SERGEZDANÇYLYK [serğezza:nçylyk], at,
ser. Sergezdanlyk.Seýilem bir seýil, sergezdançylyk
hem seýil (Nakyl).
SERGEZDANLYK
[serğezza:nlyk],
at.
Sergezdan halda bolmaklyk, sergezdanyň ýagdaýy.
SERGI [serği], at. Köpçülige görkezmek üçin
aýratyn jaýda, meýdanda jemlenip goýlan zatlaryň
toplumy we olaryň goýlan ýeriniň ady.
◊ Sergi bolup ýatmak dargap, pytrap ýatmak,
ýaýrap ýatmak. Sergi bolup ýatyr gulanyň eti, Tilki
bu boluşa şatlandy gaty (A. Salyh).
SERGIN [serğin], syp., ser. Açyk ýerden ösýän
salkyn howaly. Gündogar tarapdan alabaharyň
sergin şemaly öwüsýärdi (
Edebiýat we sungat
).
SERGINLEMEK [serğinlemek], işl. Sergin
howada salkynlamak.Tämiz howada serginläp
geldim.
SERGINLEŞMEK [serğinleşmek], işl. Ýuwaş-
ýuwaşdan sergin howa ösmek, salkynlaşmak.Bular
bir uklap oýanýançalar, howa serginleşip, bir
tarapdan ýuwaşraga-da şemal ösmäge başlapdyr
(
Türkmen halk ertekileri
).
SERGINLETMEK [serğinletmek], işl. Içeriniň
howasyny täzelemek, ýelejiretmek, şemallatmak.
Öýleriň äpişgedir işiklerini açyşdyryp, serginledip
goý!
SERGINLIK [serğinlik], at. Sergin ýagdaýda
bolmaklyk. Howanyň serginligi adamlaryň janyna
hoş ýakýardy.
SERGINRÄK [serğinirä:k], syp. Birneme sergin.
SERGÜZEŞT [serğüzöşt], at, k.d. Başdan
geçirilen waka. Melike sergüzeştin owwaldan ahyrga
çenli beýan kylyp bir söz diýdi (
Melike – Dilaram
).
SERHEŇ, at, taryh. Polkownik derejesi. Ol
zalym han olar bilen hiç barlyşman, ölen-ýiten
serbazlarynyň, serheňleriniň, sertipleriniň öjüni
Seýdiden çykarjak bolup gazaba münüpdir (N.
Pomma).
Do'stlaringiz bilan baham: |