Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Serenjam bermek, tertip-düzgüne salmak, ýerli- ýerinde goýmak.  SERENJAMLANMAK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet450/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   446   447   448   449   450   451   452   453   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

2. Serenjam bermek, tertip-düzgüne salmak, ýerli-
ýerinde goýmak. 
SERENJAMLANMAK [serenja:mlanmak], işl. 
Serenjam berilmek. Öý goşlary serenjamlanan gara 
öýüň ortasynda ot ýanýardy. 
SERENJAMLY [serenja:mly], syp. 1. Gerekli 
enjam, zat, goş bilen üpjün edilen. 2. Tertip-düzgüne 
salnan, serenjam berlen. Ol arassa serenjamly öýdi. 
SERENJI: serenji çybyk gulaç dokalanda, 
dokmanyň inini gerip saklamak üçin dört-dörtden eriş 
daňlan çybyk. 
SERENT I, at. Dokmada dartynyň öňüni açyp 
gidýän çybyk. 
SERENT II, at. El degirmenini aýlamak üçin, 
onuň ýokarky daşynyň bir gyrasyndaky deşige 
sokulýan, geýdirilýän uzyn agaç (onuň ýokary başyna 
berkidilen ýüp üç tarapa çekilip daňylýar ) Serent 
ýüpi. 
SEREŇŇAM [sereňňa:m], at. Balyk tutulýan 
esbaplary (tor, ak) serip guratmak üçin ýönekeý 
desga. 
SERESAP [seresa:p], 1. syp. Döremegi mümkin 
bolan howpy göz öňünde tutýan, ätiýaçly, ägä. 
Seresap adam. 2. hal. Usul bilen, emaý bilen, 
ýuwaşjadan. Çaga uklandyr, seresap üwre.
SERESAPLY [seresa:ply], hal. Seresaplylygy 
elden bermän, seresaplylyk bilen, örän ätiýaçly 
bolup. Şu inçe zatlara gaty seresaply ýapyşmak gerek 
(B. Seýtäkow).
SERESAPLYK 
[seresa:plyk], 
at. 
Örän 
ätiýaçlylyk, ägälik, eserdeňlik. Ol häli-şindi duşman 
leşgerine seresaplyk bilen seredýärdi (

Görogly

). 
SERESAPLYLYK [seresa:plylyk], at.Seresaply 
bolmaklyk. Güýçli gollar maşyny seresaplylyk bilen 
hereket etdirýärdi. 
SERESAPSYZ 
[seresa:psyz], 
syp. 
Seresaplylygyny ýitiren, seresapsyzlyk bilen, ätiýaçly 
bolman. Işe seresapsyz ýapyşsaň, bir bolgusyzlygyň 
üstünden barmagyň mümkin. 
SERESAPSYZLYK 
[seresa:psyzlyk], 
at. 
Seresapsyz bolmaklyk, seresaply dällik. Özümiň


260 
seresapsyzlygym bilen onuň göwnüne degmäýin (B. 
Pürliýew). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   446   447   448   449   450   451   452   453   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling