdipsiň! 2. Güýçden, 
kuwwatdan 
gaçyryp 
gowşatmak, 
ysgyndan 
düşürmek. 
SÜLLÜMBAÝ 
[süllümma:ý]
süllümbaý 
bolmak (etmek) 1) ýagşyn aşagynda galyp, boýdan-
başa ezilmek, üsti-başyň öl-myžžyk bolmak. Bärik 
giräýiň, ýogsa süllümbaý bolarsyňyz! (

Edebiýat we 
sungat

). 2) agyr iş, näsaglyk zerarly derläp, öl-
myžžyk bolmak. Çaga süllümmaý bolup oýandy. 
SÜLMEK 
[sülmök], 
işl. 
Kenegi 
ýa-da 
sürpekaşygy başam hem-de süýem barmaklaryň bilen 
başga bir aşygy urmak üçin ýerden sürpäp oklamak.
SÜLMÜREME 
[sülmürömö], 
iş 
ady. 
Sülmüremek ýagdaýy. Sülmüreme, näz-kereşme bilen 
ýigidiň ýüzüne garady. 
SÜLMÜREMEK [sülmürömök], işl. Ýüzüňi 
aşak salyp, geplemän asylly görnüşde süzülip, 
süýnüp-sarkyp oturmak. 
SÜLMÜREMEKLIK [sülmürömöklük], iş ady. 
Sülmüremek ýagdaýy. 
SÜLMÜREMEZLIK [sülmürömözlük] iş ady. 
Sülmüräp oturmazlyk. 
SÜLMÜREŞMEK [sülmüröşmök] işl. Birnäçe 
bolup bilelikde sülmüremek. Olar esli salym 
sülmüreşip oturdylar (

Edebiýat we sungat

). 
SÜLMÜRETMEK 
[sülmürötmök] 
işl. 
Sülmüremäge mejbur etmek, sülmürär ýaly etmek. 
Aýdylan sözler ony sülmüretdi. 
SÜLMÜREÝIŞ 
[sülmüröýüş], 
iş 
ady. 
Sülmüremek ýagdaýy. 
SÜLMÜRÄBERMEK [sülmürä:vermek], işl. 
Sülmüräp başlamak. 
SÜLPERILMEK [sülpörülmök|, işl. Geýlen 
geýim giň we uzyn bolup, ýerden süýrenip ýatmak, 
halparmak. 
SÜLPERIŞMEK[sülpörüşmök], işl. Sülperip 
durmak (egin-eşikleriň birnäçesi hakynda). 
SÜLPERME [sülpörmö], iş ady. Sülpermek 
ýagdaýy. 
SÜLPERMEK [sülpörmök], işl. Geýlen geýim 
giň we uzyn bolup, ýerden süýrenip ýatmak, 
halparmak. 
SÜLPERMEKLIK [sülpörmöklük], iş ady. 
Sülpermek ýagdaýy. Halypa, sülpermeklik, ruhdan 
gaçmaklyk size gelşenok. 
SÜLPÜLDEME 
[sülpüllömö], 
iş 
ady. 
Sülpüldemek ýagdaýy. 
SÜLPÜLDEMEK [sülpüllömök] işl. Uzyn, giň 
geýim geýip, tagaşyksyz ýöremek. 
SÜLPÜLDEMEKLIK [sülpüllömöklük], iş ady. 
Sülpüldemek ýagdaýy. 
SÜLPÜLDEMEZLIK |sülpüllömözlük|, iş ady. 
Sülpüldäp ýöremezlik. 
SÜLPÜLDEŞMEK [sülpüllöşmök], işl. Birnäçe 
bolup sülpüldäp ýöremek. Sülpüldeşip nireden 
gelýärsiňiz? 
SÜLPÜLDETMEK 
[sülpüllötmök] 
işl. 
Sülpüldemek derejesine ýetirmek, sülpüldeýän 
görnüşe getirmek. 
SÜLPÜLDEÝIŞ 
[sülpüllöýüş], 
iş 
ady. 
Sülpüldemek ýagdaýy. 
SÜLPÜLDÄBERMEK [sülpüllä:vermek], işl. 
Sülpüldäp ugramak, giň geýim geýip tagaşyksyz 
ýöräbermek.
SÜLSAT [sülsa:t], at, kön.s.Goşuna gerekli 
enjamlar. 
SÜLÜK, at. 1. Haýwanlaryň agzyna, bogazyna 
ýapyşyp, olaryň ganyny sorup ýaşaýan suw jandary. 
2. Lukmançylykda adamyň hapa ganyny sordurmak 
üçin peýdalanylýan suw jandary. 3. göç.m. Süýthor, 
eziji.
 Sülük barmak inçeden uzyn barmak. 
SÜLÜKLEME [sülüklömö], iş ady. Sülüklemek 
ýagdaýy. 
SÜLÜKLEMEK [sülüklömök], işl. Esasan, 
malyň agzyna, bogazyna sülük ýapyşmak, sülük 
düşmek. Düýämiz sülükläpdir. 
SÜLÜKLEMEKLIK [sülüklömöklük], iş ady. 
Sülüklemek ýagdaýy. 
SÜLÜKLEÝIŞ [sülüklöýüş], iş ady. Sülüklemek 
ýagdaýy. 
SÜMDÜRMEK [sümdürmök], işl. Sümmäge 
mümkinçilik döretmek. 
SÜMEK [sümök] I, at. Egirmek üçin pişgeden 
süýri görnüşde süýlüp goýlan ýüň. 
SÜMEK [sümök] IIat, gepl.d. Süňk. 
Ite bir sümek bergisi bolmak köp bergi 
etmek, berginiň aşagynda galmak. 
SÜMELGE [sümölğö], at. 1. Sümüp geçilýän 
geçelge, deşik we ş.m. ýer. Galanyň sümelgesi. 2
gepl.d. Öý, tam, kepbe, çatma we ş.m.. Her kim mal-
garasyny ýatagyna salýar-da, öz sümelgesine gidýär. 
SÜMGÜRINMEK 
[sümğürünmök], 
işl. 
Ikibarmagyň bilen burnuňy çalarak gysyp, onuň 
deşiklerinden bat bilen howa çykarmak arkaly içini 
arassalamak. Ol elýaglygyny çykaryp sümgürindi. 
SÜMGÜRIŞ [sümğürüş], iş ady. Sümgürmek 
ýagdaýy. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   486   487   488   489   490   491   492   493   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling