Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


SORAGLY [so:roğly], syp. Soragy, şübhesi bar  bolan. Ol soragly garaýyş bilen seretdi.  SORAGNAMA


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet478/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   474   475   476   477   478   479   480   481   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

SORAGLY [so:roğly], syp. Soragy, şübhesi bar 
bolan. Ol soragly garaýyş bilen seretdi. 
SORAGNAMA [so:roğna:ma], at. Ýüzüne 
soraglar ýazylan kagyz.
SORAGSYZ [so:roğsuz], syp. 1. Soragy ýok, 
sorag edilmeýän, jogap soralmaýan, anygyna 
ýetilmeýän. Ýaşuly: 

Elimden gelýär diýip, edeniňi 
edibermeli däldir, hudaýyň ýanynda soragsyz zat 
ýokdur

 diýdi
SORAGSYZ-IDEGSIZ 
[so:roğsuz-i:değsiz], 
syp. Soraman-idemän. Bular ýaly zatlary soragsyz-
idegsiz goýup bolmaz.
SORALMAK [so:rolmok], işl. 1. Bir zady 
bilmek, anyklamak üçin sorag berilmek. Dogry, 
menden soralanda, men hem siziň pikiriňizi 
gaýtaladym (B. Kerbabaýew). 2. Bir zat haýyş 
edilmek. Ýagmyr agadan rugsat sorap, Tarhanyň 
yzyna düşdi (G. Kulyýew). 3. Satlyga çykarylan mal, 
haryt belli bir nyrhdan dilenmek. Sygryň soralýan 
ýeri öňki çen-çakymdan pesräk ýaly
SORAMA [so:romo], iş ady. Soramak ýagdaýy.
SORAMAK [so:romok], işl. 1. Bir zady bilmek, 
anyklamak üçin sowal bermek, sorag bilen ýüz 
tutmak. Bilmeýän zadyňy bilýän adamdan soramak 
gerek2. Bir zady haýyş etmek . Rugsat soramak.3
Hökümini ýöretmek, agalyk etmek. Ýurdy sorap 
oturmak. 4. Satlyga çykarylan maly, zady dilemek. 
Ol maşynyňy näçä sorady.
SORAMAKLYK 
[so:romokluk], 
iş 
ady. 
Soramak ýagdaýy. 
SORAMAZLYK [so:romozluk], iş ady. 1. Sorag 
bermezlik. 2. Haýyş etmezlik. 3. Belli bir nyrhdan 
dilemezlik. 
SORANJAŇ [so:ronjoň], syp. Sorag beregen, 
köp soraýan. Oba adamlary soranjaň bolýar (N. 
Saryhanow).
SORANJAŇLYK [so:ronjoňluk], at. Sorap köp 
zady biljek bolmaklyk. Soňra ol: 

Aý, soranjaňlyk 
hem bir gowy zat däl-de

diýip oýlandy (Ö. 
Abdyllaýew).
SORAP-IDEMEK 
[so:ra:v-i:demek], 
işl. 
Soraşdyryp aňtamak, gözlemek. Sorap-idäp, ahyry 
anygyna ýetdim. 
SORAŞDYRMAK [so:roşdurmok], işl. Bir zady 
birnäçe adamdan sorap çykmak ýa-da köp zat 
soramak. Ol demini dürsänden soň, gören-eşiden 
zatlarymy 
ýaňadandan 
soraşdyrdy 
(Ý. 
Mämmediýew). 
SORAŞMAK [so:roşmok], işl. 1. Birnäçe bolup, 
bilelikde soramak (soramak sözüniň 1-nji, 2-nji, 3-
nji, 4-nji manylary boýunça). Biz onuň durmuşy, iş 
ýagdaýy hakda soraşdyk. Hyrydarlar maşyny 
pylança soraşyp durdy. 2. Biri-birinden saglyk-
amanlyk soramak. Iki ýaşulynyň biri beýlekisine 
salam berdi. Salam berlen onuň salamyny alandan 
soň: 

Soraşyň!

diýdi. Salam beren: 

Sizdendir

 
diýip, onuň ýüzüne seretdi. Şeýlelik bilen olar kimiň 
ýaşynyň uludygyny, kimiňkiň kiçidigini anyklamaga 
girişdiler. 
SORATMAK [so:rotmok], işl. Bir zady bilmek
anyklamak üçin sowal berdirmek.
SORAÝYŞ [so:roýuş], iş ady. Soramak ýagdaýy. 
SORDURMAK [so:rdurmok], işl. 1. Dem arkaly 
içine çekdirmek. 2. Süýdi sormak arkaly aldyrmak. 
Çaga emzikden süýt sordurmak. 3. Suwuny sorujy 
nasos arkaly aýyrtmak. Howzuň suwuny sordurmak.  


275 
SORGUÇ [so:rğuç], at. Syýany özüne siňdirýän 
kagyz; basgyç. Ýazyp oturan hatyna daman syýany 
sorguç bilen sordurdy. 
SORK-SORK, s.ş.aňl.söz. Çyban ýaly çykuwly 
ýara, diş we ş.m. sorkuldap gaty agyranda yzly-yzyna 
syzylýan, duýulýan azar, agyry.  
Sork-sork etmek ser. Sorkuldamak. Çyban 
sork-sork edip agyrýardy. 
SORKULDABERMEK [sorkulla:vermek], işl. 
Sorkuldap agyryp başlamak, yzygiderli sorkuldamak. 
Onuň kellesi birden sorkuldaberdi. 
SORKULDAMA 
[sorkullomo], 
iş 
ady. 
Sorkuldamak ýagdaýy. 
SORKULDAMAK [sorkullomok], işl. 1. Sork-
sork edip agyrmak (ýara, kelle hakynda). 2. gepl.d. 
Hüňürdäp oturmak. 
SORKULDAMAKLYK [sorkullomokluk], iş 
ady. Sorkuldamak ýagdaýy. 
SORKULDAŞMAK 
[sorkulloşmok], 
işl. 
Sorkuldyly agyrmak, sork-sork edip agyrmak 
(birnäçe ýara hakynda). Ýaralarym sorkuldaşyp 
agyrýar. 
SORKULDAÝYŞ 
[sorkulloýuş], 
iş 
ady. 
Sorkuldamak ýagdaýy. 
SORKULDY [sorkully], at. Yzaly ýiti agyry 
(ýara, baş we ş.m. hakynda). Ýaramyň sorkuldysy 
ýüregime düşdi. 
SORMA [so:rmo], iş ady. Sormak ýagdaýy. 
SORMAK [so:rmok] I, işl. 1. Dem alyp, içiňe 
çekmek. Bir-iki ýola işdämenlik bilen sordy-da, 
tüssesini bir gapdala üfledi (

Edebiýat we sungat

). 
2. Dodaklary bilen emzigi gysyşdyryp içine çekmek 
(emýän çaga hakynda). 3. Çekip özüne siňdirmek. 
Suwuň kömegi bilen toprakdan azot, fosfor, kaliý hem 
başgalary sorup alýar (A. Gowşudow). 
SORMAK [so:rmok] I, işl., ser. Soramak
Aryflar bar, başa baglap keçeler, Içgin-içgin sorsaň, 
many seçeler (Magtymguly). 
SORMAKLYK [so:rmokluk], iş ady. Sormak 
ýagdaýy. 
SORMAZLYK [so:rmozluk], iş ady. Dem alyp, 
içine çekmezlik. 
SORTDURMA [sortdurmo], iş ady. Sortdurmak 
ýagdaýy. 
SORTat1.Bir zadyň hiliniň derejesini görkeziji. 
Almanyň birinji sorty. 2. Miweleriň, gök we bakja 
önümleriniň görnüşi. Gawunyň waharman sorty. 
SORTDURMAK [sortdurmok], işl. Gaharly ýa-
da öýkeli görnüşde ýüzüňi sallamak, nägile görnüşde 
bolmak. Ol gyzynyň ýüzüni sortduryp duranlygyny 
görüp, ...gaşlaryny gerdi (G. Kulyýew).
SORTDURMAKLYK [sortdurmokluk], iş ady. 
Sortdurmak ýagdaýy. 
SORTDURYBERMEK [sortduruvermek], işl. 
Öýkeli ýa-da nägile halda ýüzüňi sallap oturybermek. 
SORTDURYLMAK [sortdurulmok], işl. Ýüzüňi 
sortduryp durmak, oturmak. Näme beýle sortdurylyp 
dursuň? 
SORTDURYŞ [sortduruş], iş ady. Sortdurmak 
ýagdaýy. 
SORTDURYŞMAK [sortduruşmok], işl. Birnäçe 
bolup sortdurmak. Ýüzüňizi sortduryşyp oturmaň.
SORTLAMAK [sortlomok], işl. 1. Bir zady 
hiline görä toparlara bölmek. Pomidorlary sortlap, 
gapyrjaklara salmak. 2. Saýlamak. Ol tapanyny 
iýýänlerden däldir, her bir zady sortlap iýýändir.  
SORTMA [sortmo], at. Goýnuň bir duran 
ýerinden gymyldaman, biri-birine ýakynrak durmagy 
bilen ýüze çykýan kesel. 
SORUBERMEK [so:ruvermek], işl. Bir zady 
içiňe, demiňe dartyp başlamak. 
SORUJY [so:rujy], at. Howa arkaly sorup alyjy, 
demine çekiji. Balyk sorujy turbany çalşyrmaklygy 
makul bildiler (Ş. Borjakow). 
SORULMAK [so:rulmok], işl. Bir zat demiňe 
çekilmek, demiňe dartylmak. Ol ýer astyndan sorulyp 
alynýan suwdan emele gelýär (B. Kerbabaýew). 
SORUŞ [so:ruş], iş ady. Sormak ýagdaýy. 
SORUŞMAK [so:ruşmok], işl. Bilelikde sormak. 
SOSIAL [sosiýa:l], syp. Jemgyýetçilik; durmuşda 
we 
jemgyýetde 
adam 
gatnaşyklary 
bilen 
baglanyşykly. Haýsydyr bir sosial, syýasy ýa-da 
ykdysady meseläni bir gezekde we hemişelik çözmek 
synanyşyklary 
diňe 
bulam-bujarlyga 
hem-de 
durnuksyzlyga 
getirýär 
(Gurbanguly 
Berdimuhamedow, Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, 
halky söýmek bagtdyr). 
SOSIOLOG [sosiýo:log], at. Sosiologiýadan 
hünärmen. 
SOSIOLOGIÝA [sosiýo:logiýa], at. Jemgyýetiň 
tutuşlugyna we aýry-aýry sosial ulgamlaryny düzýän 
taraplarynyň 
ösüşiniň 
we 
hereket 
edişiniň 
kanunalaýyklyklary hakyndaky ylym.
SOWA [sowo], hal. Göni üstünden däl, 
gapdalyndan, golaýyndan, sowaşyk. Ok sowa 
geçmek. Ýolumyz sowa düşensoň, habaryňy oňa 
ýetirip bilmedim. 
SOWABERMEK [sowa:vermek], işl. Sowap 
başlamak, sowap ugramak. 
SOWADYJY [sowodujy], at. 1. Ululy-kiçili 
sowadyjy enjam 2. Tiz zaýalanýan önümleri sowuk 
ýerde saklamak üçin desga. 3. Tiz zaýalanýan 
önümleri 
daşamak 
üçin 
sowadyjy 
enjamly 
awtomobil, beýleki ulag serişdeleri.
SOWAJAN [sowojon], syp. Puly köp sowýan, 
köp harçlaýan, sowagan. Ol gaty sowajan, elinde pul 
duranok. 
SOWAL [sowa:l], at, ser. Sorag.
SOWALGA [sowolğo] Iat. Sowmak, harçlamak 
üçin pul, sowgut. 
SOWALGA [sowolğo] IIat. 1Haýsy hem bolsa 
uly ýoldan bir tarapa sowlup gidýän ýol. Ýol bilen 
gelýän maşyn sowalga sowuldy. 2. Möhreden 3-4 m 
ýokarda mesenäniň suw sowgudy (degirmende). 
SOWALGA [sowolğo] III,at. Esasy meseleden 
sowulmak üçin delil, bahana. Ol nähili-de bolsa bir 
sowalga 
tapyp, 
ejesini 
köşeşdirmelidi 
(B. 
Kerbabaýew).  
SOWAL-JOGAP [sowa:l-joğa:p], at. Garşylykly 
berilýän sorag we alynýan jogap. Şol sowal-jogapdan 


276 
soň, göwne gelmez bir ýagdaý ýüze çykdy (B. 
Kerbabaýew). 
SOWAMA [sowomo], iş ady. Sowamak ýagdaýy. 
SOWAMAK [sowomok], işl. 1. Sowuk düşüp 
başlamak, howanyň gyzgynlyk derejesi aşak düşmek. 
Noýabr aýynyň girmegi bilen howa hem birden gaty 
sowap başlady (H. Ysmaýylow). 2. Bir zadyň
ýylylyk derejesi aşak düşmek. Çaý bireýýäm 
sowapdyr. 3göç.m. Bir zada bolan höwesiň gaçmak. 
4. Ara sowuklyk düşmek. Ärden gitse ygtybarlar, 
Sowar ondan dosty-ýarlar (Magtymguly). 
SOWAMAKLYK 
[sowomokluk], 
iş 
ady. 
Sowamak ýagdaýy. 
SOWAŇKYRLAMAK [sowoňkurlomok], işl. 
Bir zady sowup gutaryp barmak. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   474   475   476   477   478   479   480   481   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling