Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


SÖÝELIŞ [söýölüş], iş ady. Söýelmek ýagdaýy.  SÖÝELMEK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet483/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   479   480   481   482   483   484   485   486   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

SÖÝELIŞ [söýölüş], iş ady. Söýelmek ýagdaýy. 
SÖÝELMEK [söýölmök], işl. Bir zat başga bir 
zada direlip, ýaplanyp goýulmak. Haltalar biri-
birlerine söýelip goýlupdyr. Dula söýelgi dutary eline 
aldy. 
SÖÝEM [söýöm] I, at. Palasa salynýan 

üýşürme

nagşyny deň ikä bölýän çyzyk, şeýle-de, 
bir nagşy emele getirmek üçin dogry çekilen çyzyk. 
SÖÝEM [söýöm] II, at. Düýebaşlygyň daş 
gyrasyna aýlanýan mata. 
SÖÝEME [söýömö], iş ady. Söýemek ýagdaýy. 
SÖÝEMEK [söýömök], işl. Bir zady başga bir 
zada diräp, ýaplap goýmak. Ol gapdalynda ýatan 
pişegini ýerden galdyryp, diwara söýäp goýdy. 
SÖÝEMEKLIK [söýömöklük], iş ady. Söýemek 
ýagdaýy. 


282 
SÖÝEMEZLIK [söýömözlük], iş ady. Söýemek 
işini ýerine ýetirmezlik. 
SÖÝENIŞMEK [söýönüşmök], işl. 1. Iki ýa-da 
birnäçe bolup biri-biriňe söýenmek. Söýenişen  
ýykylmaz (Nakyl). 2göç.m. Direnişmek. Ol söýenişip 
duran dört çaryýardyr, Maksadyň ne bolsa, sorgul 
diýdiler (Magtymguly). Onuň söýenişip duran dag 
ýaly doganlary bardy. 
SÖÝENMEK [söýönmök], işl. 1. Bir zada 
ýaplanmak. Ol gapa söýenip durdy. 2göç.m. Birine 
daýanmak, birini arka edinmek. 
SÖÝEŞDIRMEK [söýöşdürmök], işl. Birnäçe 
zady biri-birine söýäp çykmak. Meniň wezipäm – 
daýymyň ýonan tagtalaryny äkidip, gün düşýän ýerde 
tama söýeşdirip goýmak (

Edebiýat we sungat

).
SÖÝEŞMEK [söýöşmök], işl. 1. Söýemäge 
kömekleşmek. 2. Bilelikde söýemek. Olar doly 
çuwallary öýüň duluna söýeşip durdy. 
SÖÝETMEK [söýötmök], işl. Söýemek işini 
birine etdirmek. 
SÖÝÄBERMEK [söýä:vermek], işl: Bir zady 
beýleki bir zada söýäp goýubermek. 
SÖÝGET [söýğöt], at.1. Söýenip, direnip, 
ýaplanyp, deňagramlylygyňy saklamak üçin daýanç 
(agaç, hasa, oturgyjyň arkasy we ş.m.). 2. Ýardam, 
goldaw, kömek. 
SÖÝGETLEME 
[söýğötlömö], 
iş 
ady. 
Söýgetlemek ýagdaýy. 
SÖÝGETLEMEK [söýğötlömök], işl. 1. Söýget, 
direg, söýe we ş.m. bilen berkitmek. Söýgetläp 
goýlan diwarlar gaýşarylyp ýykylmaga az galypdyr. 
2. Birine söýget bolmak. Göroglyny söýgetläp, 
haremhanadan alyp çykdylar (

Görogly

). 
SÖÝGETLEMEKLIK [söýğötlömöklük], iş ady. 
Söýgetlemek ýagdaýy. 
SÖÝGETLENMEK [söýğötlönmök], işl. 1
Söýget edilmek. Söýgetlenen jaýyň diwary sarsgyna 
berk durdy. 2.Ýardam edilmek, kömek edilmek, 
goldanmak. 
SÖÝGETLEÝIŞ 
[söýğötlöýüş], 
iş 
ady. 
Söýgetlemek ýagdaýy. 
SÖÝGI [söýğü], at. Başga birini ýa-da bir zady 
janyňdan ileri tutup, tüýs ýürekden gowy görmek 
duýgusy. Watana söýgi. Çaga bolan söýgi. Gyza 
bolan söýgi
Söýgi meýi söýginiň lezzeti. 
SÖÝGÜLI [söýğülü], syp. 1. Gowy görülýän, 
aşyk bolnan, söýülýän. Söýgüli ýar. 2. Gowy 
görülmäge mynasyp, sylanýan, hormat goýulýan. Ol 
iliň iň söýgüli aýdymçysy. 
SÖÝLEMEK 
[söýlömök] 
I
işl., kön.s. 
Sözlemek. Aňlamaý söýleme: Tamda gulak bar, Iç 
syryň kişige aýdyjy bolma (Magtymguly). 
SÖÝLEMEK [söýlömök] II, işl., gepl.d. Makul 
bilmek, halamak; islemek. Diýenimi etmejek bolsaň, 
söýläniňi ediber
SÖÝMEDIKSIREMEK 
[söýmödüksürömök], 
işl. Söýesi gelse-de, söýmedik bolan bolmak. 
SÖÝMEK [söýmök], işl. 1. Birini ýa-da bir zady 
janyňdan ileri tutup, tüýs ýürekden gowy görmek. 
Watanyňy söýmek. Il-günüňi söýmek. 2. Mähir bilen 
garap, her hili gowy, hoşamaý sözler aýtmak. Çagany 
söýmek. 3. Bir zady gowy görmek, halamak. Kitap 
okamagy söýmek
SÖÝMEKLIK [söýmöklük], iş ady. Söýmek 
ýagdaýy. 
SÖÝMEZLIK [söýmözlük], iş ady. Birini ýa-da 
bir zady gowy görmezlik, halamazlyk. 
SÖÝÜBERMEK [söýüvermek], işl. Söýüp 
başlamak, söýüp ugramak. 
SÖÝÜLMEK [söýülmök], işl. Biriniň söýgüsine 
mynasyp bolmak, gowy görülmek. Ol söýülýän 
ýigitdi. 
SÖÝÜNÇ, at. 1. Adamda döreýän guwanç, 
şatlyk, begenç. Ýaş ýigit söýünçli habar berdi. 2
Oglana dakylýan at. 
SÖÝÜNJI [söýünjü], at, ser. Buşluk. Birnäçe 
menzil ýol ýöräp, Müsüre ýakyn ýetdiler we patyşaga 
söýünji diýip, adam iberdiler (

Hüýrlukga – 
Hemra

). Her kim Gülnüň mekanyny tapsa, bir şäher 
söýünji berermen (

Gül – Bilbil

). 
SÖÝÜNJILEME 
[söýünjülömö], 
iş ady. 
Söýünjilemek ýagdaýy. Söýünjileme ol ilge sen bu 
işni (Abdysetdar Kazy). 
SÖÝÜNJILEMEK [söýünjülömök], işl., ser. 
Buşlamak. Perizady getirýän bolsa, söýünjiläp 
gelgin! (

Görogly

).
SÖÝÜNME [söýünmö], iş ady. Söýünmek 
ýagdaýy. 
SÖÝÜNMEK [söýünmök], işl. Birinden ýa-da 
bir zatdan hoşal bolmak, şatlanmak, guwanmak, 
begenmek, söwünmek. Her täze jaýyna köňül 
söýüner, 
Akmagyň 
işinden 
zehin 
käýiner 
(Magtymguly). 
SÖÝÜNMEKLIK [söýünmöklük], iş ady. 
Söýünmek ýagdaýy. 
SÖÝÜNMEZLIK [söýünmözlük], iş ady. 
Söýnüp hoşal bolmazlyk. 
SÖÝÜŞ, iş ady. Söýmek ýagdaýy. 
SÖÝÜŞMEK 
[söýüşmök], 
işl. 
Biri-biriňi 
söýmek, biri bilen halaşmak. Olar öňden 
söýüşýärdiler. 
SÖZat. 1. Aýry-aýry düşünjeleri aňlatmak üçin 
hyzmat edýän dil birligi. 2. Ýygnakda, köpçüligiň 
öňünde edilýän çykyş. Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş 
Assambleýasynyň 65-nji sessiýasynda sözlan sözi3
Köpçüligiň öňünde geplemek üçin berilýän hukuk, 
rugsat. Söz azatlygyÇykyş etmek üçin söz bermek4
Pikir. Sen hem öz sözüňi aýt, soň jemläýeliň! 5
Berlen wada. Ol öz sözüniň eýesidir. 
Söz açmak bir mesele hakynda gürläp 
başlamak. Söz almak 1) sözlemäge, çykyp 
geplemäge rugsat almak. 2) birinden bir zat hakynda 
maglumat almak. Söz aýtmak biriniň gyzyny 
gelinlige soramak. Şu gün goňşy obadan gelen 
sawçylar pylanynyň gyzyna söz aýdypdyrlar. Söz 
bermek bir zady wada etmek, äht etmek. Gowy 
okamaga söz bermek. Söz gatmak sözleşmek üçin 
habar gatmak. Sözi agzyna çeýnäp bermek 


283 
öwretmek. Sözi bölmek biriniň gürrüňiniň arasyna 
gürrüň goşmak. Ogly onuň sözüni böldi. Sözi suw 
gysymlan ýaly boş, düşnüksiz. Sözi ýapa degmez 
ýalan. 
Sözi 
ýer 
almazlyk 
aýdan 
zadyň 
makullanmazlyk. Söz urmak söz sözlemek, 
geplemek, söhbet etmek. Menden idinsiz bir adamyň 
bir agyz söz urmaga haky ýok (

Edebiýat we 
sungat

). Sözünden bal dammak manyly we süýji 
sözlemek. Sözüniň eýesi bolmak ser. Sözüňde 
tapylmak. Sözüň agzyňda biriniň gürrüňini, sözüni 
böljek bolanyňda aýdylýan edepli ýüzleniş. Sözüň 
alyşmak sözde, gürrüňde kybapdaş bolmak, 
ümmüldeşip gitmek; sulhuň alyşmak. Asyl onuň bilen 
sözümiz alyşdy ötägitdi. Sözüň azaşmak agzalalyk 
döremek, tersleşmek. Soňky wagtlarda olaryň sözi 
azaşdy. Sözüňden dönmek (dänmek) aýdan, beren 
sözünden boýun towlamak, boýun gaçyrmak. 
Sözüňde tapylmak beren wadaňy, aýdan sözüňi 
ýerine ýetirmek. Söz berdiňmi, sözüňde tapyl! Sözüňi 
syndyrmak ýüz tutup ýa-da maslahat berip aýdan 
sözüň ýer almazlyk, ýerine ýetirilmezlik. Sözüňi 
zaýalamak haýyş, maslahat we ş.m. maksat bilen 
aýdan sözüň ýer almazlyk, aýdanyň biderek bolmak. 
Ol tüýs it haýyr görmez adamdyr, gury sözüňi 
zaýalanyň galar. Sözüň ötmek (geçmek) aýdan-
diýeniň ýer tutmak, aýdan-diýeniň ýerine ýetirilmek, 
diýeniň bolmak. Sözüň ýer almazlyk (tutmazlyk) 
aýdanyň, diýeniň bolmazlyk, ýerine ýetmezlik. 
SÖZAÝDYJY,at. Biriniň gyzyny gelinlige 
dilemäge barýan adam, sawçy. Olara sözaýdyjy geldi. 
SÖZBAŞY [sözvaşy], at. Eseriň, ylmy işiň 
öňünden berilýän gysgaça giriş düşündirişi we onuň 
ady. Bu barada sözbaşyda ýeterlik maglumatlar 
berilýär. 
SÖZEN [sözön], at. Gumda bitýän çalymtyl 
ýaprakly, dik ösýän gyrymsy agaç. 
SÖZENEK [sözönök], at, lukmanç. Jyns 
agzasynda bolýan ýokanç kesel. 
SÖZLEM [sözlöm], at. Gutaran oý-pikiri 
aňladýan bir söz, belli bir tertipde gelýän sözler 
toplumy, jümle. Ýönekeý sözlem. Goşma sözlem
Eýerjeňli sözlem
SÖZLEME [sözlömö], iş ady. Sözlemek 
ýagdaýy. 
SÖZLEMEK [sözlömök], işl, ser. Geplemek 1
2.Aryf akyl sözün sözlär, Namart-pisat rastyn gizlär 
(Magtymguly). 
SÖZLEMEKLIK 
[sözlömöklük], 
iş 
ady. 
Sözlemek ýagdaýy. 
SÖZLEMEZLIK 
[sözlömözlük], 
iş 
ady. 
Sözlemän durmaklyk, sözlemän oturmaklyk. 
SÖZLEŞIK [sözlöşük], at, ser. Gepleşik.Şeýle 
sözleşikden soň köp pikirlendi. 
SÖZLEŞMEK 
[sözlöşmök], 
işl., 
ser. 
Gepleşmek
SÖZLETMEK [sözlötmök], işl., ser. Gepletmek
Sözledip bilseň, köp gürrüň berer. 
SÖZLEÝIŞ [sözlöýüş], 1. iş ady. Sözlemek 
ýagdaýy. 2. Pikiriňi sözler bilen aňlatmak usuly. 
Gürrüň etdirmek sözleýiş dilini ösdürýär. Sözleýiş 
medeniýeti.  
SÖZLÄBERMEK [sözlä:vermek], işl. Sözläp 
başlamak, gürläp ugramak. 
SÖZLÜKat. 1. Bir dilde düşündiriş berlen ýa-da 
bir dilden başga bir dile terjime edilen sözleri elipbiý 
tertibinde öz içine alýan kitap. Türkmen diliniň 
sözlügi. 2.Bir dildäki ähli sözleriň ýa-da bir eserde 
ulanylan sözleriň jemi. Diliň sözlük düzümi. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   479   480   481   482   483   484   485   486   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling