Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


SOWAŞMAK [sowoşmok], işl. 1


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet479/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   475   476   477   478   479   480   481   482   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

SOWAŞMAK [sowoşmok], işl. 1. Kem-kemden 
sowamak, sowap başlamak. Azat sowaşan çaýyny bir 
bada başyna çekdi (G. Kulyýew). 2göç.m. Bir zada 
bolan höwesiň gaçyp başlamak, yhlassyz bolup 
başlamak. Ol bu işden eýýäm sowaşyp gidipdi. 3
göç.m. Birneme ynjalmak, gaharyň gaçmak, 
rahatlanmak. Aýgülüň gyjydyndan ýaňyjyk sowaşan 
Nurjahany ejesiniň hüjümi has-da basmarlady (B. 
Kerbabaýew). 
SOWAŞYK [sowoşuk], syp. Biri-birine gabat däl, 
gabatma-gabat, ugurma-ugur bolmadyk, sowa. Ol 
penjireden biraz sowaşyk ýere geçip oturdy. 
◊ Ýoluň sowaşyk düşmek ýolda-yzda biri-biriňe
gabat gelmezlik. 
SOWAT [sowot] I, at. Okalyp alynýan bilim, 
okuw, ýazyp-okap bilmeklik. Altyn gowy gyz, emma 
sowady azrak (A. Durdyýew).
Sowadyny çykmak okap, ýazyp bilmegi 
öwrenmek. 
SOWAT [sowot] IIat. Şäht, keýp. 
Sowady açylmak şähdi açylmak, keýpi 
kökelmek. Ol sowady açylyp, gyzykly gürrüňler edip 
ugrady. 
SOWATDYRMAK [sowotdurmok], işl. Sowuk 
hala getirtmek. 
SOWATLY [sowotly], syp. Ýazmagy we 
okamagy öwrenen, ýazyp, okap bilýän, bilimli.
SOWATLYLYK [sowotluluk], at. Hatly-sowatly 
bolmaklyk, sowady barlyk, sowatsyz dällik, ýazyp, 
okap bilmeklik. 
SOWATMAK [sowotmok], işl. 1. Gyzgyn zady 
sowuk etmek, gyzgynlyk derejesini aşaklatmak. 
Diýdi: – bagt toýy gutlanýan mahal, Sowatmaň 
nahary, käseler galsyn (R. Seýidow).  
Eliňi işden sowatmak işlemek höwesiňi 
gaçyrmak(El: eliňi işden sowamak). Şeýle 
ýagdaýdaka Watanyň – Iliň, Niçik bor sowatsaň 
işiňden eliň? (A. Kekilow).
SOWATSYZ [sowossuz], syp. Okap, ýazyp 
bilmeýän, hat-sowady bolmadyk, bilimsiz. Annaguly 
ýaly sowatsyzlary sowatly etmäge jan edýärdiler (A. 
Durdyýew).
SOWATSYZLYK [sowossuzluk], at. Ýazyp-
okap bilmezlik, hat-sowady ýokluk, hatly-sowatly 
dällik. Özüniň sowatsyzlygyny ýok etmek üçin okaýar 
(A. Durdyýew). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   475   476   477   478   479   480   481   482   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling