Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


SERTIFIKAT [sertifika:t], at. 1


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet459/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   455   456   457   458   459   460   461   462   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

SERTIFIKAT [sertifika:t], at. 1. Haýsydyr bir 
gymmat bahaly kagyzlara eýeçilik hukugyny 
tassyklaýan resminama (paýnamalar we ş.m.). 2. 
Ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan berilýän hem-
de harydyň hilini, agramyny, gelip çykyşyny we 
beýleki alamatlaryny tassyklaýan resminama. 3. Dürli 
ugurly gysga möhletli okuwlary tamamlaýan 
diňleýjilere berilýän şahadatnama. 
Hil sertifikaty harydyň hilini tassyklaýan
resminama. Ýaponiýaly myhmanlar Türkmenistanyň 
Prezidentini bu hormatly sylag bilen gutlap, türkmen 
Liderine Federasiýanyň prezidenti Sasagawa 
Takaşiniň goly bilen tassyklanan degişli sertifikaty we 
ýörite kimonony gowşurdylar (

Türkmen dünýäsi




263 
SERTIL [serti:l], syp. Özüniň egin-eşik geýşine 
örän ünsli garaýan, örän sypaýy, gelşikli geýinýän. Ol 
gaty sertil zenandy.  
SERTIP [serti:p], at, kön.s., harb. General-maýor. 
Zalym han olar bilen barlyşman, ölen-ýiten 
serbazlarynyň, serheňleriniň, sertipleriniň öjüni 
Seýdiden çykarjak bolup gazaba münüpdir (N. 
Pomma).
SERWER [serwör], at. 1. k.d. Baştutan, 
ýolbaşçy. Mahbuplar serweri yklym hanym sen, Täji 
tagtym, zernigärim, hoş indi (Şabende). 2. Düýä 
taýlanyp urlan ýüküň üstünden goýulýan, urulýan 
goşmaça ýük. Harwaryny göteren, serwerinem 
göterer (Nakyl). 
SERWI [serwü], at. Günorta ýurtlarda ösýän, 
hemişe gök öwsüp oturan syrdam agaç. Serwi daragt 
üstünde bilbiller saýraşanda, Periler baga girip
gözeller oýnaşanda... (Kemine). 
SES, at. 1. Yrgyldylaryň täsiri sebäpli döreýän we 
gulaga eşidilýän owaz. At aýagynyň sesi. 2. fiz. 
Howanyň ýa-da başga tebigy gurşawyň yrgyldyly 
hereketi. Sesiň tizligi. 3. sazç. Galmagaldan 
tapawutlanýan belli bir belentlikdäki äheň. Sazyň 
sesi. 4. dil b. Geplenende, gygyrylanda, aýdym 
aýdylanda gep agzalarynyň hereketi netijesinde 
emele gelýän owaz. Dymyk ses. Açyk ses. 5
göç.m.Saýlawlarda ýa-da bir mesele çözülende öz oý-
pikiriňi beýan edýän hukugyňy aňladyş. Çözüji ses. 
Köp ses almak. Deň ses almak. Az ses almak. 
Ses bermek 1) çagyrylanyňda öz bardygyňy, 
eşidýändigiňi sesli bildirmek, seslenmek. 2) 
geçirilýän saýlawlarda öz razylygyňy bildirip
raýatlyk hukugyňy berjaý etmek. Ses etmek ýas 
ýerinde sesli aglamak.  Sese goýmak ýygnakda we 
ş.m. ýerlerde meseläni köpçülige atyp, gol 
galdyrtmak, el galdyrtmak. Ses göwrümi saz 
guralynyň ýa-da aýdymçynýň iň pes sesinden has 
belent sesine çenli bolan aralygy aňladýan saz 
adalgasy, dýapazon. Sesine suw sepilen ýaly bolmak 
sessiz-üýnsüz dymmak, ümsüm bolmak, geplemesini 
bes etmek. Birden märekäniň sesine suw sepilen ýaly 
boldy (B. Soltannyýazow). Sesiňe bat bermek 
gaharly, haýbatly bolup geplemek, gürlemek. Sesiňi 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   455   456   457   458   459   460   461   462   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling