Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


SERKE, at. Iki-üç ýaşly biçilen teke. Serkäniň  boýnundaky jaňyň sesi eşidilýärdi.  SERKEÇ


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet455/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   451   452   453   454   455   456   457   458   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

SERKE, at. Iki-üç ýaşly biçilen teke. Serkäniň 
boýnundaky jaňyň sesi eşidilýärdi. 
SERKEÇ, at. Ýola çykylanda käse salmak we 
onuň döwülmezligi üçin gaýyşdan, keçeden we ş.m. 
ýörite tikilýän gap, guty. Teletinden tikilen başga 
birnäçe gapjagazlar, guty, serkeç ýaly zatlar 
guşagyndan asylgydy (A. Gowşudow).
SERKERDE, at. 1. Harby ýolbaşçy. Goşun 
bölüminiň serkerdesi. 2. Goşunda we flotda 
ýolbaşçylyk ediji düzümdäki adam (leýtenant, 
polkownik we başgalar).
SERKERDELIKat. Serkerdäniň käri, ýagdaýy.
SERMAGALLAK [sermağallak], hal. Başaşyr, 
kellesi aşaklygyna, ýokardan aşak. Kelekbaý sanaja 
bakan topuldy, ýüzüniň ugruna entäp, sanajyň 
üstaşyry sermagallak bolup gitdi (B. Kerbabaýew).
SERMEiş ady. Sermek ýagdaýy. 
SERMEK, işl. 1. Guratmak, çalykdyrmak üçin 
ýazyp, asyp goýmak, ýaýradyp goýmak. Üç ýüz 
ýigrimi tonna üzüm tabşyrdyk, indi galanyny hem 
kişmiş serýäris (A. Gowşudow). 2. göç.m. Öldürmek. 
Duşmanyň läşini sermek. 
SERMEKLIKiş ady. Sermek ýagdaýy. 
SERMELEMEiş ady. Sermelemek ýagdaýy. 
SERMELEMEK, işl. Görüp durmaýan zadyňy 
eliň bilen gaýta-gaýta sermäp tapjak bolmak. Azajyk 
arkaýynlanan Garly aýagynyň sydyrylan ýerini 
sermeleýärdi (A. Gowşudow).
SERMELEMEKLIK, iş ady. Sermelemek 
ýagdaýy. 
SERMELETMEK, işl. Bir zady birine eli bilen 
agtartmak, gözletmek, barlatmak. 
SERMELEÝIŞ, iş ady. Sermelemek ýagdaýy. 
SERMEME, iş ady. Sermemek ýagdaýy. 
SERMEMEK, işl. Bir zady tapjak bolup eliň 
bilen gözlemek, agtarmak. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   451   452   453   454   455   456   457   458   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling