Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet449/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   445   446   447   448   449   450   451   452   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

SEREDIBERMEK [seredivermek], işl. Seredip 
başlamak. 
SEREDILMEK, işl. 1. Bir zada ýa-da birine 
bakylmak, äňedilmek. 2. Gowy saklanmak, 
idedilmek. Bu goýunlara gowy seredilipdir. 3
Nämedir bir zada göz-gulak bolmak. 4. Bir zat 
barlanyp görülmek. Çap edilmeli makalalara gaýta-
gaýta seredildi. 5. Bir zat bejerilmek, düzedilmek, 
oňarylmak. Otlanmansoň motora täzeden seredildi. 
SEREDIŞ, iş ady. Seretmek ýagdaýy. Onuň 
gözüni aýyrman seredişini halamadym
SEREDIŞDIRMEK, işl. Bir zada seredip 
çykmak. Birdenkä-de bir hata bar ünsüni berip 
seredişdirdi-de, sesli okady (B. Kerbabaýew). 
Seredişdirip görse, Çalaja demi gelýär (A. 
Alamyşow). 
SEREDIŞMEK, işl. 1. Birnäçe bolup bilelikde 
seretmek. Ýoldaşlary oňa uzakdan ogrynça seredişip, 
hezil edişip gülüşýärler (Ö. Abdyllaýew). 2
Seretmäge 
kömekleşmek. 
Men 
hem 
elimiň 
ýetdiginden çagalara seredişerin. 
SERENJAM [serenja:m], at. Iň gerekli, zerur 
bolan enjam, gerekli zatlar, goş, şaý. Goşun 
serenjamyn, il serişdesin, Padyman ogluna bilmek 
ýaraşmaz (Magtymguly) 
◊ Serenjam bermek tertip-düzgüne salmak, ýerli-
ýerinde goýmak, tijemek. Öýüň içiniň serenjam 
berlişi tämiz hem düşünjesi bar bolan bir aýalyň 
sypatyny gözüň öňüne getirýärdi (A. Gowşudow).
SERENJAMÇY [serenja:mçy], at. Guramaçy; 
serediji, göz-gulak bolujy, baştutanlyk ediji.  
SERENJAMLAMAK [serenja:mlamak], işl. 1
Gerekli enjam, goş we ş.m. bilen üpjün etmek. 
Gerekli ýol goşlary bilen serenjamlap ýola saldylar. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   445   446   447   448   449   450   451   452   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling