Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


SOWAÝYŞ [sowoýuş], iş ady. Sowamak  ýagdaýy.  SOWDURMAK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet480/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   476   477   478   479   480   481   482   483   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

SOWAÝYŞ [sowoýuş], iş ady. Sowamak 
ýagdaýy. 
SOWDURMAK [sowdurmok], işl. 1. Bir zady 
harçlatmak, harçladyp gutarmak. 2. Ugruny-ýoluny 
üýtgetdirmek. 
SOWGA [sowğo]: sowga almak garşylamak, 
öňünden çykmak. Geldi Ýusup, Ahmet – iki 
gardaşym, Sowga alyň, gyzlar, agam geledir (

Ýusup 
– Ahmet

). 
SOWGAT [sowğot], at. Birine sylag-hormat üçin 
ýakyn-uzak ýerden getirilip berilýän zatpeşgeş. 
SOWGATLYK [sowğotluk], syp. Sowgat üçin 
niýetlenen. Sowgatlyk harytlar. 
SOWGUÇ [sowğuç], at, fiz. Bir güýji başga 
tarapa sowýan, başga ugra öwürýän. Ýyldyrym 
sowguçlary uly öýlerde gurýarlar. 
SOWGUT [sowğut] I,at, ser. Sowalga I, II 2
Beýle sowguda, harajada zat çydarmy? (

Görogly

). 
SOWGUT [sowğut] II, at. Ene ýapdan bir 
gapdala bölünip aýrylýan, bölünip gidýän ýap. 
Sowgudyň suwy pesdi. 
SOWHOZ [savho:z], at, taryh. TSSR-de iri 
döwlet oba hojalyk kärhanasy.
SOWLUŞMAK [sowluşmok], işl. 1. Sowulmaga 
golaýlaşmak, tamam bolup barmak (iş, waka we ş.m. 
hakynda). Olar gelende toý sowluşypdy. 2. Öňünden 
aýrylyşyp ýol bermek, iki tarapa çekilişmek. 
SOWMA [sowmo] Iiş ady. Sowmak ýagdaýy. 
SOWMA [sowmo] II, at. Sil suwuny belli bir 
ugra gönükdirmek üçin çekilýän ýap. 
SOWMAK [sowmok], işl. 1. Sürýän ulagyňy 
başga tarapa öwürmek, barýan ugruňy üýtgetmek.
Maşyny çepe sowdy. 2. Puly harçlap gutarmak. 
Düşenje pullary sowdum. 3. Guralýan çäräni, toýy, 
sadakany we ş.m. geçirmek, geçirip bolmak, geçirip 
dynmak. Toýy gowy sowduňyzmy?  
SOWMAKLYK [sowmokluk], iş ady. Sowmak 
ýagdaýy. 
SOWMAZLYK [sowmozluk], iş ady. Sowmak 
işini, hereketini etmezlik. Maşynyny sowman, göni 
gitdi. Pullary sowman sakladym. Entek toýy 
sowamok.
SOWRUBERMEK [sowruvermek], işl. Sowrup 
ugramak; sowurmak işini dowam etdirmek.
Harmany elime çarşak alyp sowruberdim. Eliňe 
düşen puly ýerliksiz sowrubermek bolarmy? 
SOWRULMAK [sowrulmok], işl. 1. Ýele berlip 
hapasy aýrylmak. 2. göç.m. Biderek sowulmak, 
bisarpa tutulmak, tygşytsyz harçlanmak
SOWRUŞ,iş ady. Sowurmak ýagdaýy. 
SOWRUŞDYRMAK 
[sowruşdurmok], 
işl. 
Hemmesini sowrup çykmak. 
SOWRUŞMAK [sowruşmok], işl. 1. Sowurmaga 
kömek etmek. 2. Bilelikde sowurmak. Ikisi iki ýerden 
bugdaýyň jaryny sowruşyp durdylar. 
SOWSANY [sowsony], at, dokm. Erşi başaşa 
gyzyl we gara sapak bilen ýüwürdilýän, argajy iki 
gyzyl we iki gara sapagy gezekleşdirip kakma arkaly 
dokalýan köýneklik mata. 
SOWUBERMEK [sowuvermek], işl. Sowup 
ugramak, sowmagy dowam etdirmek, dowamly 


277 
sowmak. Pullary gerek wagty sowuber. Maşyn 
süreňde öňüňden çarkandak çyksa, ýoluň tekizräk 
ýerine sowuber 
SOWUK, syp. 1.at.Howanyň pes temperaturasy.
Sowukdan ýaňa titremek. 2. at.Pes temperaturaly 
howa. Sowukda işlemek. Sowuga çydamly adam. 3
syp. Pes ýa-da ortaça pes gyzgynlykdaky. Sowuk çaý. 
Sowuk suw. Sowuk çorba. 4. syp., göç.m. Parhsyz, 
perwaýsyz, mähirsiz, yhlassyz. Ol bagşy bilen sowuk 
salamlaşdy (

Edebiýat we sungat

). Sowuk garaýyş
Sowuga daňlyp durmak sowukda üşäp 
durmak. Näme, sowuga daňlyp dursuň, öýe girseň 
bolmaýarmy? Sowuk urmak 1) howanyň gaty 
sowamagy sebäpli ösümlikleriň, ekinleriň ösüşi 
kesilmek. Ýapraklary sowuk urupdyr. 2) üşäp 
dümewlemek, nähoşlamak, sowuklamak. Ony sowuk 
urupdy. 
Sowuk uruş 
döwletler arasyndaky 
ikitaraplaýyn duşmançylykly, barlyşyksyz syýasat. 
Sowuk ýarag garpyşma söweşlerde ulanylýan 
kesýän, çapýan, sünjülýän ýarag. Sowuk dem almak 
hasrat çekmek. Sowuk uran palaç ýaly ysgynsyz, 
sagdynlygy giden. 
SOWUKGANLY [sowukga:nly], syp. Giň 
göwrümli, parasatly, gyssanmaýan, howlukmaýan. 
Sowukganly bolup, ýüregiňi ýerinde saklamak gerek 
(

Görogly

). 
SOWUKGANLYLYK [sowukga:nlylyk], at. Giň 
göwrümlilik, parasatlylyk. 
SOWUKLAMA [sowuklomo], 1. iş ady. 
Sowuklamak ýagdaýy. 2at. Sowuk degmegi sebäpli 
ýüze çykýan näsaglama ýoňy. Lukman oňa 
sowuklamaň dermanyny berdi. 
SOWUKLAMAK [sowuklomok], işl. Sowuk 
degip näsaglamak, nähoşlamak. Bir sagat daşarda 
oturyp, mazalyja sowuklapdyryn. 
SOWUKLAMAKLYK [sowuklomokluk], iş ady. 
Sowuklamak ýagdaýy.
SOWUKLAMAZLYK [sowuklomozluk], iş ady. 
Sowuk urmagy sebäpli näsaglamazlyk.
SOWUKLATMAK 
[sowuklotmok], 
işl. 
Sowuklap 
näsaglamak 
derejesine 
ýetirmek, 
sowuklamagyna ýol bermek. Habardar bol, suw ýaly 
çagany sowukladarsyň. 
SOWUKLAÝYŞ 
[sowukloýus], 
iş 
ady. 
Sowuklamak ýagdaýy.
SOWUKLYK [sowukluk], at. 1. Sowuk howa, 
sowuk bolmaklyk (ser. Sowuk 1). Howanyň 
sowuklygy meýdan işlerinde işleýänlere her hili 
kynçylyklar döredýärdi. 2. göç.m. Perwaýsyzlyk, 
parhsyzlyk, mähirsizlik, yhlassyzlyk. Onuň sowuklyk 
bilen ýylgyryşy myhmana ýaramady.3. göç.m. 
Adamlar arasyna düşýän öýke-kine, göwün galma. 
Ara az-kem sowuklyk düşdi, Ondan soň köp wagt 
geçdi (Ç. Aşyrow). 
Sowuklyk etmek bolmalysyndan birneme 
sowuk bolmak. Ýenjilýän demir birneme sowuklyk 
edýärdi
SOWUK-SALA 
[sowuk-sala:], 
syp. 
Gyzyklanman, perwaýsyz, parhsyz. Işe sowuk-sala 
çemeleşmek bolmaz.
SOWUK-SALALYK 
[sowuk-sala:lyk], 
at. 
Sowuk-sala 
halda 
bolmaklyk, 
perwaýsyzlyk, 
parhsyzlyk.
SOWULMAK [sowulmok], işl.1. Sürulýän ulag 
başga tarapa öwrülmek, barylýan ugur üýtgedilmek.
Maşyn saga sowuldy.2. Pullar harçlanyp gutarylmak. 
Pullaryň hemmesi sowlupdyr. 3. Guralýan çäre, toý, 
sadaka we ş.m. geçirilmek, geçirilip dynylmak. Toý 
sowuldy. 
Howul bela, howul bela! Üstümizden sowul, 
bela! köplenç, gara tüweleý gelende aýallar 
tarapyndan aýdylýan aňlatma.
SOWULMAZLYK [sowulmozluk], iş ady. 
Ýoluňy-ugruňy üýtgetmezlik. Şu ýol bilen hiç tarapa 
sowulman gidiber. 
SOWUNMAK [sowunmok], işl. Özüň üçin 
sowmak, özüňe harçlamak. 
SOWURGYN [sowurğun], at. Güýçli aýazly 
şemal, ýel, syrgyn. Köwsarlap urýan sowurgyn 
ussanyň ýüzüni ýalaýardy (B. Kerbabaýew). 
SOWUP-SOWURTLAMAK 
[sowup-
sowurtlomok], işl., gepl.d. Biderek sowmak. Kakaň 
gazanan pullaryny sowup-sowurtlap ýörme!  
SOWURMA [sowurmo], iş ady. Sowurmak 
ýagdaýy. 
SOWURMAK [sowurmok], işl.1. Ýeliň ygyna 
berip hapadan arassalamak (galla we ş. m. hakynda). 
Bugdaý sowurmak. 2. Ownuk, külke zatlary ýaýraň 
halda sepmek. Bir gysym gum alyp, onuň üstüne 
sowurdy. 3. göç.m. Puly dereksiz sowmak, biderek 
harçlamak. Gazanjyňy saga-sola sowurmak. 
SOWURMAKLYK [sowurmokluk], iş ady. 
Sowurmak işi. 
SOWURMAZLYK [sowurmozluk], iş ady.
Sowurmak işini amal etmezlik. 
SOWURTMAK [sowurtmok], işl. Sowurmak 
işini başga birine etdirmek; sowurmagyna ýol 
bermek. Pullaryňy saga-sola sowurdyp ýörme-de, 
gowusy, ogluňa haý diýäý. 
SOWUŞ, iş ady. Sowmak ýagdaýy. 
SOWUŞMAK [sowuşmok], işl. 1. Sowmaga 
kömek etmek. Pulumy sowuşmaga kömekçi gerek 
däl, pul bolsa, özüm bir zat ederin. 2. Bilelikde 
sowmak (sowmak işliginden soň ýörmek işligi 
getirilip ulanylýar). Sowuşyp ýörmek.
SOWUT, at, kön.s.Uruşda sowuk ýaragdan 
goranmak üçin geýilýän demir tor köýnek. Ine, altyn 
ýakaly sowut, galkan, şemşer, aýpalta, tylla desseli 
gazma we başga şuňa meňzeş ýaraglar (

Görogly

). 
Batyr bolan geýer sowut (

Şasenem – Garyp

). 
SOWUTGYÇ [sowutguç], at. Azyk önümlerini 
sowatmak, doňdurmak, zaýalaman saklamak üçin 
tehniki enjam.
SOÝ, at, kön.s.1. Asyl, özen. Ol Aýşa, Fatma 
soýydyr. (

Kitaby dedem Gorkut

). 2. Urug, tire. Her 
kimiň öz öýi, öz soýy (Nakyl). 
SOÝDURMAK [soýdurmok], işl. 1. Gabygyny 
aýyrtmak. Agajyň gabygyny soýdurmak. 2.Teniňi, 
bedeniňi sypjyrtmak, ýaralatmak. Gazyga büdräp, 


278 
dyzyny soýdurdy. 3. Mal öldürtmek. 4göç.m. Aldap, 
talap biriniň zadyny aldyrtmak, talatmak. 
SOÝKA [soýko], at, gepl.d. Geýilýän egin-eşik. 
Ol köne soýkasyny çykardy. 
SOÝMA [soýmo], iş ady. Soýmak ýagdaýy. 
SOÝMAK [soýmok], işl. 1. Daşynyň derisini, 
gabygyny aýyrmak. Deri soýmak.2.Bedeniň, teniň 
bir ýerini sypjyrmak, ýaralamak, hamynyň bir bölek 
ýerini goparmak. 3. Mal öldürmek. Goýun soýmak. 
4. göç.m. Talap, aldap biriniň ýanyndaky puluny, 
gymmatly zatlaryny almak. 
SOÝMAKLYK [soýmokluk], iş ady. Soýmak 
ýagdaýy. 
SOÝMAZLYK [soýmozluk], iş ady. Soýmak 
işini ýerine ýetirmezlik. 
SOÝNAK [soýnok], at. Esasan, eňsiniň 
gyrasyna, hala, el işlerine salynýan, garşylyklaýyn 
goýulýan iki sany 

T

harpyna meňzeş nagyş. 
Gyzlykda gyýak bilmedik eňside soýnak bilmez 
(Nakyl). 
SOÝUBERMEK [soýuvermek], işl. Soýup 
başlamak. 
SOÝUK, syp. Daşy, gabygy soýlup aýrylan, 
soýlan. Gabygy soýuk taýak. 
SOÝUK-SOÝUKsyp. Köp ýeriniň hamy bölek-
bölek soýlan. Güne ýanan ýüzi soýuk-soýukdy

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   476   477   478   479   480   481   482   483   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling