Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
SOÝULMAK [soýulmok], işl. 1
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
SOÝULMAK [soýulmok], işl. 1. Daşynyň derisi,
gabygy aýrylmak. Deri soýulmak. Sogan soýulmak. 2. Bedeniň, teniň bir ýeri sypjyrylmak, ýaralanmak, hamynyň bir bölek ýeri goparylmak. 3. Mal öldürilmek. Goýun soýulmak. 4. göç.m. Talap, aldap biriniň ýanyndaky puly, gymmatly zatlary alynmak. SOÝUM-SOÝUM, syp.Teniniň ençeme ýeri soýlan, oýuk-soýuk. Soýum-soýum bolmak. Soýum- soýum etmek. SOÝUNMAK [soýunmok], işl. 1. kön.s. Eşikleriňi aýyrmak, çykarynmak. Şol wagt Garamelegiň gyzy gyzlar bilen howuz başynda soýnup suwa girdi ( Asly – Kerem ). 2. Maly özüň üçin öldürmek. Goýun soýunmak. SOÝUŞ,iş ady. Soýmak ýagdaýy. SOÝUŞMAK [soýuşmok], işl. 1. Soýmaga kömekleşmek. 2. Bilelikde soýmak. Gassaplar goýun soýşup durdular. SOZAN [sozon] I, at. Tüpeň. SOZAN [sozon] II, at. Halta, köwüş tikilýän temen. SOZANGUÝRUK [sozonğuýruk]:sozanguýruk bolmak biri-biriniň yzyndan tirkeşip gitmek, uzyn hatar bolup gitmek. Atlylar sozanguýruk bolup, ýola düşdüler. SOZDURMAK [sozzurmok], işl. Bir zady süýndürtmek, uzaltdyrmak. SOZMA [sozmo] I, 1. iş ady. Sozmak ýagdaýy. 2. syp. Gowy we aňsatlyk bilen sozulýan. Sozma polat. SOZMA [sozmo] II, at. Keltejik içmek. SOZMAK [sozmok], işl. 1. Bir zady çekip, ýenjip süýndürmek, uzaltmak, süýmek. Biri çekijiniň astynda sozýan bolsa, beýlekisi oňa taýýarlan poladyny berýär. 2. gepl.d. Sözleri çekip, süýndürip, süýkdürip aýtmak. SOZMAKLYK [sozmokluk], iş ady. Sozmak ýagdaýy. SOZUBERMEK [sozuvermek], işl. Sozup başlamak, sozup ugramak. SOZULMAK [sozulmok], işl. 1. Bir zat çekilip, ýenjilip süýndürilmek, uzaldylmak. Ussa çekijini uranda, demir sozulýardy. 2.Sözleri süýndürilip aýdylmak. Sesiň sozulyp çykýar-la? SOZUŞ, iş ady. Sozmak ýagdaýy. SOZUŞMAK [sozuşmok], işl. 1. Sozmaga kömek etmek. 2. Bilelikde sozmak. SÖBÜK [so:vük], at. Ökjäniň ýokarsyndaky ýogyn damaryň duran ýeri. ◊ Söbügine münmek (düşmek) biriniň yzyndan kowmak, kowalamak. SÖBÜKBASAR [sö:vükbasar], at, gepl.d. Orunbasar (ýaňsa almak üçin aýdylýar). SÖGDÜRMEK [sö:ğdürmek], işl. 1. Birine hapa, paýyş söz diýdirmek, sögüp durmagyna ýol bermek. Özüňe sögdürip durma. SÖGME [sö:ğmö], iş ady. Sögmek ýagdaýy. SÖGMEK [sö:ğmök], işl. 1. Birine hapa, paýyş söz aýtmak. 2. Birine gaharly käýemek. SÖGMEKLIK [sö:ğmöklük], iş ady. Sögmek ýagdaýy. SÖGMEZLIK [sö:ğmözlük], iş ady. Sögüp durmazlyk, gaharly käýemezlik. SÖGÜBERMEK [sö:ğüvermek], işl. Sögüp ugramak, dowamly, yzyny üzmän sögmek. SÖGÜLMEK [sö:ğülmök], işl. 1. Birine hapa, paýyş söz aýdylmak. 2. Birine gaharly käýelmek. ◊ Sögüleniň bilen sökülmezlik sögüleniň bilen hiç zat bolmaz. Sögüleniň bilen sökülmersiň, oňa gynanyp oturma. SÖGÜNÇ [sö:ğünç], at. Sögülip aýdylýan hapa, paýyş söz. SÖGÜNJEŇ [sö:günjöň], syp. Hapa, paýyş sözleri aýtmaga endik eden, sögegen. Ol sögünjeň adamdy. SÖGÜNJEŇLIK [sö:ğünjöňlük], at. Sögünjeň bolmaklyk, sögegenlik. Sen sögünjeňlik gylygyňy goý! SÖGÜNJIREME [sö:ğünjürömö], iş ady. Sögünjiremek ýagdaýy. SÖGÜNJIREMEK [sö:ğünjürömök], işl. Öz ýanyňdan çalaja sögünmek. SÖGÜNJIREMEKLIK [sö:ğünjürömöklük], iş ady. Sögünjiremek ýagdaýy. SÖGÜNJIREMEZLIK [sö:ğünjürömözlük], iş ady. Öz ýanyňdan çalaja sögünmezlik. SÖGÜNJIREŞMEK [sö:ğünjüröşmök], işl. Biri- biriňe sögünjiremek. SÖGÜNJIREÝIŞ [sö:ğünjüröýüş], iş ady. Sögünjiremek ýagdaýy. SÖGÜNJIRÄBERMEK [sö:ğünjürä:vermek], işl. Sögünjiräp başlamak. SÖGÜNMEK [sö:ğünmök], işl. Öz ýanyňdan hüňürdäp gargynmak, bir zatdan zeýrenip käýinmek. 279 SÖGÜŞ [sö:ğüş], iş ady. Sögmek ýagdaýy. SÖGÜŞMEK [sö:ğüşmök], işl. Biri-biriňe hapa, paýyş söz diýmek, biri-biriňe göwne degiji söz aýtmak, käýişmek, tersleşmek. Uruş, sögüş, emma ýaraşmaga ýer goý (Atalar sözi). Beýdip ikiňiz sögüşip durmaň! SÖHBET [söhvöt], at. 1. Biriniň edýän gürrüňi. Halypanyň söhbeti uzaga çekdi Edebiýat we sungat ). 2. Oglana dakylýan at. ◊ Söhbet açmak (gurmak) gürrüň edip başlamak, gürrüň etmek. Döredijilik barada söhbet açylanda, morta bir zat aýtmagam kyn ( Edebiýat we sungat ). SÖHBETDEŞ [söhvötdöş], at. Söhbete, gürrüňe gatnaşýan adamlaryň her biri, söhbet edişýän adam, gürrüňdeş. Söhbetdeşimiň ýüz-gözi ýagtyldy. SÖHBETDEŞLIK [söhvötdöşlük], at. Birnäçe bolup, üýşülip edilýän gürrüňdeşlik, üýşüp pikir alyşmaklyk. SÖK, at. Gawun-garpyzyň çigidi aýrylan lötüne gowrulan un goşulyp, köp wagtlap gaýnadylyp taýýarlanylýan önüm. Sök gaýnatmak. SÖKDÜRMEK [sökdürmök], işl. 1. Gurulgy abat zady bozdurmak, bölek-bölek etdirmek. Ol çig kerpiçden salnan haýatyny sökdürip, bişen kerpiçden saldyrdy. 2.Tikilen zadyň tikinini sogrup aýyrtmak. Köýneginiň ýakasyny sökdürip, täzeden bejertdi. 3. Köpýyllyk ekinleriň ýerini sürüp agdartmak. Ýorunja ýerlerini sökdürip, pagta ekdirdi. 4. Köp agtartmak, gözledip köp ýerleri aýlandyrmak. Bütin obany sökdürdi, emma ol tapdyrmady. 5. hukuk. Bir işi täzeden derňewe ibertmek, täzeden garatmak. Ol özüniň işini sökdürdi. SÖKEL [sököl], syp. Sag däl, näsag, ýarawsyz, nähoş. Men bilmedim sökeldigim, sagdygym, Kişi bilmez näçagdygym, çagdygym (Seýdi). SÖKELEME [sökölömö], iş ady. Sökelemek ýagdaýy. SÖKELEMEK [sökölömök], işl. Külterlenen ýüpi, saralan ýumagy çözlemek. Dokma ýüwürdýänler mäşirigi sökeläp başladylar. SÖKELEMEKLIK [sökölömöklük], iş ady. Sökelemek ýagdaýy. SÖKELEMEZLIK [sökölömözlük], iş ady. Külterlenen ýüpi, saralan ýumagy çözlemezlik. SÖKELENMEK [sökölönmök] işl. Külterlenen ýüp, saralan ýumak çözlenmek. Mäşirik togalanyp, sökelenip gitdi. SÖKELEŞDIRMEK [sökölöşdürmök], işl. Külterlenen ýüpleri, ýumaklary çözleşdirip çykmak. SÖKELEŞMEK [sökölöşmök], işl. Sökelemäge kömekleşmek. SÖKELETMEK [sökölötmök], işl. Sökelemek işini başga birine etdirmek. SÖKELEÝIŞ [sökölöýüş], iş ady. Sökelemek ýagdaýy. SÖKELÄBERMEK [sökölä:vermek], işl. Sökeläp başlamak; dowamly sökelemek. SÖKELRÄK [sökölürä:k], syp. Keselbendräk, ýarawsyzrak, biraz nähoşrak. SÖKME [sökmö], iş ady. Sökmek ýagdaýy. SÖKMEK [sökmök], işl. 1. Gurulgy abat zady bozmak, böleklere bölmek. Şu oturgyjy sökeli. 2. Tikilen zadyň tikinini sogrup çykmak. Köýnegiň ýeňini sökmek. 3. Köpýyllyk ekinleriň ýerini sürüp agdarmak, bozmak. Şu gyş ýorunjalarymyzy sökmeli. 4. Köp ýerlere aýlanyp, gözläp çykmak, agtaryp, uzak ýollary geçmek. Buhara barýança söküpsiň baryn, Bizlere mynasyp bir ýar gördüňmi? (Baýly şahyr). Ýol sökmek. 5. hukuk. Bir işe täzeden garamak, seretmek, barlamak. 6. Endamyňy gowşatmak, goram-gowşak ýagdaýda bolmak. Meni şypahananyň güýçli suwy sökdi öýdýän. SÖKMEK [sö:kmök], işl., ser. Sögmek. Ýat illerde aýraçylyk çekenden, Ursa, sökse, horlasa-da, il ýagşy (Magtymguly). SÖKMEKLIK [sökmöklük], iş ady. Sökmek ýagdaýy. SÖKMEZLIK [sökmözlük], iş ady. Sökmek işini amal etmezlik. SÖKÜBERMEK [söküvermek] işl. Söküp başlamak, sökmegi dowam etdirmek. SÖKÜLMEK [sökülmök], işl. 1. Gurulgy abat zat bozulmak. 2. Tikilen zadyň tikini gitmek. Ýeňiň tikinleri sökülip gidipdir. 3. Köpýyllyk ekinleriň ýeri sürülmek, agdarylmak. Ýorunja ýeri sökülip, pagta ekilipdir. 4. Köp ýerlere aýlanyp çykylmak, uzak ýol geçilmek. Sökülip çykylmadyk ýer galmady, emma ol tapylmady. 5. hukuk. Bir işe täzeden garalmak, seredilmek, barlanmak. SÖKÜŞ, iş ady. Sökmek ýagdaýy. SÖKÜŞDIRMEK [söküşdürmök], işl. 1. Bir ýanyndan söküp başlamak, söküp çykmak. Gara öýi söküşdirdiler. Ýorunja ýerlerimizi söküşdirdik. 2. Uzak ýollary geçmek. Uzak ýoly söküşdirip, ahyry daglyga ýetdik. SÖKÜŞMEK [sökuşmök], işl. 1. Sökmäge kömek etmek. 2. Bilelikde sökmek. Maşyn söküşmek. SÖLITE [sölüýtö], syp. Iş oňarmaýan, başarnyksyz, gowşak (adam). Sölite hatyndan, betlagam ärden, Eýesine yssy haýwan ýagşydyr (Zelili). SÖLITELIK [sölüýtölük], at. Sölitäniň ýagdaýy, sölite bolmaklyk. SÖLITERÄK [sölüýtörä:k], syp. Az-kem sölite. SÖLPI [sölpü], syp. Sölpüldäp ýören, özüni oňarmaýan, nalajedeýin. SÖLP-SÖLP [sölp-sölp], s.ş.aňl.söz. Sölpüldäp ýörelende emele gelýän şekil. SÖLPÜRÄK [sölpürä:k], syp. Azda-kände sölpi. SÖLPÜLDEME [sölpüllömö], iş ady. Sölpüldemek ýagdaýy. SÖLPÜLDEMEK [sölpüllömök], işl. 1. Bedeniňi gataltman gowşak ýöremek, sölp-sölp edip ýöremek. 2. göç.m. Belli bir işiň başyny tutman, bikär gezmek. Bäş-alty günden sölpüldäp, yzyňa gelersiň. SÖLPÜLDEMEKLIK [sölpüllömöklük], iş ady. Sölpüldemek ýagdaýy. |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling