Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet462/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   458   459   460   461   462   463   464   465   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

SESSIZ-ÜÝNSÜZ, syp. 1. Sesini çykarman, 
geplemän. Sessiz-üýnsüz oturmak. 2.Ýuwaşlyk bilen, 
bildirmän. Ol sessiz-üýnsüz daş çykdy. 
SES-ÜÝNat. Ses, ses-seda, ses-seza, ses-sellem.  
Ses-üýnüni çykarmazlyk kelam agyz söz 
aýtmazlyk, hiç zat aýtmazlyk, diýmezlik. Hallygara 


264 
ses-üýnüni çykarman, birden turdy-da gidiberdi (S. 
Myradow).
SESÝETIM, at. Ses ýeter ýaly aralyk, uzak 
bolmadyk ýer. Indi geçelgä ýetmäge sesýetim ýol 
galdy (A. Gowşudow).
SET I, san, k.d. Ýüz. Leýlim gelip gitdi, ýel 
bolup ösüp, Bagrymny duzladym, set para kesip 
(

Leýli – Mejnun

). 
SET II, at, k.d. Adat, däp, dessur. Ýamandan 
ýagşy set bolmaz (Magtymguly). Sebäbi şol adat 
Ahalda resmi edilipdi, set bolupdy (A. Gowşudow).
SET III, at. Ýamanlyk, erbetlik. Ýagşydan at 
galar, ýamandan – set (Nakyl). Är-ärden görelde 
alar, Päli ýamandan set galar, Öýi meýlishana döner, 
Hatyn biygtyýar bolsa (Talyby). 
SETANDA-SEÝRANDA [seta:nna-seýra:nna], 
hal. Käwagt, käýarym, kämahal, negada bir. Myrat 
kel ýanyna setanda-seýranda iş üçin gelýän Berdi 
aganyň derrew habaryny almaga başlady (A. 
Durdyýew).  
SETIK: setik basmak çaga çigreklände ýa-da 
oňa suwly ýara çykanda, gözi gamçawlanda onuň 
depesine çilim ýaly düýrlenip, ujy otlanan gök mata 
bölegini basmak.
SETIN [seti:n], at. 1. Syk dokalan ýüzi ýylmanak 
nah mata. Bir top setin2. Setin matadan tikilen. Setin 
köýnek

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   458   459   460   461   462   463   464   465   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling